Geçen ýyl Eýranyň hojalyk enjamlarynyň eksporty 24 göterim ýokarlandy

9 Aprel 2023
942

Geçen 1401-nji ýylda (2022-nji ýylyň 20-nji marty — 2023-nji ýylyň 21-nji marty aralygy) Eýranyň daşary ýurtlara hojalyk maksatly enjamlarynyň eksporty 24 göterim ýokarlandy. Bu barada Eýranyň Senagat, magdan we söwda ministrliginiň hojalyk enjamlaryny öndürmek boýunça baş direktory Mohsen Şokrollahi habar berdi.

Onuň sözlerine görä, geçen ýyl Eýranda öndürilen sowadyjylaryň eksporty 82 göterim ýokarlanyp, umumy möçberi 30 million amerikan dollaryna deň bolan girdeji alyndy.

Taýýarlan: Annajahan Batyrowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar