Hak howandarly medeniýet

28 Iýun 2021
1110

Hormatly Prezidentimiz medeniýeti halkymyzyň kalby hasaplamak bilen, türkmen medeniýetini, sungatyny hem-de edebiýatyny ösdürmäge ýakyndan üns berýär. Edilýän goldaw-hemaýatyň, döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde bu ulgam haýran galdyryjy ösüşlere eýe bolýar. Oňa ýakynda Lebap topragymyzda ýokary derejede geçirilen Medeniýet hepdeligi aýdyň şaýatlyk etdi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu çäre milli medeniýetimiziň kämilligiň täze derejelerine çykýandygynyň subutnamasy bolup, dünýä ýaň saldy.

Mele suwly Jeýhunyň kenary hepdeligiň geçýän günlerinde ynsanlaryň kalplaryny joşduryp, göwünlerini ganatlandyrýan şirin labyzly aýdymlaryňdyr sazlaryň, beýik döwrümizi, Arkadag Prezidentimiziň halkymyza bagyş eden bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän goşgularyň belent owaz bilen ýaňlanýan mekanyna öwrüldi. Guralan sergiler, döredijilik duşuşyklary, maslahatlar, sahna oýunlary oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Bu çäre türkmen medeniýetiniň köp öwüşginliligini, döwrebap derejede ösýändigini görkezdi.

Mahym ARSLANOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Darganata etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.