Dabarasy dag aşdy

28 Iýun 2021
966

Her ýylda bir welaýatda ýa-da paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylary bu ýyl Lebap welaýatynyň halky güler ýüz bilen garşy aldy. Gadymy Amul topragynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan toý-dabaralarynyň gerimi giň hem köpdürli boldy.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde döredijilik işgärleriniň Lebap welaýatynyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerine gezelençleriň guralmagy ýatdan çykmajak täsirleri bagyş etdi. Medeniýet hepdeliginiň dowamynda ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, kino hem sahna ussatlary bilen guralan döredijilik duşuşyklary gyzykly geçdi. Döredijilik işgärleriniň şeýle duşuşyklary ruhy dünýäňi baýlaşdyrýan, gözellige besleýän pursatlara baý bolup, hakydalarda ebedilik galdy.

Çemen ANNABERDIÝEWA,
«Watan».