Durnukly ösüşiň kepili

26 Oktýabr 2022
1007

Döwür ösýär, dünýägaraýyşlar özgerýär. Şol bir wagtyň özünde adamzat aňynyň açyşlary hem barha kämilleşýär. Bu özgerişler tehnologiýanyň şu günki gazananlarynda aýdyňlygy bilen şöhlelendirilýär. Bu günki günde ösüş menzillerini çalt depgin bilen külterleýän tehnologiýa her bir adamyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Häzirki wagtda tehnologiýadan we internet hyzmatlaryndan peýdalanmaýan ýok bolsa gerek?! Bu ýagdaý, öz gezeginde, sanly ulgamyň gündelik durmuşymyza ornaşdyrylmagyna hem gönüden-göni täsir edýär.

Ylmy nukdaýnazar bilen kesgitleme bersek, sanly ykdysadyýet bu «nobatdaky ykdysady öwrülişikdir». Sanly ykdysadyýet diňe bir enjamlar ýa-da tehnologiýalar bilen bagly bolman, eýsem, ol adamlaryň durmuşyna hem öz täsirini ýetirýär. Ol köp babatda adamlaryň durmuş ýagdaýyny gowulandyryp, olaryň işlerini ýeňilleşdirýär. Ykdysadyýetdäki sanly ulgam wagty tygşytlamak bilen birlikde, maliýe howpsuzlygyny hem üpjün edýär. Şoňa görä-de, sanly ykdysadyýete «durnukly ösüşiň kepili» diýmek ýerliklidir.

Aýna NAZAROWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar