Kalbymyzyň şamçyragy

28 Iýun 2021
839

26-njy iýunda paýtagtymyzda ýurdumyzda giňden bellenilen baýramçylyga — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Ylymlar akademiýasy hem-de Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde guralan «Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly halkara maslahat üstünlikli geçirildi. Halkara maslahatyň açylyşy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde boldy. Amerika, Ýewropa we Aziýa yklymlarynyň ylym, bilim we döredijilik ulgamlarynyň wekillerini birleşdiren maslahatyň umumy mejlisiniň dowamynda Azerbaýjanyň, Fransiýanyň, Hindistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, şeýle hem ýurdumyzyň iri ylmy-medeni merkezleriniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Halkara maslahat Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ylmy bölümleriň dördüsi boýunça dowam etdi. «Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly halkara maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

27-nji iýunda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi. Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň merkezinde, şahyryň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýän Magtymgulynyň ýadygärligine halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy — Magtymguly Pyragynyň zehinine hem-de edebi mirasyna belent sarpanyň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp gül dessesi goýuldy. Soňra ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ylym we medeniýet işgärleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gül desselerini goýdular.

«Aşgabat».