"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan gümrük edaralarynyň işini sanlylaşdyrýar

Awtomobil ulaglary boýunça halkara birleşigi (IRU) eTIR halkara gümrük sanly ulgamyny ornaşdyrmakda Türkmenistana ýardam berýär. COVID-19 pandemiýasyndan ozal, Türkmenistan bilen IRU-nyň arasynda gümrük gözegçiligini döwrebaplaşdyrmak we halkara üstaşyr geçişini ýeňilleşdirmek maksady bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ileri tutulýan ugurlaryň arasynda gümrük maglumatlarynyň TIR-EPD elektron ulgamy we Türkmenistanyň «eTIR» gümrük ulgamyna goşulyşmagynyň mehanizmleri bar.

Intellektual eýeçilik — adam aňynyň döredijiligi

Häzirki zaman dünýäsi ylmy-tehniki ösüşleriň depginleriniň günsaýyn ýokarlanmagy bilen tapawutlanýar. Bu gün täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň jemgyýetçilik durmuşymyza giňden ornaşdyrylýan döwründe intellektual eýeçiligiň ösüşi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda, intellektual eýeçilik adamyň aňynyň döredijiligini aňladýar. Onuň hukuk binýady her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine, ylmy, tehniki döredijilikde, şeýle hem çeperçilik, edebiýat we medeniýet işinde awtorlyk hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň kanun bilen goralýandygyny kesgitleýär. Intellektual eýeçilik ulgamynda abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasyny, ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmekde, öňdebaryjy sanly hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny iş ýüzünde ornaşdyrmak boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda ähmiýetlidir.

Türkmenistan IRU-nyň goldawy bilen transport pudagyny sanlylaşdyrýar

Türkmenistan Halkara ýol ulaglary bileleşiginiň (IRU) goldawy bilen transport pudagyny sanlylaşdyrýar. Bu barada IRU habar berdi diýip, «Trend» ýazýar. «Häzirki wagtda bu ugurda kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, IRU guramanyň agzasy — Halkara ýol gatnawçylary türkmen birleşigi (THADA), şeýle hem türkmen tarapy bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy» diýlip, habarda bellenilýär.

Sanly ulgam — çäksiz mümkinçilik

Sanly ykdysadyýetiň hereket etmegi jemgyýetiň, işewürligiň we döwletiň bir wagtda sanly ykdysadyýete geçmegini şertlendirýär. Sanly ykdysadyýetiň ösüşi oňa gatnaşyjylaryň özara hyzmatdaşlygynyň ähli derejelerinde sanly gatnaşyklary ýola goýmak işiniň çaltlandyrylmagy bilen bagly bolup durýar. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary, öňdebaryjy halkara tejribeleri hem-de döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylyp, ýokary ykdysady netijeler gazanylýar. Ykdysady we durmuş gatnaşyklarynyň täze ulgamy depginli ösdürilýär. Şeýle ösüşler bolsa, dünýä senagat önümçiliginde bolup geçen özgerişliklerden oňyn netije çykarmaga mümkinçilik berýär.

Sanly ulgam ykdysadyýetde

Häzirki döwürde halk hojalygynyň pudaklaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde uly ösüş gazanylýar. Olar durmuşymyzy ýeňilleşdirip, täze mümkinçiliklere ýol açýar. Sanly tehnologiýalaryň iň çalt ornaşdyrylýan we köp ulanylýan ugurlarynyň biri-de maliýe ulgamydyr. Häzirki wagtda elektron kartyň kömegi bilen aragatnaşyk, elektroenergiýa hem-de jemagat hojalygy hyzmatlary üçin hasaplaşyklary geçirip bolýar. Şeýle hasaplaşyklaryň mümkinçilikleri bolsa barha artýar.

«Oguz Robot» Ženewadan hoş habar bilen dolandy

Ýakynda, has takygy, 13 — 16-njy oktýabr aralygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde «FIRST Global Challenge 2022» — Halkara Robototehnika bäsleşigi geçirildi. Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň zehinli okuwçylaryndan düzülen «Oguz Robot» gurnagynyň agzalarynyň bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri görkezmegi robot önümçiligi bilen meşgullanýan türkmen ýaşlarynyň köpdüginiň, mekdep okuwçylarymyzyň dünýä ylmyndan, soňky tehnologiýalardan kämil baş çykarýandygynyň dünýä derejesinde nobatdaky ykrarnamasy boldy.

Bagtyň ýalkymy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň milli hem-de taryhy köklerine, wajyp ähmiýetine bagyşlanyp ýazylan «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyzlyk diýmek asty-üsti hazyna bu toprakda abadan, parahat, gülläp ösýän durmuşymyzyň kemal tapmagydyr» diýip, jaýdar belläp geçýär. Hormatly Arkadagymyzyň pähimlerine pugta eýerýän ýaş nesillerimiz üçin Diýarymyzyň gözellikleri, owadan tebigatymyz, tebigy baýlyklarymyz, rowaç menzillerimiz Watany söýmegiň çuňňur beýanydyr. Hakykatdan-da, Türkmenistan ýerasty we ýerüsti gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýedir. Ata Watanymyz himiýa senagatynyň mineral çig mallary boýunça dünýäde esasy orunlaryň birini eýelemek bilen, özboluşly tebigy serişdeleri doly möçberli we toplumlaýyn özleşdirmegi strategiki wezipeleriniň biri hasaplaýar.

Aşhana enjamynyň taryhyndan

Häzirki wagtda durmuşymyzyň gözelleşmegi, tehnologiýanyň kämilleşmegi bilen, aşhana enjamlary hem has döwrebaplaşýar. Munuň özi öý bikeleriniň el zähmetiniň azalmagyna, galyberse-de, wagtyň tygşytlanmagyna getirýär. Şeýle enjamlaryň hatarynda elektrik tosterini görkezmek bolar. Žurnalymyzyň şu sanynda bu enjam barada gysgaça söhbet etmegi makul bildik. Köp adamlar bu enjamy çörek böleklerini kakatmak üçin ulanýarlar. Toster her bir öý bikesiniň arzuw edip biläýjek enjamydyr. Gelin-gyzlar bu aşhana enjamy bilen öz gymmatly wagtlaryny tygşytlap bilerler. Adamlar gadymy döwürlerden bäri çöregi gyzdyrýarlar we kakadýarlar. Ilkibaşda munuň üçin ýönekeý usuly ulanypdyrlar, ýagny çöregi iki sany taýaga gysdyryp, oduň üstüne tutupdyrlar. Soň bolsa gyzgyn daş plita oturdylan ýörite ýasalan guraly ulanypdyrlar. Emma elektrik togunyň gelmegi bilen, çörekleri çalt we ýokary hilli kakatmak ýaly köp işler ýerine ýetirilipdir.

Durnukly ösüşiň kepili

Döwür ösýär, dünýägaraýyşlar özgerýär. Şol bir wagtyň özünde adamzat aňynyň açyşlary hem barha kämilleşýär. Bu özgerişler tehnologiýanyň şu günki gazananlarynda aýdyňlygy bilen şöhlelendirilýär. Bu günki günde ösüş menzillerini çalt depgin bilen külterleýän tehnologiýa her bir adamyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Häzirki wagtda tehnologiýadan we internet hyzmatlaryndan peýdalanmaýan ýok bolsa gerek?! Bu ýagdaý, öz gezeginde, sanly ulgamyň gündelik durmuşymyza ornaşdyrylmagyna hem gönüden-göni täsir edýär. Ylmy nukdaýnazar bilen kesgitleme bersek, sanly ykdysadyýet bu «nobatdaky ykdysady öwrülişikdir». Sanly ykdysadyýet diňe bir enjamlar ýa-da tehnologiýalar bilen bagly bolman, eýsem, ol adamlaryň durmuşyna hem öz täsirini ýetirýär. Ol köp babatda adamlaryň durmuş ýagdaýyny gowulandyryp, olaryň işlerini ýeňilleşdirýär. Ykdysadyýetdäki sanly ulgam wagty tygşytlamak bilen birlikde, maliýe howpsuzlygyny hem üpjün edýär. Şoňa görä-de, sanly ykdysadyýete «durnukly ösüşiň kepili» diýmek ýerliklidir.

«Bir penjire» — täze gözýetimleriň penjiresi

Sanly ulgamyň hem-de innowasion tehnologiýalaryň döwrüň tizligini artdyrýan zamanasynda işewürligi ýeňilleşdirýän täzeçillikler durmuşymyza ornaşdyrylýar. Şeýle täzeçillikleriň biri-de «bir penjire» ulgamydyr. Döwrüň zerurlygy

«TESLA»-nyň paýnamalary üçünji çärýegiň hasabatyndan soň pese düşdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň elektromobilleri öndürýän «Tesla» kompaniýasynyň maliýe hasabatlaryna we söwda maglumatlaryna laýyklykda, kompaniýanyň 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde gazanan sap girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki esse artyp, ABŞ-nyň 3 milliard 292 million dollaryna barabar boldy. Muňa garamazdan, kompaniýanyň paýnamalary deslapky birža söwdalarynda 6,3% töweregi pese düşdi. Hasabat döwründe «Tesla»-nyň her paýnamadan alan paý peýdasy 2021-nji ýylyň üçünji çärýegi bilen deňeşdireniňde, 2 essä golaý ýokarlanypdyr. Kompaniýanyň söwdalary 1,6 esse artyp, ABŞ-nyň 21 milliard 454 million dollaryna deň bolupdyr.

Döw­rüň ta­la­by

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len ylym-bi­lim ul­ga­my­nyň ga­za­nan­la­ry­nyň dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gy yk­dy­sa­dy üs­tün­lik­le­ri ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, her bir pu­dak­da gir­de­ji­le­ri artdyr­ma­ga, ra­ýat­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­ny öz­gert­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Bu we­zi­pe san­ly ul­ga­my mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­gi, mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň do­lu­ly­gy­na or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ýur­du­myz­da yglan edilen «Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Bu res­mi­na­ma yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, ýur­du­my­zyň ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­myn­da hem iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bol­ýar. «Ara­gat­na­şyk ha­kyn­da», «Türk­me­nis­tan­da in­ter­net to­ru­nyň ösü­şi­ni we in­ter­net hyz­mat­la­ry­ny et­me­gi hu­kuk taý­dan düz­gün­leş­dir­mek ha­kyn­da», «Mag­lu­mat we ony go­ra­mak ha­kyn­da», «Şah­sy dur­muş ba­ra­da mag­lu­mat we ony go­ra­mak ha­kyn­da», «Ki­ber­howp­suz­lyk ha­kyn­da» we beý­le­ki ka­nun­la­ryň ka­bul edil­me­gi pu­dak­da in­ter­net akym­la­ry­nyň üs­ta­şyr ge­çi­ri­ji­lik uky­by­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.

Garaşsyzlyk: sanly tehnologiýalar we harytlary belgilemek

(Dowamy. Başlangyjy gazetimiziň geçen sanynda). Häzirki wagtda islendik ýerde, şol sanda dükanlarda, ownuk satuw söwda nokatlarynda töleg kartlarynyň, mobil enjamlaryň kömegi bilen satyn almak we hyzmatlar üçin tölegleri tölemek adaty ýagdaý bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzyň täjirçilik banklary, söwda we hyzmat ulgamlary bilen bilelikde elektron hasaplaşyklary amala aşyrmagy ýola goýýarlar. Şeýlelikde, töleg kartlary ýa-da telefon enjamlary arkaly islendik tölegi tiz, amatly, ygtybarly ýerine ýetirmäge mümkinçilik döreýär.

«SpaceX» ilkinji älem syýahatçysyny Aýa uçurar

Ilon Maskyň kompaniýasy ilkinji älem syýahatçysy Dennis Titony ýakyn wagtda ýene äleme uçurmakçy bolýar. Bu barada «Forbes» habar berdi. 2001-nji ýylda taryhda ilkinji älem syýahatçysy bolan milliarder ýene äleme dolanmakçy bolýar. «SpaceX» kompaniýasy Dennis Tito we onuň aýaly Akikony «Starship» älem uçary bilen Ýeriň hemrasynyň daş-töweregine aýlamagy meýilleşdirýär. Uçuşyň takyk senesi entek belli däl, ýöne onuň şu ýyl amala aşyrylmagy mümkin diýlip aýdylýar.

Yk­dy­sa­dy ösüş­le­ri­miz

San­ly do­lan­dy­ryş ul­ga­my hä­zir­ki za­man ýa­şaý­şy­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň we se­na­ga­ty­nyň, dur­muş we jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­nyň mö­hüm se­riş­de­si­ne öw­rül­di. Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de hem bu ul­ga­ma geç­mek tap­gyr­la­ýyn de­re­je­de ama­la aşy­ryl­ýar. San­ly do­lan­dy­ryş ul­gam köpta­rap­ly hä­si­ýe­te eýe­dir. Bir söz bi­len aý­dy­la­nda, ol bi­ziň gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da­ky äh­li ýa­şa­ýyş-dur­muş we zäh­met gat­na­şyk­la­ry­my­zy öz içine al­ýar. San­ly do­lan­dy­ryş ul­ga­my or­naş­dy­ry­lan komp­ýu­ter, mul­ti­me­dia en­jam­la­ry­nyň kö­me­gi bi­len ha­bar­lar, mag­lu­mat­lardyr ha­sa­bat­lar ýo­ka­ry hil­li we tiz­ al­şyl­ýar. Bu ugur­da san­ly do­lan­dy­ryşyň mö­hüm bö­le­gi bo­lan elekt­ron poç­ta ul­ga­my aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar. Ol ka­gyz gö­te­ri­ji­ler­de jem­le­nen mag­lu­mat­la­ryň poç­ta-ça­par­çy­lyk gul­luk­la­ry ta­ra­pyn­dan aw­to­mo­bil, de­mir ýol, ho­wa we beý­le­ki gör­nüş­li ulag­lar­da de­giş­li ýe­ri­ne gow­şu­ryl­ýan wag­tyn­dan tiz go­wuş­ma­gy­na şert dö­red­ýär.

Türkmenistanda ykjam telefonlar üçin täze "Telekom" atly programma üpjünçiligi işe girizildi

Türkmenistanda ykjam telefonlar üçin Google play we IOS ulgamyndan ýüklemäge elýeterli bolan täze Telekom goşundysy işe girizildi. Goşundy «Türkmentelekom» aragatnaşyk kompaniýasynyň müşderilerine internet we telefon bilen bagly dürli hyzmatlary ýerine ýetirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy. Peýdalanmak üçin örän amatly bolan bu goşundynyň amallary «şahsy otagyň» üsti bilen ýerine ýetirilýär.Şahsy otagy döretmek üçin şu aşakdakylar talap edilýär:

Garaşsyzlyk: sanly tehnologiýalar we harytlary belgilemek

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet Maslahatyndaky çykyşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky durmuş-ykdysady ösüşleri, döwletlilik ýörelgeleri, hukuk ulgamynyň işiniň döwrebap derejede guralmagy aýdyň beýan edildi. Aýratyn-da, ylym-bilimiň kämilleşdirilişi, täze tehnologiýalaryň, sanly ulgamlaryň ornaşdyrylyşynyň netijeleri düýpli seljerilip, täzeçil başlangyçlar öňe sürüldi. Döwlet Baştutanymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň Döwlet Maslahatynyň gün tertibinde ara alnyp maslahatlaşylan soraglaryň, kabul edilen çözgütleriň özenini düzýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiz çykyşynda: «Mähriban halkymyzyň joşgunly we tutanýerli zähmeti esasynda jemgyýetimizde we ykdysadyýetimizde ýetilen belent sepgitler täze ösüşlere badalga berýär» diýip nygtamak bilen, Döwlet býujetiniň serişdeleriniň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasyny amala aşyrmagyň esasy ugurlaryna, ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmäge gönükdiriljekdigini, býujetiň agramly böleginiň, ozalkylary ýaly, durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek üçin sarp ediljekdigini aýratyn belledi. Şonuň bilen birlikde, milli önümlerimizdir hyzmatlarymyza, oýlap tapyşlarymyza, senagat nusgalarymyza dünýä bazarlaryndaky islegleriň yzygiderli öwrenilmeginiň hem-de degişli döwlet strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmagynyň zerurdygyna aýr

Täsinlikler dünýäsinde

Täze gämi Monako döwletinde geçirilen sergide adaty bolmadyk gäminiň taslamasy tanyşdyryldy. Bu görnüşli gämi suwuň ýüzünde hem astynda hereket edip biler. Gollandiýanyň «U-Boat Worx» kompaniýasy tarapyndan önümçilige hödürlenýän gäminiň agramy 1250 tonna, uzynlygy hem 37,5 metre deň bolar. Dynç alyş maksatly guruljak gämide bir wagtda 10 ýolagçyny we 7 sany ekipažy özünde ýerleşdirmäge mümkinçilik bar. Gämi islendik wagt suwuň ýüzünde ýüzüp ýören ýagdaýyndan onuň 200 metr çuňlugyna çenli aralaşyp, ol ýerde 4 gije-gündizläp saklanyp bilýär. Kompaniýa «Nautilus» diýlip atlandyrylýan gämini sargyt edilen ýagdaýynda 25  million ýewro baha bilen 30 aýyň dowamynda gurup bermegi maksat edinýär.

Sanly ulgam — ylmy önümçilige giň ýol

Häzirki döwürde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň ylmy taýdan düýpli esaslandyrylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Ylmy önümçilik bilen berk baglanyşdyrmak, oňa ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak esasy wezipeleriň biridir. Döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynyň kemala getirilmeginiň binýady bolan ýokary hilli bilim ýurdumyzyň ykdysadyýetini üstünlikli ösdürmegiň möhüm düzüm bölegidir. Elbetde, ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman düýpli ylym ulgamyny döretmäge gönükdirilen ylmy-tehniki syýasat ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna täze, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmakdan, ylym we tehnika babatda öňde duran maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak şu günüň baş wezipeleriniň biri bolup durýar. Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek zerur. Bazaryň barha ösýän talaplaryna laýyk gelýän howpsuz, ygtybarly we bäsdeşlige ukyply maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üpjünçilik ulgamyny döretmek ýurduň sanly ykdysadyýete üstünlikli geçmeginiň girewi bolup durýar. Ýurdumyzda innowasion tehnologiýalary özleşdirmekde uly işler durmuşa geçirilýär.

«OguzRobot» topary Ženewadaky tehnologiýalar sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň «OguzRobot» topary «2022 First Global Challenge» atly tehnologiýalar sergisine gatnaşar. Bu sergi şu ýylyň 13 — 16-njy oktýabr aralygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriler. Halkara sergä dünýäniň 180 ýurdundan meýletinçileriň, mugallymlaryň we beýleki robot tehnikasy bilen gyzyklanýanlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.