Sahnada — «Saz rowaýaty»

28 Iýun 2021
978

Welaýatymyzda ýokary guramaçylykly geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäginde Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda «Saz rowaýaty» atly sahna oýnunyň ilkinji gezek görkezilişi boldy. Bu spektakly tomaşaçylar gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşy aldylar.

Bu sahna oýny welaýatymyzda irki döwürlerden bäri aýdylyp gelinýän «Gelin ýöreýşi» atly dessan esasynda sahnalaşdyryldy. Onda baş keşplerde Türkmenistanyň halk artistleri Akjagül Suhanowa, Babageldi Rejepow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Babamyrat Aşyrow, zehinli artistler Jemal Saparowa, Şöhrat Illiýew, Gülälek Şaýmerdanowa, Myrat Hekimow, Döwlet Hojanazarow dagy çykyş edýärler. Taryhy eser hökmünde janlandyrylan bu spektaklyň baş gahrymanlary — Nowgülüň keşbiniň üsti bilen türkmen gelin-gyzlarynyň asyllylygy, söýgüsine wepalylygy, agraslygy, Myrat baýyň keşbi bilen bolsa, merdana ýigitlerimiziň tutanýerliligi, zähmetsöýerligi açylyp görkezilýär. Şeýle-de eserde türkmen sazynyň jadylaýjy güýji dogrusynda giňişleýin gürrüň berilýär.

Eneş JORAÝEWA,
ýörite habarçymyz.