Pyragynyň arzuwlan zamanasynda

28 Iýun 2021
796

«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärdeşler arkalaşygy komitetiniň, konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen maslahat «Pyragynyň arzuwlan zamanasynda» diýlip atlandyryldy. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli şahyrlar, müdirligiň we medeniýet ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ähli ulgamlaryň işleriniň sazlaşykly alnyp barylýandygyny, medeniýet ulgamynda hem uly ösüşleriň gazanylýandygyny buýsanç bilen bellediler. Watanymyzyň abadançylygy, ýurdumyzyň parahatçylygy, ilimiziň agzybirligi üçin taýsyz tagallalary edýän mähriban Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Ýerli şahyrlar ata Watany, ene topragy jany-teni bilen söýen akyldar şahyr Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan goşgularyny okadylar.

Nursoltan DEPBIÝEWA,
«Balkan».