"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Pyragynyň arzuwlan zamanasynda

«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärdeşler arkalaşygy komitetiniň, konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen maslahat «Pyragynyň arzuwlan zamanasynda» diýlip atlandyryldy. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli şahyrlar, müdirligiň we medeniýet ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ähli ulgamlaryň işleriniň sazlaşykly alnyp barylýandygyny, medeniýet ulgamynda hem uly ösüşleriň gazanylýandygyny buýsanç bilen bellediler. Watanymyzyň abadançylygy, ýurdumyzyň parahatçylygy, ilimiziň agzybirligi üçin taýsyz tagallalary edýän mähriban Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Ýerli şahyrlar ata Watany, ene topragy jany-teni bilen söýen akyldar şahyr Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan goşgularyny okadylar.

Göwnümiziň ganaty

Etrek etrabynyň Madaw oba medeniýet öýünde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp, «Milli medeniýetim — göwün ganatym» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli medeniýetimiz we sungatymyz uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmäge giň ýol açyldy. Gahryman Arkadagymyz söz ussatlaryna, aýratyn-da beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýar.

Toý toýlandy il bolup

Türkmen Diýarynyň gadymy gündogarynda Gahryman Arkadagymyz Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen Medeniýet hepdeligine gelip, Kerkidäki täze Halkara howa menziliniň we Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň işine ak pata berdi. Toý lybasyny geýen Lebap welaýaty we onuň zähmetsöýer, sada ýaşaýjylary öz halkyny tüýs ýürekden söýýän milli Liderini toýlar içre güler ýüz, ak alkyşlar bilen garşylady. Hanasyna sygman, pagşyldysy uzaklardan eşidilýän Jeýhunyň ýakasyny etekläp oturan sebitde ýedi gije-gündizläp sungatyň toýy tutuldy. Toýly günleriň her sagady, her minuty oňa gatnaşyjylarda ömürlere barabar ýakymly ýatlamalar galdyrdy. Toý toýlamaga ähli welaýatlardan we merkezden gelen döredijilik işgärleri üçin hepdäniň anna güni has-da täsirli boldy. Ir säher bilen gadymy Kerki şäherine tarap ýola düşüldi. Ol ýerde «Kerki» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän Astanababa binagärlik toplumyna, Alamberdaryň kümmetine zyýarat edildi. Kerki şäheriniň merkezinden 10 kilometr günbatarda ýerleşýän Astanababa binagärlik toplumy ilkinji gezek ХII asyrda bina edilipdir. Professor G.A.Pugaçenkowanyň maglumatlaryna görä, ýadygärligiň metjidi Seljuklar soltanlygy döwründe gurlupdyr. Bu ýerde Zeýd Alynyň hem-de Zübeýd Alynyň guburhanalary we Gyzlarbibiniň aramgähi bar. Rowaýata görä, Balhyň Har welaýatynyň

Hak howandarly medeniýet

Hormatly Prezidentimiz medeniýeti halkymyzyň kalby hasaplamak bilen, türkmen medeniýetini, sungatyny hem-de edebiýatyny ösdürmäge ýakyndan üns berýär. Edilýän goldaw-hemaýatyň, döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde bu ulgam haýran galdyryjy ösüşlere eýe bolýar. Oňa ýakynda Lebap topragymyzda ýokary derejede geçirilen Medeniýet hepdeligi aýdyň şaýatlyk etdi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu çäre milli medeniýetimiziň kämilligiň täze derejelerine çykýandygynyň subutnamasy bolup, dünýä ýaň saldy. Mele suwly Jeýhunyň kenary hepdeligiň geçýän günlerinde ynsanlaryň kalplaryny joşduryp, göwünlerini ganatlandyrýan şirin labyzly aýdymlaryňdyr sazlaryň, beýik döwrümizi, Arkadag Prezidentimiziň halkymyza bagyş eden bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän goşgularyň belent owaz bilen ýaňlanýan mekanyna öwrüldi. Guralan sergiler, döredijilik duşuşyklary, maslahatlar, sahna oýunlary oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Bu çäre türkmen medeniýetiniň köp öwüşginliligini, döwrebap derejede ösýändigini görkezdi.

Sahnada — «Saz rowaýaty»

Welaýatymyzda ýokary guramaçylykly geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäginde Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda «Saz rowaýaty» atly sahna oýnunyň ilkinji gezek görkezilişi boldy. Bu spektakly tomaşaçylar gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşy aldylar. Bu sahna oýny welaýatymyzda irki döwürlerden bäri aýdylyp gelinýän «Gelin ýöreýşi» atly dessan esasynda sahnalaşdyryldy. Onda baş keşplerde Türkmenistanyň halk artistleri Akjagül Suhanowa, Babageldi Rejepow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Babamyrat Aşyrow, zehinli artistler Jemal Saparowa, Şöhrat Illiýew, Gülälek Şaýmerdanowa, Myrat Hekimow, Döwlet Hojanazarow dagy çykyş edýärler. Taryhy eser hökmünde janlandyrylan bu spektaklyň baş gahrymanlary — Nowgülüň keşbiniň üsti bilen türkmen gelin-gyzlarynyň asyllylygy, söýgüsine wepalylygy, agraslygy, Myrat baýyň keşbi bilen bolsa, merdana ýigitlerimiziň tutanýerliligi, zähmetsöýerligi açylyp görkezilýär. Şeýle-de eserde türkmen sazynyň jadylaýjy güýji dogrusynda giňişleýin gürrüň berilýär.

Medeniýetiň Jeýhun kibi joşguny

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda baky Bitarap Watanymyzyň taryhy ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp wakalar Lebap welaýatynda uly dabaralara beslendi. Bu bolsa toýdur baýramlary goşa-goşadan gelýän ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen bilelikde toýlanýan günlerinde halkymyz üçin ýatdan çykmajak toý sowgady boldy. «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip, medeniýetimizi, milliligimizi sungatsöýer halkymyzyň päkize, arassa niýetli kalbyna deňeýän hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gadymy Lebap topragynda Medeniýet hepdeligine badalga bermegi, diňe bir Lebap ilini däl, eýsem, bütin türkmen halkynyň şatlygyny goşalandyrdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlaýan Watanymyzyň Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde täze Halkara howa menziliniň hem-de Türkmenabatda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylmagy bolsa bu dabaranyň üstüni ýetirdi. Täze howa menzili yklymyň iri ulag-logistika merkezi bolmak bilen bir hatarda, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka hökmünde hyzmat eder. Milli Liderimiziň toplumlaýyn derejede alyp barýan ulag-logistika syýasatynda möhüm ähmiýete eýe bolan bu Halkara howa menzili Watanymyzyň dünýä derejesindäki eýeleýän ornuny has-da berkider. Kerki Halkara howa menziline ýerleşýän

Her ýürekde, her ykbalda, her kasamda siz, Arkadag!

Siz Şamçyrag dünýä ýalkym, gül Watan bagtyň keşbinde,Ylham joşy tolkun-tolkun, seslenýär Watan yşkynda,Howandary Siz il-halkyň, göwünler gülleň müşkünde,Her ýürekde, her ykbalda, her kasamda Siz, Arkadag,Sarpaňyz dünýä ykrarda, giň jahanda Siz, Arkadag! Gül Watan sarsmaz kuwwatly, pederleň ýaşan topragy,Geljege gadamlar batly, ýaňlanýar hüwdi sesleri,Ýaşaýas gujur-gaýratly, päk asmanda ak kepderi,Keşbiňiz roýy-ruhsarda, gül mekanda Siz, Arkadag,Sarpaňyz dünýä ykrarda, giň jahanda Siz, Arkadag!

Sungatyň jadyly görnüşi

Gadymy Lebap topragynda geçirilen Medeniýet hepdeligi, sözüň doly manysynda, ýatdan çykmajak wakalara we özboluşly aýratynlyklara baý boldy. Bu bolsa hepdeligiň çägindäki dabaralardyr çärelere gyzyklanmany has-da artdyrdy. Şeýle aýratynlyklaryň biri hem kino günleriniň geçirilmegidir.

Goşa baýramyň şanyna

Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda eziz Diýarymyzda toý-baýramlar dowamly gelýär. Geçen ýekşenbe güni, 27-nji iýunda ýurdumyzda ýene bir goşa baýram — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçildi. Baýramçylyk çäreleri Aşgabadyň merkezinde, şahyryň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýän Magtymgulynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy bilen başlandy.

Dabarasy dag aşdy

Her ýylda bir welaýatda ýa-da paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylary bu ýyl Lebap welaýatynyň halky güler ýüz bilen garşy aldy. Gadymy Amul topragynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan toý-dabaralarynyň gerimi giň hem köpdürli boldy. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde döredijilik işgärleriniň Lebap welaýatynyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelençleriň guralmagy ýatdan çykmajak täsirleri bagyş etdi. Medeniýet hepdeliginiň dowamynda ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, kino hem sahna ussatlary bilen guralan döredijilik duşuşyklary gyzykly geçdi. Döredijilik işgärleriniň şeýle duşuşyklary ruhy dünýäňi baýlaşdyrýan, gözellige besleýän pursatlara baý bolup, hakydalarda ebedilik galdy.

Ylham joşguny

Ýürekleň töründe eziz Arkadag! Ak günlere kerwenbaşy, merdana,Başym gurban Hakdan gelen permana,Geldiňiz türkmene ganat germäge,Sözleriň düründe eziz Arkadag,Ýürekleň töründe eziz Arkadag!

Watan üçin ýaşamak

Bir gezek bilegi berdaşly, dogumy daglara bäs edýän, gözlerinden ot syçrap duran, gorky-ürkä per bermezek, her zähmete werdiş bolan ýaş ýigitleriň biri Oguzhanyň huzuryna baryp: «Han aga, siziň gullugyňyza geldim. Ömrümi Watan wepasyna, halk hyzmatyna bagyş etmekçi» diýipdir. Oguzhan ýaş ýigidi parasat nazary bilen synlap: «Ýeri, sen Watanyň hatyrasyna nämeleri başararsyň we nämelere taýýar?» diýip sorapdyr. «Buýran her bir zadyňyzy gaýra goýman berjaý etmäge, gerek bolsa, Watan üçin şirin jandan geçmäge taýýar» diýip, ýaş ýigit pert-pert jogap beripdir. «Ogul, sen ilki Watan üçin ýaşap bilýändigiňi görkez. Watan üçin serden geçmäge taýýardygyňa ynanarym ýaly...» diýip, Oguzhan ol ýigidi ýanyna nökerlige kabul edipdir. Bir zadyň hatyrasyna jan dözülýän bolsa, şonuň hatyrasyna ýaşap bilmegem uly mertebedir. Aslynda, niýetlerimiziň çynlygy we çuňlugy, berkligi we beýikligi şol ýerde bilinýär: biz öz beýik idealymyz — beýik maksatlarymyz üçin ýaşamaga näderejede taýýar? Biziň beýiklik hasap edýän mukaddesliklerimiz nämelerden ybarat? Ömrüň manysynyň öňde goýan maksatlaryňa görä kesgitlenilýändigi ir döwürlerden bäri ýaňzydylýan hakykat.

«Näzli» joşup tans edende

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Medeniýetiň ösmegi, sungatyň kämilleşmegi jemgyýetimiziň bütewiligini şertlendirýär. Çünki medeniýet halkyň kalbydyr, sungat milletiň mertebesidir» diýip belleýär. Mähriban Arkadagymyz milli medeniýetimizi ösdürmekde, mirasymyzy gaýtadan dikeltmekde, wagyz etmekde we dünýä ýaýmakda bahasyna ýetip bolmajak işleri ýerine ýetirýär. Ýurdumyzda halkara festiwallaryň, Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi bu ugurda uly öňegidişlikleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda her ýylyň iýun aýynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Her ýylda bir welaýatda geçirilmegi däbe öwrülen bu dabaraly baýram «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Lebap welaýatynda uly şatlyk-şowhuna beslendi. Biz Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň «Näzli» döredijilik merkeziniň çeper ýolbaşçysy Gözel Gurbanowa bilen söhbetdeş bolanymyzda ol ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi: — Hormatly Prezidentimiz: «Medeniýet hepdeligi — ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň, artistleriniň, kitaphana, muzeý, kino, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň w

Şygryýet äleminiň ägirdi

Türkmen taryhynda, edebiýatynda baý we çuň manyly edebi mirasy bilen öçmejek yz goýan beýik şahsyýetleriň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrüldi. Beýik şahyryň goşgulary ýaş nesilleriň durmuşda maksatlaryny anyk kesgitlemek endikleriniň kemala gelmegine uly täsirini ýetirýär. Akyldar Magtymguly Pyragynyň goşgulary maşgalanyň, halkyň, ata Watanyň abraý-mertebesini belende götermek hyjuwynyň her bir ynsanda beýik adamkärçilikli sypatlaryň kemala gelmegi üçin örän gymmatlydyr.

Medeniýetiň döredijilik güýji

Öňňin ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan düýpli özgertmeler medeniýet ulgamyny has-da ösdürmekde, täze ösüşlere beslemekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny yzygiderli kämilleşdirmek, täze eserler bilen baýlaşdyrmak, medeniýet we sungat işgärlerini, ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri çeper döredijilige höweslendirmek, olary maddy taýdan goldamak maksady bilen, bu ugurda zerur işler alnyp barylýar.

Kalbymyzyň şamçyragy

26-njy iýunda paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilen baýramçylyga — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Ylymlar akademiýasy hem-de Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde guralan «Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly halkara maslahat üstünlikli geçirildi. Halkara maslahatyň açylyşy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde boldy. Amerika, Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň ylym, bilim we döredijilik ulgamlarynyň wekillerini birleşdiren maslahatyň umumy mejlisiniň dowamynda Azerbaýjanyň, Fransiýanyň, Hindistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, şeýle hem ýurdumyzyň iri ylmy-medeni merkezleriniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Halkara maslahat Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ylmy bölümleriň dördüsi boýunça dowam etdi. «Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly halkara maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. 27-nji iýunda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi. Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň merkezinde, şahyryň adyny göterýän şaýoluň

Baky bahar Aşgabat

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Ýaşlar baýragynyň eýesi Italmaz Nuryýewiň döredijiliginde Watan meselesi iň köp işlenen temadyr. Ol bu baky ýörelgäni nusgawy edebiýatyň döredijiliginiň gory esasynda özleşdirip, çeper görnüşde beýan edýär. Şahyryň aýdym bolup ýaňlanýan «Aşgabat» atly şygrynda paýtagtymyzyň keşbi çuňňur many-mazmunly pikirler, çeper deňeşdirmeler bilen berilýär. Goşguda ata Watanyň ýeke-täkdigi, onuň ornuny tutup biljek hiç bir zadyň ýokdugy: Kän gezdim dünýäni, tapmadym taýyň,Sen meniň ýalňyzym, ýazym, Aşgabat.Ak ýollaryň uzap barýar günsaýyn,Belent çykýar hoş owazyň, Aşgabat —

Medeniýet halkyň kalbydyr

BAGTYÝARLYK DÖWRÜNIŇ DÖREDIJILIK SAZLAŞYGY 25-nji iýunda Diýarymyzyň gündogar welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň taryhy-binagärlik ýadygärliklerini öwrenmek we gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýetini hem-de kino sungatynyň ýeten sepgitlerini açyp görkezýän dabaralar boldy.

Milli medeniýetiň, beýik şygryýetiň baýramy

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni welaýatymyzda dabaraly bellenilip geçildi Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde uly şatlyk-şowhun bilen garşylanan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaralary biziň welaýatymyzda hem ir säher bilen ýaşuly nesliň wekilleriniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň, edara-kärhanalaryň, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylarynyň, medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň, ýaşlaryň Magtymgulynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy bilen başlanyp, baýramçylyk mynasybetli geçirilen dabaralar uly many-mazmuna eýe boldy.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenilip geçildi

Şanly senä bagyşlanyldy Bilşimiz ýaly, toýlary-toýlara ulaşýan güneşli Diýarymyzda ýene bir şanly sene — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni şatlyk- -şowhuna beslenip bellenilip geçildi. Geçen ýekşenbede şu sene mynasybetli akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň Mary şäheriniň merkezindäki ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy.