«Ýeke damja» müňlerçäniň hyzmatynda

24 Awgust 2022
1224

Saglyk — ýaşaýşyň möhüm ähmiýetli ölçegi hem görkezijisi. Gadymyýetde ýaşap geçen danalaryň belleýşi ýaly, saglyk — ynsan başynyň täji. Magtymguly atamyzyň: «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýşi ýaly, häzirki döwrüň dünýä belli lukmanlary-da keseli bejereniňden öňüni alanyň ýegdigini ýaňzydýarlar. Hut şoňa görä-de, Arkadagly Serdarymyzyň bimöçber aladalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürmek bilen bagly işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu babatda türkmen telekeçileriniň-de mynasyp goşant goşmagy kanunalaýyklykdyr. Biz hem şeýle telekeçileriň biri bolan Maral Ataýewanyň ýolbaşçylygynda Diýarymyzda hereket edýän «Ýeke damja» hususy kärhanasynda myhmançylykda bolduk. Kärhananyň ýolbaşçysy Maral ATAÝEWA söhbetdeşligimiziň dowamynda bize şeýle gürrüň berdi:

— Ata Watanymyz Türkmenistan — sagdyn bedenli, sagdyn ruhly nesilleriň ýurdy. Munuň şeýle bolmagy ugrunda Diýarymyzda giň gerimli işler yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Bu işlere hususyýetçileriň-de mynasyp goşant goşmagy üçin ähli mümkinçilikler, zerur bolan şertler döredilen. Biz hem döredilip berilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, 2017-nji ýylda «Ýeke damja» hususy kärhanamyzyň önümçiligine başladyk.

Söhbetdeş bolan Sülgün MYRATGELDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».
Beýleki habarlar