Medeniýetiň döredijilik güýji

28 Iýun 2021
765

Öňňin ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna iberen Gutlagynda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan düýpli özgertmeler medeniýet ulgamyny has-da ösdürmekde, täze ösüşlere beslemekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny yzygiderli kämilleşdirmek, täze eserler bilen baýlaşdyrmak, medeniýet we sungat işgärlerini, ýazyjy-şahyrlary, žurnalistleri çeper döredijilige höweslendirmek, olary maddy taýdan goldamak maksady bilen, bu ugurda zerur işler alnyp barylýar.

Ýörite habarçymyz.