«Aýbölek» mebel kärhanasy öz önümlerini daşary ýurda eksport edip başlady

2 Oktýabr 2022
1807

Ýurdumyzda hususyýetçilige giň ýol açylmagy, telekeçiler üçin döwlet goldawlarynyň we ýeňillikleriň berilmegi netijesinde, türkmen işewürleri ýurdumyzyň senagat kuwwatynyň ösdürilmegine önjeýli goşant goşýarlar. Şeýle mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, ýurdumyzyň ösüşine goşant goşýan hususy kärhanalaryň biri-de, «Aýbölek» mebel kärhanasydyr.

 2000-nji ýylda telekeçi Meretmuhammet Täçmuhammedow tarapyndan esaslandyrylan kärhananyň täze önümçilik toplumy 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda bu toplumda agaç we demir mebelleri öndürýän bölümler, agaç we demir mebeller üçin niýetlenen aýry-aýry ammarlar, şeýle-de daşary ýurtlardan getirilen önümleri saklamak üçin ammar hereket edýär. Önümçilige niýetlenilen bölümler dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr. Kärhanada 150-den gowrak hünärmen zähmet çekip, olaryň netijeli işlemekleri, rahat dynç almaklary üçin ähli şertler döredilipdir. «Aýbölek» mebel kärhanasy häzirki wagtda dünýäniň 25-e golaý ugurdaş kompaniýalary bilen söwda aragatnaşygyny alyp barýar.

Mätgurban MÄTGURBANOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar