"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halal zähmetiň miwesi

Ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan hususyýetçiler hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyny toý sowgatlary bilen garşyladylar. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän «Mj1iwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bereketli güýzde ýetişdirilen boldumly hasyly ýygnap, halkymyzyň baýramçylyk saçagyna hödürledi. Paýdarlar jemgyýeti şu ýyl dag eteginde ekilen miweli baglardan ilkinji hasyly ýygnady. Häzirki günlerde bolsa hususyýetçi daýhanlar alma, armyt, hurma ýaly miweleriň bol hasylyny ýygnaýar.

Hususy pudak — milli ykdysadyýetiň daýanjy

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpgöter gowulandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ynsanperwer maksadyň üstünlikli amala aşyrylmagyna türkmen telekeçileri hem öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şu ýylyň geçen hasabat döwründe tutuş Balkan welaýaty boýunça öndürilen senagat önümleriniň ýaryna golaýynyň hususy eýeçilikdäki kärhanalar tarapyndan taýýarlanylyp, gazanylan ösüş depgininiň 142 göterimden gowrak bolandygy muny doly tassyklaýar. Şunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň golaýynda iş alyp barýan Gurluşyk garyndy materiallaryny we gipskartonyny öndürýän kärhanasynyň döwrüň ösen talaplaryna mynasyp işleri amal edýändigini aýratyn bellemek gerek. Kärhananyň hünärmenleri mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk ählihalk baýramyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşyladylar.

Bazar ykdysadyýetiniň hereketlendirijisi

Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda durmuşa geçirilýän çäreler türkmen işewürleriniň öňünde dürli ulgamlarda ýokary netijeleri gazanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýedi aýda oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň ösüş depgini 167,9 göterime, senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 109,2 göterime deň boldy. Bu görkezijiler şu ýylyň sekiz aýynda, degişlilikde, 168,6 we 114,8 göterimdir. Ilata edilýän hyzmatlaryň möçberi ep-esli ýokarlandy. Häzirki wagtda Diýarymyzyň işewür jemgyýetçiliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragynyň TSTB-niň agzasydygyny aýtmak gerek. Türkmenistanyň ilatynyň ýarysyndan gowragy hususy ulgamda işleýär.

ARMAWERI, «PEÝNIRÇI»!

Ýurdumyzda süýt önümlerini, aýratyn-da, peýnir önümlerini öndürýän kärhanalar barha artýar. Şolaryň biri-de, 1998-nji ýylda esaslandyrylan «Peýnirçi» hususy kärhanasydyr. Ýurdumyzda gazanylýan ykdysady ösüşlere hususy ulgamyň wekilleri hem mynasyp goşant goşýarlar. Ilatyň gündelik sarp edýän önümlerini ýokary hilde öndürip, Diýarymyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine saldamly goşant goşýan, azyk önümlerini öndürmeklige ýöriteleşen hususy kärhanalar hem üstünlikli iş alyp barýarlar. Bu ugurda Daşoguz welaýatynyň işewürleriniň alyp barýan işleri hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Peýnirçi» hususy kärhanasyna aýratyn orun degişli. Bu kärhana öndürýän ýokary hilli önümleri bilen halkyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolup gelýär. «Peýnirçi» hususy kärhanasy 1998-nji ýylda Gubadag etrabynda esaslandyryldy. Şu ýerde aýratyn bellemeli zat, ol hem bolsa adyndan belli bolşy ýaly, kärhana öz işini peýnir öndürmekden başlady. Bu ýerde öndürilýän peýnirler ilat arasynda aýratyn islegden peýdalanýar. Kärhanada peýniriň «Altyn», «Ýaýla», «Toý» ady bilen dürli görnüşleri, şeýle-de «Aşgabat» haryt nyşanly ergin peýnir öndürilýär. Bu önümler ýurdumyzyň dürli künjeklerine ugradylyp, uly isleg bilen satyn alynýar. 

«Aýbölek» mebel kärhanasy öz önümlerini daşary ýurda eksport edip başlady

Ýurdumyzda hususyýetçilige giň ýol açylmagy, telekeçiler üçin döwlet goldawlarynyň we ýeňillikleriň berilmegi netijesinde, türkmen işewürleri ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň ösdürilmegine önjeýli goşant goşýarlar. Şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, ýurdumyzyň ösüşine goşant goşýan hususy kärhanalaryň biri-de, «Aýbölek» mebel kärhanasydyr.  2000-nji ýylda telekeçi Meretmuhammet Täçmuhammedow tarapyndan esaslandyrylan kärhananyň täze önümçilik toplumy 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda bu toplumda agaç we demir mebelleri öndürýän bölümler, agaç we demir mebeller üçin niýetlenen aýry-aýry ammarlar, şeýle-de daşary ýurtlardan getirilen önümleri saklamak üçin ammar hereket edýär. Önümçilige niýetlenilen bölümler dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Kärhanada 150-den gowrak hünärmen zähmet çekip, olaryň netijeli işlemekleri, rahat dynç almaklary üçin ähli şertler döredilipdir. «Aýbölek» mebel kärhanasy häzirki wagtda dünýäniň 25-e golaý ugurdaş kompaniýalary bilen söwda aragatnaşygyny alyp barýar.

Telekeçilige — giň ýol!

Il-gün bähbitli tagallalar Ajap eýýamymyzyň beýleki ýyllarynda bolşy ýaly, Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda-da telekeçiligi ösdürmekde, hususyýetçilige döwlet tarapyndan goldaw berilmeginde uly işler amala aşyrylýar. Bu bolsa Garaşsyz döwletimizde haryt bolçulygynyň döredilmegine kuwwatly itergi berýär. Telekeçiligiň öndüriji güýç hökmünde geriminiň giňelmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine giň mümkinçilikler açylýar.

Döwrebap ymaratlaryň gurluşygynda

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Atalyk-gurluşyk» hususy kärhanasynyň guran binalary ýokary hilliligi, amatlylygy bilen tapawutlanyp, töwerege görk berýän döwrebap keşbi bilen ünsi çekýär. Kärhananyň Daşoguz şäheriniň köçeleriniň birnäçesiniň ugrunda guran ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasy muňa anyk mysal bolup biler. Häzirki wagtda olaryň ýaşaýjylarynyň müňlerçesi şol amatlyklaryň, eşretleriň hözirini görýär. Kärhana agzalan döwrüň dowamynda Daşoguz şäheriniň Şagadam, Baýdak, Daşoguz, Görogly we beýleki köçeleriniň ugrunda jemi 11 sany ýaşaýyş jaýlaryny gurup, ýaşaýjylaryň ygtyýaryna beripdir. Beýle diýildigi onuň 250-ä golaý maşgalany ähli amatlyklary bolan, täze öýler bilen üpjün edendigini aňladýar.

«Halk market» dükanlar torunyň söwda ykjam goşundysy hyzmatda

In­di «Halk mar­ket» dü­kan­lar to­ru­nyň is­len­dik dü­ka­nyn­dan on­laýn gör­nüş­de söw­da et­mek has amat­ly bol­dy. Mu­nuň üçin dü­kan­lar to­ru­nyň ady­bir yk­jam go­şun­dy­sy­ny «Play Mar­ket» in­ter­net dü­ka­nyn­dan ýük­läp, on­dan is­len­dik sarp ediş ha­ryt­la­ryňyzy sar­gyt edip bi­ler­si­ňiz. Yk­jam go­şun­dy sa­da in­ter­feý­si we düş­nük­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Onuň gur­lu­şy dü­ka­nyň web saý­ty bi­len bir­meň­zeş­dir. Go­şun­dy­nyň baş sa­hy­pa­syn­da «Ak­si­ýa­lar we ar­zan­la­dyş­lar», «Meş­hur ha­ryt­lar» we beý­le­ki kä­bir bö­lüm­çe­ler ýer­leş­di­ri­lip, ge­rek bo­lan is­len­dik za­dy ha­ryt gör­nü­şi­niň bö­lü­mi­ne gi­rip ta­pyp bol­ýar.

«Balam» konditer önümlerini öndürýän türkmen kärhanasy «WorldFood Moscow» halkara sergisine gatnaşdy

«Balam» konditer önümlerini öndürýän türkmen kärhanasy 20 — 23-nji sentýabrda Moskwa şäheriniň «Crocus Expo» halkara sergi merkezinde geçirilen «WorldFood Moscow» 31-nji güýzki halkara azyk önümleriniň sergisine gatnaşdy. Bu sergä şu ýyl 24 ýurtdan we Russiýanyň 54 sebitinden azyk önümlerini öndüriji we üpjün ediji kompaniýalaryň 700-den gowragy bardy.

«De­toxbox» türk­men kom­pa­ni­ýa­sy işe­wür­ler üçin biz­nes-lanç­la­ry el­tip ber­mek hyz­ma­ty­ny ýo­la goý­dy

Be­de­niň syr­dam­ly­ly­gy­ny sak­la­mak, el­bet­de, dogry iý­mit­len­mek bilen bag­ly bo­lup dur­ýar. Mu­nuň üçin bol­sa biz, il­ki bi­len, iý­mit­len­mek düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­me­li bol­ýa­rys. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­rin­de ýer­leş­ýän «De­toxbox» türk­men kär­ha­na­sy­nyň hü­när­men­le­ri ta­ra­pyn­dan iş­le­nip dü­zü­len dog­ry iý­mit­len­mek düz­gün­le­ri­niň me­ýil­na­ma­sy be­de­ni­ňi­ziň sag­dyn­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge hem-de ar­tyk­maç ag­ra­my­ňy­zy aýyr­ma­ga kö­mek eder. Bu me­ýil­na­ma gün­de 4 ge­zek az ka­lo­ri­ýa­ly, ar­tyk­maç ag­ra­my azalt­ma­ga ni­ýet­le­nen azyk önüm­le­ri­ni ka­bul et­me­kden yba­rat­dyr. Me­ýil­na­ma­nyň esa­sy mak­sa­dy — be­de­niň syr­dam­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak, çiş­le­riň öňü­ni al­mak we iş­dä­ni saz­la­mak bo­lup dur­ýar.

Tagamy datly, şekersiz sakgyçlara isleg artýar

Kon­di­ter önüm­le­ri­niň önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan «Al­tyn Ýu­nus» hu­su­sy kär­ha­na­sy öndürýän şekerli we şekersiz sakgyçlary-da diňe çagalaryň däl, ulularyňam islegli harytlarynyň hatarynda durýar. Habarçymyz paýtagtymyzyň käbir dükanlarynda bolup, iň geçginli sakgyçlar barada gyzyklananda, satyjylaryň aglabasy «Al­tyn Ýu­nus» hu­su­sy kär­ha­na­synyň öndürýän şekersiz sakgyçlaryna islegiň köplügi barada gürrüň beripdirler.

Ykdysady ösüşiň binýady

Telekeçilige giň ýol! Şäher bazarlarynyň birinde tötänden gabat gelen, üstünden eslije ýyl geçen şol wakam hususy pudagyň giň gerimli ösüşi, türkmen işewürleriniň gazanýan köptaraply üstünlikleri barada ýazmakçy bolan pursatlarymda köplenç ýadyma düşýär. Alyjy söwdagärden tertipleşdirilip goýlan harytlaryň bahalaryny soraýardy. Ilkibada ilgezik jogap beren ýaş ýigidiň birdenem sabyr käsesi dolaýdy öýdýän: «Aý, daýza jan, aljak zadyň nyrhyny sorasana!» diýip, gahar bilen jogap berdi. Bu sözlerden soň müşderi ýaş satyjynyň ýanyndan daşlaşmak bilen boldy. Muňa mähetdel gapdalda duran orta ýaşlaryndaky adam (megerem, harytlara dahylly bolsa gerek) ýaş ýigide igenmäge durdy: «Alyjylar bilen beýle gürleşseň, kim seniň ýanyňa geler?! Bir zadyň bahasyny on gezek sorasa-da, ýaltanman jogap ber. Indi şu hereketiňi gaýtalama». Satyjy ýigit sesini çykarmady.

Köpugurly kärhana

Milli ykdysadyýetde hususyýetçiligiň paýyny artdyrmak, telekeçiligi ählitaraplaýyn goldamak, hususy işewürligi ösdürmek boýunça giň mümkinçilikleri döretmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmen telekeçileri ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde oňyn tejribe topladylar. Öý hojalygynda, edara-kärhanalarda we beýleki jemgyýetçilik düzümlerinde peýdalanylýan mebel önümleriniň görnüşleriniň artýandygy, hiliniň ýokarlanýandygy muňa aýdyň mysaldyr. 1998-nji ýylda esaslandyrylan «Türkmen mebel» kärhanasy ýurdumyzyň beýleki hususy düzümleri bilen birlikde, ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ulanyşa berlen mebel toplumyndaky hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri döwrebap we ýokary hilli mebelleri bilen diňe bir içerki bazary üpjün etmän, eýsem, öz önümlerini daşary ýurtlara-da eksport etmäge ukyply. Bu işde «Türkmen mebel» kärhanasynyň hem mynasyp paýy bar. Önümçilik toplumy 4,5 gektar meýdany eýeleýär. Bu ýerde işler ýokary derejede guralan. Işiň köp bölegi awtomatlaşdyrylan görnüşde alnyp barylýar. Kärhanada zähmet çekýän hünärmenlerdir işçileriň aglaba böleginiň ýaşlardygy aýratyn bellenmäge mynasyp. Işgärleriň döredijilikli işlemekleri we dynç almaklary üçin ähli ş

Milli öwüşginli önümler

— Seret, meniň goştorbama! Çagalar bagyna gatnaýarkak öwrenen ertekimiz «Ejeke jan» bar-a, Baýmyrat diýen jigisi keýik owlagyna öwrülýär-ä?! Ana, şol ertekiniň suraty bar meniň goştorbamda. — Meniň goştorbamdaky surata-da seretsen-e! Şolam biziň çagalar bagynda öwrenen ertekimiz.

Azyk bolçulygyna goşant

Guşçulygy ösdürmekde hususy pudagyň wekilleri gowy netijeleri gazanýarlar. Olaryň hatarynda Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ýaşyl ýaz» hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumynyň işgärleri içerki bazarlary ýumurtga we guş eti bilen üpjün etmekde tutanýerlilik görkezýärler. Guşçulyk toplumynyň ýyllyk kuwwaty sekiz million ýumurtga we müň tonna guş etini öndürmäge niýetlenendir. Toplumda ýumurtga berýän, et üçin niýetlenen towuklar saklanýan hem-de inkubator bölümleri bolup, olaryň ählisi Türkiýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary hilli enjamlary bilen üpjün edilendir. Guşlary iýmitlendirmek, olaryň ketekleriniň ýylylyk derejesini kadaly ýagdaýda saklamak, inkubatorlarda broýler jüýjelerini çykarmak işleri şu enjamlaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýär we olar kompýuter ulgamy arkaly dolandyrylýar.

Hyrydarly mebeller

Hormatly Prezidentimiziň hususy ulgamy goldamagy, telekeçiler üçin döredýän giň mümkinçilikleri öz ajaýyp miwelerini berýär. Şeýle şertlerden göwünleri galkynýan türkmen telekeçileri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramyna toý sowgatlary bilen barýarlar. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşine mynasyp goşant goşýan hususy düzümleriň biri-de «Aýbölek» mebel kärhanasydyr. Ýokary hilli we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri bilen adygan kärhananyň Gazagystan Respublikasyna mekdep partalaryny eksport etmegi hususyýetçiler üçin nobatdaky uly üstünlik boldy.

«Gerçek» aýakgaplary — berk hem amatly

Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Aýhan Rejebowanyň ýolbaşçylygyndaky «Gerçek» hususy kärhanasynda hünärmenleriň 500-e golaýy zähmet çekýär. Olar Hytaý Halk Respublikasynyň we Türkiýäniň iň kämil enjamlaryna erk edip, dürli aýakgaplaryň 650-den gowrak görnüşini öndürýärler. Önümçilige ornaşdyrylan, dünýäniň öňdebaryjy aýakgap kärhanalarynda giňden ulanylýan enjamlaryň önümçilik kuwwaty ýylda jübüt aýakgaplaryň 20 milliona golaýyny öndürmäge niýetlenendir. Çig mal hökmünde emeli gönüň, dürli reňkli ýüplükleriň, poliuretanlaryň, poliwinil hloridiniň ulanylmagy aýakgaplaryň ekologik taýdan arassa, hil taýdan berk bolmagyna getirýär. Şeýle aýakgaplar rahatlyk hem ýakym berýär. Işewürligi çaga aýakgaplaryny öndürmekden başlan kärhananyň önümçiligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da giňemek bilen. Önümler milli nagyşlar bilen bezelip, dürli reňklerde taýýarlanylýar. Önümçiligiň ýene bir özboluşly aýratynlygy kärhanada birnäçe görnüşli mekdep torbalarynyň öndürilýänligidir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda bu kärhanada mekdep okuwçylary üçin torbalar, sport aýakgaplarynyň täze görnüşleri, çagalar üçin ýarymçepekler öndürilip başlandy. Täze önümler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň Söwda-senagat eda

Berk hem ykjam

Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly goşant goşýan telekeçilik ulgamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent sepgitlere eýe bolýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde, senagat pudagyny ösdürmekde telekeçileriň gazanýan netijeleri guwandyryjydyr. Şu ýylyň geçen ýedi aýynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgininiň 167,9 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgininiň 109,2 göterime deň bolmagy-da muňa aýdyň mysaldyr. Türkmen telekeçileri täze tilsimatlara daýanyp, olary önümçilige ykjam ornaşdyryp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutup bilýän önümçiligi işe girizýärler. Ýurdumyzda öndürilýän harytlary daşary ýurt bazarlaryna çykarmakda-da türkmen telekeçileri işeňňirlik görkezýärler. Oňa mysal edip, «Röwşen» hususy kärhanasyny görkezmek bolar.

«Ýeke damja» müňlerçäniň hyzmatynda

Saglyk — ýaşaýşyň möhüm ähmiýetli ölçegi hem görkezijisi. Gadymyýetde ýaşap geçen danalaryň belleýşi ýaly, saglyk — ynsan başynyň täji. Magtymguly atamyzyň: «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýşi ýaly, häzirki döwrüň dünýä belli lukmanlary-da keseli bejereniňden öňüni alanyň ýegdigini ýaňzydýarlar. Hut şoňa görä-de, Arkadagly Serdarymyzyň bimöçber aladalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürmek bilen bagly işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu babatda türkmen telekeçileriniň-de mynasyp goşant goşmagy kanunalaýyklykdyr. Biz hem şeýle telekeçileriň biri bolan Maral Ataýewanyň ýolbaşçylygynda Diýarymyzda hereket edýän «Ýeke damja» hususy kärhanasynda myhmançylykda bolduk. Kärhananyň ýolbaşçysy Maral ATAÝEWA söhbetdeşligimiziň dowamynda bize şeýle gürrüň berdi: — Ata Watanymyz Türkmenistan — sagdyn bedenli, sagdyn ruhly nesilleriň ýurdy. Munuň şeýle bolmagy ugrunda Diýarymyzda giň gerimli işler yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Bu işlere hususyýetçileriň-de mynasyp goşant goşmagy üçin ähli mümkinçilikler, zerur bolan şertler döredilen. Biz hem döredilip berilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, 2017-nji ýylda «Ýeke damja» hususy kärhanamyzyň önümçiligine başladyk.

Döwrebap maldarçylyk toplumynda

Berkarar Watanymyzda maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, azyk bolçulygyny pugtalanmak ugrundaky tagallalara Ahal welaýatynda iş alyp barýan hususy pudagyň wekilleri hem saldamly goşandyny goşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ajaýyp ussat — halal önümler» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap maldarçylyk toplumynyň netijeli we guwandyryjy işleri bu ugurda aýratyn bellärliklidir. Hojalyk jemgyýetiniň Bäherden etrabynyň «Arçman» daýhan birleşiginiň çägindäki ýokary hilli sygyr etiniň önümçiligine ýöriteleşdirilen maldarçylyk toplumynyň alyp barýan işleriniň gerimi barha giňeýär. 2015-nji ýylda bu ýere Germaniýadan getirilen «aberdin-angus» tohumly mallaryň hojalyga peýdaly alamatlary ylmy esasda öwrenildi, ykdysady taýdan amatlylygy, dürli howa şertlerine ýokary durnuklylygy, yssa we sowuga çydamlylygy göz öňüne tutulyp, bu mallar hojalykda köpçülikleýin idedilip başlandy. Mermer etiniň önümçiligi boýunça iň gowy tohumlaryň biri hasaplanylýan şeýle görnüşli mallaryň bu ýerde göwnejaý idedilmegi we olardan ýokary hilli önüm alynmagy üçin ähli tagallalar edilýär.