"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Belent üstünlikleriň aýdyň ýoly

Ösüşiň täze belentliklerine barýan eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bähbidine gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, 27-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi.

Ynanyşmak arkaly özara bähbitli gatnaşyklar

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz dünýä döwletleri bilen deňhukukly gatnaşyklary alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasat strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda GDA-nyň çäklerinde netijeli dialogy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. 25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburga çenli uçuşy amala aşyryp, «Pulkowo» Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň karary

2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda

Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy dowam edýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap lukmançylyk desgalary gurlup, kämil tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. 25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Ir bilen lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumynyň gurulýan ýerine geldi. Milli Liderimiz gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň uzak möhletleýinlik, berklik şertlerini özünde jemlemelidigini aýtdy.

Hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygyň rowaçlanmagy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly möhüm ähmiýetli halkara çärelere baý boldy. Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden bellenildi. Daşary ýurtlarda bu şanly sene bilen bagly birnäçe çäreler geçirildi. Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi taryhy waka boldy. Bu halkara forum parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny belende göterdi. Dünýä bileleşigi tarapyndan ýurdumyzyň baý taryhyna, medeniýetine uly hormat bilen garalýandygyny görkezdi.

Şanly ýylda beýik ösüşler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şöhratly, ösüşli işlerini dowamata atarjak täze, 2025-nji ýyly şatlyk-şowhun we uly dabara bilen ýokary ruhubelentlikde garşylaýar. Berkarar döwletimiziň taryhy ýyl ýazgysynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen şöhratlanan 2024-nji ýyl möhüm wakalaryň, gazanylan uly üstünlikleriň, giň gerimli başlangyçlaryň ýyly boldy. Şeýle ösüşdir özgerişler, gazanylan uly üstünlikler, oňyn başlangyçlar Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Bagtyýarlyga beslenen ýyllar

Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly-uly üstünliklere ýetilýär, Diýarymyz beýik ösüşlere beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem beýik ösüşler bilen täze taryhymyzyň altyn sahypasynda orun aldy. Ynha, Täze ýyl baýramçylygy hem ýetip gelýär. Asylly däbe görä, her ýylda gazanylan üstünlikler, beýik ösüşler hakynda beýan edilýär. Şu ýylda hem milli medeniýetimiziň, nusgawy edebiýatymyzyň dünýä ýaýylandygyny, Magtymguly Pyragynyň eserleriniň wagyz edilendigini aýratyn bellemek gerek. Bu şanly wakalar her bir ynsanyň kalbynda buýsanç döredýär. Her bir ýyl şanly wakalary bilen aýratyn tapawutlanýar. Şu ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dünýäde giňden bellenildi. Şeýle hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň dabaraly ýagdaýda açylmagy beýik şahyra goýulýan uly hormatyň nyşany hökmünde kalbymyzy buýsanja besledi. Munuň özi akyldar şahyryň belent sarpasyny has-da ýokarlandyrdy, beýik derejelere ýetirdi.

Ýürekleri joşduran özgertmeler

Ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy-ykdysady özgertmelerden, beýik başlangyçlardan, döwletli tutumlardan ruhlanýan merdana halkymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň beýik işlerine buýsanýar. Zähmetsöýer halkymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy täze belentliklere atarýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň halallyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine pugta eýerýändiginiň we oňa ygrarlydygynyň güwäsine öwrülip, bütin dünýä ykrarnamasyna eýe bolýar. Ýurdumyz dünýä bileleşigine işjeň goşulmak bilen, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrjak, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrjak maksatnamalara badalga berilmegi döwlet we millet bitewüliginiň aýdyň beýanyna öwrülip, göwünleri galkyndyrýar. Döwletiň we jemgyýetiň baş gymmatlygy bolan adam hakyndaky alada ýurtda öňe sürülýän başlangyçlaryň, gündelik kabul edilýän resminamalaryň hem çözgütleriň düýp esasyny düzýär. Ýurdumyzda gurulýan ajaýyp binalar, ähli welaýatlarymyzda bina edilýän sagaldyş merkezleri, medeni desgalar, häzirki zaman mekdepleri, çagalar baglary, oňaýly ýaşaýyş jaýlary we beýlekiler raýatlaryň bagtyýar durmuşy, röwşen geljegi hakynda edilýän aladalaryň subutnamasydyr. Raýatlaryň parahat, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, dünýä derejesinde ylym-bilim almagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Garaşsy

Taryhy wakalara buýsanç

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, jöwher pähim-paýhasy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallasy bilen açylyp ulanylmaga berilýän binalardyr desgalar, toplumlar, dünýä derejeli ýollar, seýilgähler eziz Watanymyzyň syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly döwletdiginiň subutnamasyna öwrülip, köňüllerde buýsanç duýgusyny döredýär. Gazanylýan üstünlikler, görlüp-eşidilmedik ösüşler agzybir halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlygyň röwşen menzillerine batly gadam urýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülýär. Ýurdumyzyň ähli şäherleriniň we obalarynyň binagärlik keşbi düýpgöter özgerýär. Olarda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, täze mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk merkezleri, medeniýet köşkleri, sport toplumlary, şypahanalar we beýleki durmuş maksatly desgalar gurulýar. Ýurdumyzda gazanylýan ösüşleriň ählisiniň maksady döwletimizi ösdürmek, adam we onuň ýaşaýyş-durmuşy baradaky alada ýugrulandyr. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny bilimli, döwrüň täze tehniki ösüşlerinden habarly, başarnykly hünärmenler bilen üpjün etmek babatda bilim ulgamynda gysga döwürde bitirilen beýik işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda gurlan köp sanly kärhanalar, iri önümçilikler batly depgin bilen ösýän ykdysady düzüme sazlaşykly goşulyşýarlar. Häzirki wagtda is

Netijeli zähmet çekmek mukaddes borjumyzdyr

Aňly-düşünjeli, sowatly nesli terbiýeläp kemala getirmek halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, nesilden-nesle geçirip gelýän asylly ýörelgeleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri bolan milli bilim ulgamynyň hiliniň we mazmunynyň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi ugrunda möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär. Çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy dünýä tejribelerine hem-de halkara ülňülere laýyklykda tapgyrlaýyn kämilleşdirilýär. Garaşsyz ýurdumyzda döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň we beýleki bilim-terbiýeçilik edaralarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen täze bilim usullaryny, maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmek ugrunda ägirt uly tejribe toplanylýar. Ýaş nesli milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek durmuşa geçirilýän özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ata Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ylymly, bilimli, terbiýeli, sagdyn ruhly, edepli, ýokary ahlakly şahsyýetleri kemala getirmek bolsa bilim ulgamynyň işgärleriniň mukaddes borjudyr. Şunuň bilen baglylykda, Gyzylarbat etrabyndaky 20-nji çagalar bakja-bagynda hem jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyn

Ylym-bilimde özgertmeler

Bäsleşik geçirildi «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» hem-de bu Konsepsiýany durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň çäklerinde 25-nji dekabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde mekdep okuwçylarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, hytaý dili dersi boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp okadylýan orta mekdepleriň we hytaý diline ýöriteleşdirilen 90-njy, 115-nji, 130-njy mekdepleriň gutardyş okuwçylary hem-de hytaý dilini öwrenýän okuwçylaryň 100-den gowragy işjeň gatnaşdylar. Hytaý dili dersi boýunça bäsleşigiň geçirilmegi häzirki döwürde ösüp gelýän ýaş nesillere daşary ýurt dilini öwrenmäge ýardam berer. Bäsleşige mekdep okuwçylarynyň taýýarlykly gelmegi ylymly-bilimli ýaşlaryň kemala gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bäsleşige gatnaşan okuwçylaryň işleri ýörite programma üpjünçiligi arkaly bahalandyryldy we toplanan ballaryň jemleri boýunça netijeler jemlenildi.

Ylym-bilimiň döwrebap mümkinçilikleri

Ýurdumyzda ylym-bilim babatda uly işler alnyp barylýar, ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän işler ösüşiň berk binýadyny üpjün edýär. Şeýle beýik işleriň hatarynda ylym-bilimiň döwrebap ösüşlerini hem aýratyn bellemek gerek. Şunda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler, ylmyň iň täze ugurlary, sanly tehnologiýalar aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Häzirki döwürde ylmyň berk binýady üpjün edildi we bu ugurdan ýaş hünärmenler, alymlar taýýarlanylýar. Esasan hem, dünýä tejribesini öwrenmekde halkara ylmy maslahatlar, bäsleşikler, sanly ulgam arkaly maslahatlar, okuwlar geçirilip durulýar. Bularyň hemmesi dünýäniň ylym giňişligi bilen aýakdaş gitmäge, sanly tehnologiýalaryň ösüşini yzygiderli öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Dünýäniň ylmy gazananlaryny özleşdirmek we ýokary derejeli ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmegi netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara ylmy giňişlikdäki abraýy barha ýokarlanýar. Munuň özi alymlarymyzyň ylmy-inženerçilik pikirlerini, öňdebaryjy gazananlaryny döwletimiziň we halkymyzyň, dünýä halklarynyň bähbidine, bütin adamzadyň abadançylygyna gönükdirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem munuň özi ýurdumyzda ylmy ösdürmäge uly üns berilýändigini aýdyň beýan edýär.

Halk döredijilik eserleri nusgalykdyr

Ata-babalarymyz dünýä gymmatlyklarynyň arasynda özboluşly, milli öwüşgin bilen tapawutlanýan ruhy we medeni baýlyklary miras galdyrdy. Medeni miras — bu perzendiň üstünde kökenek gerýän türkmen enesiniň hüwdüsidir, agras türkmen gojasynyň pendi-nesihatydyr. Mukaddes topragy goran gaýduwsyz gerçegiň wesýetidir, türkmeniň şan-şöhratdan doly geçmişine buýsanjydyr, şu gününe söýgüsidir, ertirine bolan ynamydyr. Ruhubelentligi we gaýduwsyzlygy ýaran edinen guýmagursak zehinli, suhangöýlik sungatyny gitdigiçe kämilleşdirip ýaşan türkmen halky örän köp ruhy gymmatlyklary döredip, özleriniň nesillerine miras galdyrypdyr. Muňa geçmişden, parasatly pederlerimizden miras galan ruhy gymmatlyklarymyza ser salan wagtymyzda anyk göz ýetirýäris. Halkymyzyň dünýä medeniýetine goşant goşan halkdygy hemmämize mälimdir. Şol ruhy gymmatlyklaryň gözbaşy bolsa halk döredijilik eserleridir. Şol dürdäne eserleri döredenler bolsa biziň ene-mamalarymyzdyr, ata-babalarymyzdyr. Şeýle ajaýyp eserler durşy bilen pähim-paýhasa ýugrulan genji-hazynadyr, tükeniksiz baýlykdyr. Halk döredijilik eserleri uzak ýyllaryň dowamynda timarlanyp, syntgylanyp, taryhy ösüş ýollaryny geçip, kem-kemden kämilleşip, biziň häzirki günlerimize öz gymmatlygyny ýitirmän gelip ýetipdir. Elbetde, bu tükeniksiz hazynanyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde halk hakydasynyň ähmiýeti örän uludyr. Ine, şol hakyda arkaly hem biz geçmişiň

Bilimli ýaşlar röwşen geljegimizdir

Ylym-bilim — dünýä akyl ýetirmegiň açary. Adamzat bilimleri özleşdirip, ylym öwrenip, öz-özüni açýar, şeýdip kämil şahsyýet kemala gelýär. Bilim almak, ylmy özleşdirmek, bilenleriňi paýlaşmak ajaýyp işdir. Ata-babalarymyz bilime-ylma uly hormat goýupdyr. Munuň şeýledigine irki medreseleriň, mekdepleriň, meşhur kitaphanalaryň bolmagy güwä geçýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýän ylym-bilime aýratyn ähmiýet berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Watanymyzyň ösüşleriniň binýady ylym-bilim bilen baglydyr. Häzirki wagtda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylym-bilimli, sowatly, belli bir käriň eýesi bolmagy ugrundaky aladalarymyz öz netijesini hem berýär. Bu gün bilim aljak, döretjek ýaş nesiller üçin ýollar açyk. Ylym-bilime, sungata höwesek ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler sanardan kän. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan bagtyýar, ylymly-bilimli ýaşlaryň ümzügi diňe öňe sary».

Lukmançylyk ylmy taryhy çeşmelerde

Merkezi Aziýa ylmyň we medeniýetiň gadymy ojaklarynyň biridir. Bu toprakda belli taryhçylar, matematikler, geograflar, botanikler we astronomlar ýaşapdyrlar we ylym öwrenipdirler. Olar adamzat medeniýetiniň ösmegine saldamly goşant goşupdyrlar. Taryhy çeşmeleriň şaýatlyk etmegine görä, halkymyzyň arasyndan çykan lukmanlara «atasagunlar» diýip at beripdirler. Gündogarşynas, akademik W.W.Bartoldyň bellemegine görä, bu sözüň emele gelmeginde gadymy «ata» sözüniň bolmagy türkmen maşgalasyndan çykan lukmany aňladypdyr. Türkmenler geçmişde «ata» sözüni dürli manyda ulanypdyrlar. Oguz iliniň atly-abraýly, akylly, aksakgallaryna, serkerdelerine «atabeg» diýipdirler. Türkmenlerde «ata» sözi bilen baglanyşykly gelen at derejäni aňladypdyr. Sözüň ikinji goşulmasy «sagun» orta asyrlaryň belli şahsyýeti Ýusup Balasagunlynyň adynda saklanyp galypdyr.

Sagdynlygyň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden, çuňňur paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň ХVI jildi düýpli ylmy maglumatlara baýdyr. Kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinmek bilen dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk melhemleri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Kitapda giňden beýan edilen adaty anisiň häsiýeti barada derman ösümlikdigi nygtalýar. Bu ösümlik garauklar (saýawanlylar) maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 50-60 sm bolan birýyllyk otjumak wekili. Ösümlik, esasan, Balkan we Lebap welaýatlarynda duşýar. Medeni oturymlarda ýabanylaşanlary gabat gelýär. Anisiň ýerasty we ýerüsti bölegi dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär.

Durmuş-ykdysady özgertmeler rowaçlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen işler netijeliligi bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, 21-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Netijeli işler üstünlige badalgadyr

Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işler alnyp barylýar. Welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler möhüm ähmiýete eýe bolup, zerur bolan tehnikalar bilen üpjün edilýär. Şunuň bilen baglylykda, 23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew, Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Gadymy mirasymyzyň, şöhratly taryhymyzyň beýany

Türkmen halky kitaba, pähimli sözlere belent sarpa goýýan halkdyr. Çünki kitap döwrüň taryhyny, halkyň durmuşyny we ruhuny özünde jemleýän gymmatlykdyr, bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Özi hem şöhratly taryhymyza buýsanç döredýän ajaýyp kitap gymmatly gollanmadyr. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyny ýüzümize sylyp, şöhratly taryhymyza aýdyň göz ýetirýäris, pähimdar pederlerimize buýsanýarys. Şöhratly taryhymyzy we gadymdan gözbaşly edebiýatymyzy öwrenmekde we dünýä ýaýmakda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň ähmiýeti uludyr. Bu her birimiz, esasan hem, alymlar üçin uly gollanmadyr. Häzirki döwrüň beýikligine we uzak geçmişiň şöhratyna düşünmek ynsany ruhy taýdan baýlaşdyrýar. Şonuň üçin hem beýik siwilizasiýalar, medeni ojaklar hakynda söz açylanda hökmany suratda pähimdar pederlerimiziň asylly ýörelgeleri aňymyzda janlanýar. Bu hem pähimdar pederleriň, akyldarlarymyzyň döreden gymmatlyklaryna düşünmäge ýardam berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda şeýle bellenilýär: «Pederlerimiz asyrlaryň mizan eleginden geçirip, bu durmuş hakykatyny pähime öwrüpdirler: Geçmişi bolmadygyň, geljegi bolmaz. Geçmiş — geljegiň berk binýady. Geçmiş — geljegi gurmagyň sapaklary. Geçmiş — pähim-parasat. Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan geçmişi, taryhy — mertligiň, gahrymançylygyň, ygrarlylygyň, bele

«Hakyda göwheri» — halkymyzyň nusgalyk ýoly

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby halkymyzyň gadymy taryhynyň, baý mirasynyň we medeniýetiniň, milli gymmatlyklarynyň halkara giňişligindäki şöhratly ornuny has-da belende galdyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda ýerleşdirilen halkymyzyň döreden milli gymmatlyklary, baý taryhy barada durmuşa geçirilen ylmy, filosofik, çeper mazmunly işler baradaky ylmy garaýyşlar ähli halkymyz bilen bir hatarda, ýaşlar, galyberse-de, geljekki nesiller üçin gymmatly edebi hazynadyr. Ajaýyp eserleri bilen halkymyzy täze-täze ýeňişlere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň bu eseri baý durmuş tejribesini özünde jemleýän türkmeniň gadymy taryhynyň özboluşly beýanydyr.