«Näzli» joşup tans edende

28 Iýun 2021
935

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Medeniýetiň ösmegi, sungatyň kämilleşmegi jemgyýetimiziň bütewiligini şertlendirýär. Çünki medeniýet halkyň kalbydyr, sungat milletiň mertebesidir» diýip belleýär. Mähriban Arkadagymyz milli medeniýetimizi ösdürmekde, mirasymyzy gaýtadan dikeltmekde, wagyz etmekde we dünýä ýaýmakda bahasyna ýetip bolmajak işleri ýerine ýetirýär. Ýurdumyzda halkara festiwallaryň, Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi bu ugurda uly öňegidişlikleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda her ýylyň iýun aýynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Her ýylda bir welaýatda geçirilmegi däbe öwrülen bu dabaraly baýram «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Lebap welaýatynda uly şatlyk-şowhuna beslendi. Biz Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň «Näzli» döredijilik merkeziniň çeper ýolbaşçysy Gözel Gurbanowa bilen söhbetdeş bolanymyzda ol ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:

— Hormatly Prezidentimiz: «Medeniýet hepdeligi — ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň, artistleriniň, kitaphana, muzeý, kino, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we neşirýat ulgamynyň işgärleriniň, aýdym-saz, folklor, tans toparlarynyň döredijilik mümkinçiliklerini, hünär ussatlygyny açyp görkezýän, medeniýet babatda ýetilen sepgitleri dünýä ýaýýan sungat baýramydyr» diýip belleýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda toýlary goşa-goşadan gelýän eziz Diýarymyz hormatly Arkadagymyzyň baştutanlygynda has-da baýramçylyk joşgunyna beslendi. Bu ýylda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň dabaraly bellenilip geçilmegi, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan Medeniýet hepdeliginiň şatlyk-şowhuna beslenip, joşgunly bellenilmegi halkymyzyň buýsanjyny, şatlygyny goşalandyrdy. Şeýle dabaraly pursatlaryň şatlyk-şowhunyny belende galdyrmak, şirinden-şirin aýdymlary, hoş owazly nagmalary, ajaýyp tanslary bilen halkyň göwnüni göterip, ruhy lezzet paýlamak sungat ussatlarynyň paýyna düşýär. Biz hem sungat işgärleri bolup «Näzli» tans toparymyz bilen bu dabaraly baýramçylykda Begenç Hojaýewiň sazyna Züleýha Kakaýewanyň ýerine ýetirmeginde «Ak öýüň ýaraşygy», Maksat Hudaýberdiýewiň sazyna Dilber Rahmanowanyň aýtmagynda «Ýürek owazym» atly aýdym we ajaýyp tanslarymyz bilen çykyş etdik. Ýaşlaryň zehin başarnygyny açyp görkezmekde, medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä ýaýmakda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaç bolsun, toýlar-toýa ulaşsyn!

Dursun HOJATOWA,
«Aşgabat».