Şygryýet äleminiň ägirdi

28 Iýun 2021
978

Türkmen taryhynda, edebiýatynda baý we çuň manyly edebi mirasy bilen öçmejek yz goýan beýik şahsyýetleriň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrüldi.

Beýik şahyryň goşgulary ýaş nesilleriň durmuşda maksatlaryny anyk kesgitlemek endikleriniň kemala gelmegine uly täsirini ýetirýär. Akyldar Magtymguly Pyragynyň goşgulary maşgalanyň, halkyň, ata Watanyň abraý-mertebesini belende götermek hyjuwynyň her bir ynsanda beýik adamkärçilikli sypatlaryň kemala gelmegi üçin örän gymmatlydyr.

Jahan SAPAROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.