Medeniýetiň Jeýhun kibi joşguny

28 Iýun 2021
957

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda baky Bitarap Watanymyzyň taryhy ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp wakalar Lebap welaýatynda uly dabaralara beslendi. Bu bolsa toýdur baýramlary goşa-goşadan gelýän ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen bilelikde toýlanýan günlerinde halkymyz üçin ýatdan çykmajak toý sowgady boldy.

«Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip, medeniýetimizi, milliligimizi sungatsöýer halkymyzyň päkize, arassa niýetli kalbyna deňeýän hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gadymy Lebap topragynda Medeniýet hepdeligine badalga bermegi, diňe bir Lebap ilini däl, eýsem, bütin türkmen halkynyň şatlygyny goşalandyrdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlaýan Watanymyzyň Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde täze Halkara howa menziliniň hem-de Türkmenabatda «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylmagy bolsa bu dabaranyň üstüni ýetirdi. Täze howa menzili yklymyň iri ulag-logistika merkezi bolmak bilen bir hatarda, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka hökmünde hyzmat eder. Milli Liderimiziň toplumlaýyn derejede alyp barýan ulag-logistika syýasatynda möhüm ähmiýete eýe bolan bu Halkara howa menzili Watanymyzyň dünýä derejesindäki eýeleýän ornuny has-da berkider. Kerki Halkara howa menziline ýerleşýän ýeriniň dört harply UTAE kodunyň berlendigi baradaky ICAO-nyň resminamasynyň hem-de Mýunhen Halkara howa menzili tarapyndan halkara ülňülerine laýyk gurlandygy baradaky laýyklyk güwänamasynyň gowşurylmagy bagtyýar ildeşlerimiziň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Bir söz bilen aýdylanda, bu Halkara howa menzili häzirki döwrüň ösen tehnologiýa we halkara ülňülerine, mundan başga-da, uçuşlaryň howpsuzlygyny we ýolagçylara edilýän hyzmatlary dolulygyna üpjün etmekde innowasiýanyň ýokary derejeli talaplaryna laýyk gelýär.

Jemile ORAZMYRADOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň 2-nji derejeli kitaphanaçysy.