Intellektual eýeçilik — adam aňynyň döredijiligi

1 Noýabr 2022
1112

Häzirki zaman dünýäsi ylmy-tehniki ösüşleriň depginleriniň günsaýyn ýokarlanmagy bilen tapawutlanýar. Bu gün täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň jemgyýetçilik durmuşymyza giňden ornaşdyrylýan döwründe intellektual eýeçiligiň ösüşi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda, intellektual eýeçilik adamyň aňynyň döredijiligini aňladýar. Onuň hukuk binýady her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine, ylmy, tehniki döredijilikde, şeýle hem çeperçilik, edebiýat we medeniýet işinde awtorlyk hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň kanun bilen goralýandygyny kesgitleýär.

Intellektual eýeçilik ulgamynda abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasyny, ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmekde, öňdebaryjy sanly hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny iş ýüzünde ornaşdyrmak boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda ähmiýetlidir.

Täzegül BAÝRAMOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar