"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Apple» Hindistanda «iPhone» önümçiligini üç esse köpeltdi

«Bloomberg»-iň habaryna görä, «Apple» 2022-2023-nji maliýe ýylynda (31-nji martda tamamlandy) Hindistanda «iPhone» önümçiligini üç esse artdyrdy. Onuň maglumatyna görä, häzirki wagtda «Apple» 2021-nji ýylyň 1 göterimi bilen deňeşdirilende, Hindistanda «iPhone»-nyň 7 göterimini öndürýär.

Elektron döwlet hyzmatlary

Döwlet dolandyryşynyň netijeliligini artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin elektron ulgamyny özleşdirmek, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmak meseleleri döwrüň möhüm talabydyr. Şu jähetden, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ylym, bilim we önümçilik aragatnaşyklary pugtalanýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler açylýar, inženerçilik-tehniki we beýleki zerur ugurlar boýunça okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidenti 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet-web saýtlaryny döretmek hem-de işe girizmek hakynda» Karara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarda IT-merkezleriniň döredilmegi üçin maliýe serişdeleriniň gönükdirilmegi sanly tehnologiýalardan doly peýdalanmagy başarýan hünärmenleri taýýarlamaga we bu ugurda milli mekdepleri goldamaga, programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýjylara ýardam bermäge şert döredýär.

«Akylly» hyzmatlar — öňdebaryjy usullar

Berkarar Diýarymyzda milli binagärligiň ýörelgesi esasynda dünýä ölçeglerine kybap Köpetdagyň eteginde gurulýan täze Arkadag şäheri ildeşlerimiziň buýsanjyna buýsanç goşýar. Binagärligiň öňdebaryjy usullary, «akylly» şäher konsepsiýasynyň kadalary, «ýaşyl» tehnologiýalary işjeň ulanmak arkaly gurulýan täze şäher ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň beýanydyr. Onuň pederlerimiziň şöhratly taryhyndan gözbaş alýan, türkmen topragynyň ajaýyp künjekleriniň birinde gurulýanlygy aýratyn many-mazmuna eýedir. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek döwletimiziň esasy strategik wezipeleriniň biridir. «2019 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy», «2021 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasy» milli ykdysadyýetde sanly ekodüzümi döretmek üçin örän möhüm wezipeleri öňde goýdy. Bu işleriň netijesinde Arkadag şäherinde döwrebap awtoulaglary ulanylar. Olar ekologiýa taýdan hem örän amatlydyr. Şäherde sanly ulgamlary ornaşdyrmak, onlaýn taksi hyzmatyny ýola goýmak, jemgyýetçilik ulaglarynyň ählisinde GPS ulgamyny gurnamak, jemgyýetçilik ulag hyzmatlarynyň hilini we ygtyýarlylygyny ýokarlandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Indi, Türkmenistanyň geografik kartasynda iň ösen täze şäher peýda bolýar. Bu işleriň ählisi bagtyýar halkymyzyň eşretli durmuşyna gönükdirilendir. Ajaýy

Sanly ulgam — döwrüň talaby

Aziýanyň merjeni Aşgabat — halkymyzyň milli buýsanjy. Paýtagtymyzyň halkara derejeli iň häzirki zaman ýollary, köprüleri şäheriň gözelligine gözellik goşýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler, şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Ak şäherimizde elektron hasaplaşyk görnüşindäki internet arkaly dürli söwda nokatlarynda söwda etmek, demir ýol we howa gatnawlary üçin petekleri satmak we satyn almak has-da kämilleşdirilýär. Şeýle hem, bank ulgamy arkaly berilýän karzlaryň we şol karzdaky ýeňillikleriň raýatlar üçin amatly bolan dürli görnüşleri ýola goýulýar. Muňa mysal hökmünde «Internet-bank» we «Mobil-bank» bank hyzmatlaryny görkezmek bolar. Bu hyzmatlaryň üsti bilen bank kartlaryny saklaýjy müşderilere günüň islendik wagtynda we islendik ýerde bank kart hasabynyň hereketini görmek, bank karty ýitirilen ýagdaýda hereketini togtatmak, IP telewideniýe, AŞTU (Aşgabat şäher telefon ulgamy) töleglerini geçirmek hem-de ýurdumyzda howa, awto we demir ýol ýolagçy gatnawlaryna elektron peteklerini onlaýn satyn almagy üçin mümkinçilikler döredildi. «Altyn asyr» bank kartlaryny saklaýjylara «Owerdraft» bank kartlarynyň üsti bilen amatly karz serişdeleri hem hödürlenilýär, ýagny zähmet hakynyň bellenilen çäklerinde karz serişdelerini berm

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Kämil ulgamyň mümkinçilikleri Soňky ýyllarda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny, beýleki ulgamlary sanlylaşdyrmakda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şu wajyp meseläniň oňyn çözgüdi dogrusynda Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň mugallymlarydyr talyplary oý-pikirlerini beýan edýärler.

Билеты на самолёт в Туркменистане теперь можно купить онлайн через портал госуслуг

Портал Государственных услуг запустил продажу авиабилетов «Туркменских авиалиний» на внутренние рейсы, говорится в его сообщении. На сайте госуслуг Туркменистана и мобильном приложении EGOVTM теперь можно купить билет на самолёт онлайн, чтобы не стоять в очереди в кассу. В приложениях для iOS и Android билеты есть уже сейчас. Сервис запущен совместно с Агентством «Туркменховаёллары». Внутренняя сеть сообщений «Туркменских авиалиний» в Туркменистане охватывает Ашхабад, Дашогуз, Мары, Туркменбаши, Туркменабат и Керки.

«Toyota» kompaniýasy ýylda 1,5 million elektroulag satmagy maksat edinýär

Ýaponiýanyň «Toyota Motor» awtoulag konserni elektroulaglarynyň satuwyny 2026-njy ýyla çenli 1,5 milliona ýetirmek isleýär. «Toyota» kompaniýasy 2026-njy ýyla çenli elektrik hereketlendiriji arkaly işleýän elektroulaglaryň ýene 10 sany täze görnüşini öndürmegi meýilleşdirýär. Şol sanda 2024-nji ýylda kompaniýa hytaý bazaryna täze — iki görnüşli ulagy, 2025-nji ýylda bolsa ABŞ üçin ýolsuz ýerden hereket edýän elektroulag öndürer.

«Samsung» ýarymgeçiriji mikroshema önümçiligini ep-esli azaldar

7-nji aprelde «Samsung Electronics Co Ltd» kompaniýasy uly bäsdeşleriniň göreldesine eýerip, mikroshema önümçiligini ep-esli azaltmak isleýändigini mälim etdi. Kompaniýa dünýäde ýarymgeçirijilere bolan islegiň görnetin peselendigini, şunuň netijesinde hem bahalaryň arzanlandygyny nygtaýar. Bu garaşylmadyk habar «Samsung Electronics Co Ltd» kompaniýasynyň mikroshema göterijileri öndürmekde şu ýylyň birinji çärýegi boýunça 96 göterim girdeji alanyny mälim edeninden soň ýaýrady. Bu garaşylýan görkezijiden ep-esli pes boldy. Maýadarlar bu pudagyň önümçilik liderleriniň şeýle netijä gelmegi bilen ylalaşdylar. Sebäbi soňky 9 aýyň dowamynda bu pudagyň girdejisi 70 göterim pese gaçdy.

Geçen ýyl Eýranyň hojalyk enjamlarynyň eksporty 24 göterim ýokarlandy

Geçen 1401-nji ýylda (2022-nji ýylyň 20-nji marty — 2023-nji ýylyň 21-nji marty aralygy) Eýranyň daşary ýurtlara hojalyk maksatly enjamlarynyň eksporty 24 göterim ýokarlandy. Bu barada Eýranyň Senagat, magdan we söwda ministrliginiň hojalyk enjamlaryny öndürmek boýunça baş direktory Mohsen Şokrollahi habar berdi. Onuň sözlerine görä, geçen ýyl Eýranda öndürilen sowadyjylaryň eksporty 82 göterim ýokarlanyp, umumy möçberi 30 million amerikan dollaryna deň bolan girdeji alyndy.

Ýarym asyr ýaşyň gutly bolsun!

«7/24. tm», № 15 (150), 10.04.2023. Maýa JUMAÝEWA,

Döwrebap şert

Häzirki wagtda Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň ylmy taýdan düýpli esaslandyrylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Ylmy önümçilik bilen berk baglanyşdyrmak, önümçilige ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmak esasy wezipeleriň biridir. Döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynyň kemala getirilmeginiň binýady bolan ýokary hilli bilim ýurdumyzyň ykdysadyýetini üstünlikli ösdürmegiň möhüm düzüm bölegidir. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde oňa sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak şu günüň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek zerur bolup durýar. Bazaryň barha ösýän talaplaryna laýyk gelýän howpsuz, ygtybarly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üpjünçilik ulgamyny döretmek ýurduň sanly ykdysadyýete üstünlikli geçmeginiň girewidir. «Türkmen Älem 52°E» milli aragatnaşyk hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy, Tehnologiýalar merkeziniň açylmagy, elektron hökümeti döretmekde geçirilýän netijeli çäreler, ýurduň bank ulgamynda elektron hasaplaşyklaryň çäginiň giňeldilmegi we beýleki durmuşa geçirilýän işler ösüşiň bu ugrunyň kanunçylyk we guramaçylyk esaslaryny döretmegi, seljermegi we berkitmegi talap edýär.

Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-maglumatlar portaly resmi taýdan işe başlady

4-nji aprelde Türkmenistanyň Söwda toplumynyň sergisiniň çäklerinde Söwda-maglumatlar portaly resmi taýdan işe girizildi. Portaly işe girizmek dabarasyna Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ýokary derejeli wekilleri, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Diego Luiz Alonso, Halkara söwda merkeziniň Söwdany goldamak we işewürlik syýasaty bölüminiň başlygy Mohammad Said gatnaşdy.

San­ly ul­ga­myň mümkinçilikleri

Hä­zir­ki wagt­da «Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny» dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de hü­när­men­ler, pro­fes­sor-mu­gal­lym­lar, şeý­le-de ta­lyp ýaş­lar ta­ra­pyn­dan san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň tor prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi, onuň bin­ýa­dyn­da san­ly bi­lim por­tal­la­ry iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. San­ly bi­lim por­ta­ly elekt­ron poç­ta, elekt­ron res­mi­na­ma, uzak ara­lyk­dan bi­lim al­mak, yl­my iş­ler, okat­ma­gyň elekt­ron se­riş­de­si, bäs­le­şik­ler, olim­pia­da­lar, mas­la­hat­lar, fo­rum­lar, okuw ki­tap­la­ry, okuw gol­lan­ma­la­ry, söz­lük­ler ýa­ly bö­lüm­le­ri özün­de jem­le­ýär. Bu­lar­dan baş­ga-da, bi­lim ojak­la­ryn­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net ul­ga­my­nyň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy, ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry hem-de or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da, şeýle hem bi­lim ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk edil­ýän da­şa­ry ýurt­la­ryň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri, ylym-bi­lim mer­kez­le­ri bi­len uzak ara­lyk­dan sa­pak­lar, wi­deo­şe­kil­li mas­la­hat­lar yzy­gi­der­li gu­ral­ýar. San­ly bi­lim ul­ga­my­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len uzak ara­lyk­dan bi­lim al­mak gör­nü­şi­ni dur­mu­şa ge­çir­mä­ge-de mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Oňa elekt­ron oku­wyň bir gör­nü­şi hök­mün­de ga­

Türkmenistanda ýokary tehnologiýalaryň halkara bäsleşigine ýüz tutmalary kabul etmek dowam edýär

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Bilim ministrligi we ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramsynyň Merkezi Geňeşi bilen billeikde ýaşlaryň arasynda «Ýokary tehnologiýalar we innowasion çözgütler» atly ylmy işleriň halkara bäsleşigini geçirýär. Bäsleşige 35 ýaşa çenli bolan adamlar gatnaşyp bilýärler. Olar nanotehnologiýalar, himiki we biotehnologiýalar, energetika, oba hojalygy, molekulýar biologiýa, genetka, täze materiallary öwrenmek babatyndaky işler boýunça öz işläp taýýarlamalaryny tabşyrmaly.

GELJEK ÜÇIN TYGŞYTLY ENERGIÝA

Ylym giňişligine ak ýol Elektrik energiýasy durmuşymyza şeýle bir aralaşdy welin, ýaşaýşy onsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Jemgyýetde elektrik energiýasyna bolan isleg hem, onuň sarp edilişi hem barha artýar.  Bu bolsa elektroenergetiki ulgamyň iş düzgünine täsirini ýetirýär we elektrik ulgamlarynda hem-de torlarynda elektrik energiýasynyň ýitgisini çäklendirmek bilen baglanyşykly bolan optimallaşdyrma meseleleriniň ýüze çykmagyna getirýär.

Amatlylyk, ygtybarlylyk, döwrebaplyk

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmakda, söwda-senagat, oba hojalyk, ulag-aragatnaşyk, ylym-bilim we beýleki ulgamlary innowasion esasda alyp barmakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa ornaşdyrylmagy aýdyň tassyklaýar. Bu Konsepsiýada ýurdumyzy sanly ulgam esasynda ösdürmegiň maksady, wezipeleri we esasy ugurlary kesgitlenilendir. Konsepsiýany amala aşyrmagyň çäklerinde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak, tejribeli milli we halkara bilermenleri işe çekmek boýunça işleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynda täze sanly ulgam işe giriziler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Hazar deňzi instituty üçin täze sanly ulgamy işläp düzmek boýunça tender-bäsleşigi «Türkmenistan» gazetinde çap edildi. Kiberhowpsuzlygyň ýokary ölçeglerine gabat gelýän bu ulgamy girizmek we gerekli enjamlary satyn almak ylmy-barlag edarasynyň maglumatlar howpsuzlygyny üpjün etmäge niýetlenendir.

Täze sepgitleriň haýyrly başlangyçlary

Aýlar aýlanyp, ýyllar geçýär. Döwür özgerip, dünýägaraýyşlar giňeýär. Şolar bilen bir hatarda aragatnaşyk ulgamy hem döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşýär. Hut şoňa görä-de, aragatnaşyk ulgamyndaky ähli işleri hil taýdan täze derejede utgaşdyrmak, bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmak zerurlygy ýüze çykýar. Şu nukdaýnazardan-da, Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň ähli ulgamlaryna çalt depginler bilen sanly ulgam ornaşdyrylýar. Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň ähli ulgamlaryna ýokary tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň okgunly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde kesgitlenildi. Hakykatdan-da, öňdebaryjy gazanylanlaryň we dünýäniň iň gowy tejribesini ornaşdyrmagyň hasabyna tehnologik özgerişlikleri amala aşyrmak ösüşiň, innowasion ykdysadyýeti döretmegiň, onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş ulgamyny kämilleşdirmegiň wajyp şertidir. Şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzda döwrebap ýokary tehnologiýaly ykdysadyýeti döretmek maksady bilen, dünýäniň tehnologik taýdan ösen döwletleri, abraýly halkara guramalary we iri kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk hem ýylsaýyn pugtalandyrylý

Çagalar üçin täze tehnologiýalar

«Cradlewise Smart Crib» «akylly» sallançagy. Bu «akylly» enjam özünde radiony, emeli aňly enekäni jemleýär. Emeli aňa eýe bolan eneke çaga gije-gündiz gözegçilik etmäge ukyply bolup, ol körpeje oýananda rahatlandyryjy sazlary açyp, sallançagy yralaýar. Şeýle-de ene-atalar döwrebap sallançaga öz el telefonlary arkaly gözegçilik edip bilerler. «4moms Origami» robot çaga göterijisi. Ol ýörite düwmäniň basylmagy bilen awtomatik ýygnalýan we açylýan elektroniki dolandyryjyly robot çaga göterijisidir. Onuň el bilen dolandyryjysynda ýörite LCD-displeý ýerleşdirilipdir. Onda howanyň temperaturasy, arassalyk derejesi, geçilen ýol, batareýasynyň ýagdaýy görkezilýär. Mundan başga-da, enjam ýagtylyk datçikleri bilen enjamlaşdyrylypdyr, ol bolsa garaňkyda howpsuzlygy üpjün edýän ekranyň çyrasyny we oturdylan faralary haçan ýakmalydygyny özbaşdak kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de enjam çaga içinde wagty ýygnamak düwmesi basylan halatynda işlemesini bes edip, ýörite duýduryş berýär.

San­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar — döw­rüň ta­la­by

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da ýaş­la­ry­my­zyň ylym­ly, bi­lim­li ne­sil­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi we hä­zir­ki za­man yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry­na my­na­syp go­şant goş­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň in­no­wa­sion ösü­şi­ne la­ýyk­lyk­da, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly san­ly hyz­mat­la­ry hö­dür­le­me­giň äh­li bas­gan­çak­la­ry ýo­ka­ry hil­li elekt­ron mag­lu­mat­la­ry bi­len üp­jün edil­ýär. San­ly se­riş­de­le­riň müm­kin­çi­lik­le­rin­den giň­den peý­da­la­nyp, san­ly hyz­mat­la­ryň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da, san­ly mag­lu­mat go­ru­nyň al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler­de hem­me­ler üçin el­ýe­ter­li­li­gi­ni üp­jün et­mek­de hem-de san­ly ul­ga­my yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek­de ýaş ne­sil­le­re esa­sy orun be­ril­ýär. Ýur­du­myz­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş­le­ri we döw­re­bap hu­kuk üp­jün­çi­li­gi bi­len saz­la­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ma­gy Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň ösüş­ler ýo­ly bi­len öňe bar­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy dur­nuk­ly ösü­şiň bin­ýa­dy bo­lup hyz­mat