«Gerçek» aýakgaplary — berk hem amatly

25 Awgust 2022
1785

Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Aýhan Rejebowanyň ýolbaşçylygyndaky «Gerçek» hususy kärhanasynda hünärmenleriň 500-e golaýy zähmet çekýär. Olar Hytaý Halk Respublikasynyň we Türkiýäniň iň kämil enjamlaryna erk edip, dürli aýakgaplaryň 650-den gowrak görnüşini öndürýärler. Önümçilige ornaşdyrylan, dünýäniň öňdebaryjy aýakgap kärhanalarynda giňden ulanylýan enjamlaryň önümçilik kuwwaty ýylda jübüt aýakgaplaryň 20 milliona golaýyny öndürmäge niýetlenendir. Çig mal hökmünde emeli gönüň, dürli reňkli ýüplükleriň, poliuretanlaryň, poliwinil hloridiniň ulanylmagy aýakgaplaryň ekologik taýdan arassa, hil taýdan berk bolmagyna getirýär. Şeýle aýakgaplar rahatlyk hem ýakym berýär.

Işewürligi çaga aýakgaplaryny öndürmekden başlan kärhananyň önümçiligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da giňemek bilen. Önümler milli nagyşlar bilen bezelip, dürli reňklerde taýýarlanylýar. Önümçiligiň ýene bir özboluşly aýratynlygy kärhanada birnäçe görnüşli mekdep torbalarynyň öndürilýänligidir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda bu kärhanada mekdep okuwçylary üçin torbalar, sport aýakgaplarynyň täze görnüşleri, çagalar üçin ýarymçepekler öndürilip başlandy. Täze önümler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda bir hepdeläp dowam eden türkmen telekeçileriniň önümleriniň sergisinde hem giň orun aldy.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,
žurnalist.
Beýleki habarlar