Baky bahar Aşgabat

28 Iýun 2021
770

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Ýaşlar baýragynyň eýesi Italmaz Nuryýewiň döredijiliginde Watan meselesi iň köp işlenen temadyr. Ol bu baky ýörelgäni nusgawy edebiýatyň döredijiliginiň gory esasynda özleşdirip, çeper görnüşde beýan edýär. Şahyryň aýdym bolup ýaňlanýan «Aşgabat» atly şygrynda paýtagtymyzyň keşbi çuňňur many-mazmunly pikirler, çeper deňeşdirmeler bilen berilýär. Goşguda ata Watanyň ýeke-täkdigi, onuň ornuny tutup biljek hiç bir zadyň ýokdugy:

Kän gezdim dünýäni, tapmadym taýyň,
Sen meniň ýalňyzym, ýazym, Aşgabat.
Ak ýollaryň uzap barýar günsaýyn,
Belent çykýar hoş owazyň, Aşgabat —

Täzegül TÄÇMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.