Täze sepgitleriň haýyrly başlangyçlary

29 Mart 2023
725

Aýlar aýlanyp, ýyllar geçýär. Döwür özgerip, dünýägaraýyşlar giňeýär. Şolar bilen bir hatarda aragatnaşyk ulgamy hem döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşýär. Hut şoňa görä-de, aragatnaşyk ulgamyndaky ähli işleri hil taýdan täze derejede utgaşdyrmak, bar bolan kuwwatdan netijeli peýdalanmak zerurlygy ýüze çykýar. Şu nukdaýnazardan-da, Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň ähli ulgamlaryna çalt depginler bilen sanly ulgam ornaşdyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň ähli ulgamlaryna ýokary tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň okgunly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde kesgitlenildi. Hakykatdan-da, öňdebaryjy gazanylanlaryň we dünýäniň iň gowy tejribesini ornaşdyrmagyň hasabyna tehnologik özgerişlikleri amala aşyrmak ösüşiň, innowasion ykdysadyýeti döretmegiň, onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş ulgamyny kämilleşdirmegiň wajyp şertidir. Şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzda döwrebap ýokary tehnologiýaly ykdysadyýeti döretmek maksady bilen, dünýäniň tehnologik taýdan ösen döwletleri, abraýly halkara guramalary we iri kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk hem ýylsaýyn pugtalandyrylýar. Bu babatda sanly ulgamyň sansyz mümkinçilikleri bellenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň baýry ýokary okuw mekdepleriniň arasynda sanly ulgam arkaly okuw sapaklar, ylmy-amaly maslahatlardyr tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler guralýar. Şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çäginde sanly bilim portalynyňdyr elektron kitaphana ulgamynyň hereket etmegi kärine ökde hünärmenleriň dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilmegi üçin zerur bolan ähli şertleri döredýär.

«Esger».
Beýleki habarlar