Sanly ulgam — döwrüň talaby

12 Aprel 2023
773

Aziýanyň merjeni Aşgabat — halkymyzyň milli buýsanjy. Paýtagtymyzyň halkara derejeli iň häzirki zaman ýollary, köprüleri şäheriň gözelligine gözellik goşýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler, şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar.

Ak şäherimizde elektron hasaplaşyk görnüşindäki internet arkaly dürli söwda nokatlarynda söwda etmek, demir ýol we howa gatnawlary üçin petekleri satmak we satyn almak has-da kämilleşdirilýär. Şeýle hem, bank ulgamy arkaly berilýän karzlaryň we şol karzdaky ýeňillikleriň raýatlar üçin amatly bolan dürli görnüşleri ýola goýulýar. Muňa mysal hökmünde «Internet-bank» we «Mobil-bank» bank hyzmatlaryny görkezmek bolar. Bu hyzmatlaryň üsti bilen bank kartlaryny saklaýjy müşderilere günüň islendik wagtynda we islendik ýerde bank kart hasabynyň hereketini görmek, bank karty ýitirilen ýagdaýda hereketini togtatmak, IP telewideniýe, AŞTU (Aşgabat şäher telefon ulgamy) töleglerini geçirmek hem-de ýurdumyzda howa, awto we demir ýol ýolagçy gatnawlaryna elektron peteklerini onlaýn satyn almagy üçin mümkinçilikler döredildi. «Altyn asyr» bank kartlaryny saklaýjylara «Owerdraft» bank kartlarynyň üsti bilen amatly karz serişdeleri hem hödürlenilýär, ýagny zähmet hakynyň bellenilen çäklerinde karz serişdelerini bermek işleri-de ýola goýuldy. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi tutuş ýurdumyzyň, gözel paýtagtymyzyň mundan beýläkki ösüşlerine kuwwatly itergi berýär. Berkarar Diýarymyzy bedew batly ösüşler bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Durdymyrat HALOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar