Sanly dolandyryş ulgamy häzirki zaman ýaşaýşynyň ykdysadyýetiniň we senagatynyň, durmuş we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň möhüm serişdesine öwrüldi. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimizde hem bu ulgama geçmek tapgyrlaýyn derejede amala aşyrylýar.
Sanly dolandyryş ulgam köptaraply häsiýete eýedir. Bir söz bilen aýdylanda, ol biziň gije-gündiziň dowamyndaky ähli ýaşaýyş-durmuş we zähmet gatnaşyklarymyzy öz içine alýar. Sanly dolandyryş ulgamy ornaşdyrylan kompýuter, multimedia enjamlarynyň kömegi bilen habarlar, maglumatlardyr hasabatlar ýokary hilli we tiz alşylýar. Bu ugurda sanly dolandyryşyň möhüm bölegi bolan elektron poçta ulgamy aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Ol kagyz göterijilerde jemlenen maglumatlaryň poçta-çaparçylyk gulluklary tarapyndan awtomobil, demir ýol, howa we beýleki görnüşli ulaglarda degişli ýerine gowşurylýan wagtyndan tiz gowuşmagyna şert döredýär.