Taryhy wakalara buýsanç
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, jöwher pähim-paýhasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallasy bilen açylyp ulanylmaga berilýän binalardyr desgalar, toplumlar, dünýä derejeli ýollar, seýilgähler eziz Watanymyzyň syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly döwletdiginiň subutnamasyna öwrülip, köňüllerde buýsanç duýgusyny döredýär. Gazanylýan üstünlikler, görlüp-eşidilmedik ösüşler agzybir halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlygyň röwşen menzillerine batly gadam urýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülýär. Ýurdumyzyň ähli şäherleriniň we obalarynyň binagärlik keşbi düýpgöter özgerýär. Olarda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, täze mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk merkezleri, medeniýet köşkleri, sport toplumlary, şypahanalar we beýleki durmuş maksatly desgalar gurulýar. Ýurdumyzda gazanylýan ösüşleriň ählisiniň maksady döwletimizi ösdürmek, adam we onuň ýaşaýyş-durmuşy baradaky alada ýugrulandyr. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny bilimli, döwrüň täze tehniki ösüşlerinden habarly, başarnykly hünärmenler bilen üpjün etmek babatda bilim ulgamynda gysga döwürde bitirilen beýik işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda gurlan köp sanly kärhanalar, iri önümçilikler batly depgin bilen ösýän ykdysady düzüme sazlaşykly goşulyşýarlar. Häzirki wagtda is