«Akylly» hyzmatlar — öňdebaryjy usullar

12 Aprel 2023
774

Berkarar Diýarymyzda milli binagärligiň ýörelgesi esasynda dünýä ölçeglerine kybap Köpetdagyň eteginde gurulýan täze Arkadag şäheri ildeşlerimiziň buýsanjyna buýsanç goşýar. Binagärligiň öňdebaryjy usullary, «akylly» şäher konsepsiýasynyň kadalary, «ýaşyl» tehnologiýalary işjeň ulanmak arkaly gurulýan täze şäher ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň beýanydyr. Onuň pederlerimiziň şöhratly taryhyndan gözbaş alýan, türkmen topragynyň ajaýyp künjekleriniň birinde gurulýanlygy aýratyn many-mazmuna eýedir.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek döwletimiziň esasy strategik wezipeleriniň biridir. «2019 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy», «2021 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasy» milli ykdysadyýetde sanly ekodüzümi döretmek üçin örän möhüm wezipeleri öňde goýdy. Bu işleriň netijesinde Arkadag şäherinde döwrebap awtoulaglary ulanylar. Olar ekologiýa taýdan hem örän amatlydyr. Şäherde sanly ulgamlary ornaşdyrmak, onlaýn taksi hyzmatyny ýola goýmak, jemgyýetçilik ulaglarynyň ählisinde GPS ulgamyny gurnamak, jemgyýetçilik ulag hyzmatlarynyň hilini we ygtyýarlylygyny ýokarlandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Indi, Türkmenistanyň geografik kartasynda iň ösen täze şäher peýda bolýar. Bu işleriň ählisi bagtyýar halkymyzyň eşretli durmuşyna gönükdirilendir. Ajaýyp döwrümiziň binagärlik kuwwatynyň gaýtalanmajak nusgasy bolan Arkadag şäheri bagtyň, rowaçlygyň şäheridir.

Gurbanbibi GURBANOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar