Watan üçin ýaşamak

28 Iýun 2021
833

Bir gezek bilegi berdaşly, dogumy daglara bäs edýän, gözlerinden ot syçrap duran, gorky-ürkä per bermezek, her zähmete werdiş bolan ýaş ýigitleriň biri Oguzhanyň huzuryna baryp: «Han aga, siziň gullugyňyza geldim. Ömrümi Watan wepasyna, halk hyzmatyna bagyş etmekçi» diýipdir. Oguzhan ýaş ýigidi parasat nazary bilen synlap: «Ýeri, sen Watanyň hatyrasyna nämeleri başararsyň we nämelere taýýar?» diýip sorapdyr. «Buýran her bir zadyňyzy gaýra goýman berjaý etmäge, gerek bolsa, Watan üçin şirin jandan geçmäge taýýar» diýip, ýaş ýigit pert-pert jogap beripdir. «Ogul, sen ilki Watan üçin ýaşap bilýändigiňi görkez. Watan üçin serden geçmäge taýýardygyňa ynanarym ýaly...» diýip, Oguzhan ol ýigidi ýanyna nökerlige kabul edipdir.

Bir zadyň hatyrasyna jan dözülýän bolsa, şonuň hatyrasyna ýaşap bilmegem uly mertebedir. Aslynda, niýetlerimiziň çynlygy we çuňlugy, berkligi we beýikligi şol ýerde bilinýär: biz öz beýik idealymyz — beýik maksatlarymyz üçin ýaşamaga näderejede taýýar? Biziň beýiklik hasap edýän mukaddesliklerimiz nämelerden ybarat? Ömrüň manysynyň öňde goýan maksatlaryňa görä kesgitlenilýändigi ir döwürlerden bäri ýaňzydylýan hakykat.

Rahmet GYLYJOW,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory.