Hyrydarly mebeller

25 Awgust 2022
1471

Hormatly Prezidentimiziň hususy ulgamy goldamagy, telekeçiler üçin döredýän giň mümkinçilikleri öz ajaýyp miwelerini berýär. Şeýle şertlerden göwünleri galkynýan türkmen telekeçileri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramyna toý sowgatlary bilen barýarlar.

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşine mynasyp goşant goşýan hususy düzümleriň biri-de «Aýbölek» mebel kärhanasydyr. Ýokary hilli we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri bilen adygan kärhananyň Gazagystan Respublikasyna mekdep partalaryny eksport etmegi hususyýetçiler üçin nobatdaky uly üstünlik boldy.

Çary ÇARYÝEW.
Türkmen döwlet medeniýet instituty.
Beýleki habarlar