"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Orazmyrat gelmänkä...»

«Şägirtleriňiz barada gürrüň beräýseňiz» diýip ýüz tutan wagtymyz Ýolaman Nurymow, ilki bilen, Türkmenistanyň halk artisti, ussat sazanda Orazmyrat Annanepesowyň adyny tutdy: — Orazmyrat ilkinji şägirdim. 1977-nji ýylda meni şol mahalky Türkmen döwlet pedagogiki sungat institutynda dutarçylar ansamblyny döretmek üçin çagyranlarynda, ol birinji ýyllyk talyby eken. Orazmyrat okuwa gaty yhlaslydy, zehinlidi, çaltdy. Bir zat aýdyp ýa görkezip bildigiň bolany. Ol eýýäm taýyndyr. Onsoň beýleki ýoldaşlary şol bir zady öwrenýänçä, başga sazlary çalmagy öwretmegimi haýyş ederdi, günüme goýmazdy. Käwagt talyplaryma ýumuş tabşyryp: «Şu gün gaty ýadadym, Orazmyrat gelmänkä gideýin» diýip degşerdim.

Milli medeniýetiň güýç-kuwwaty ynsanperwer gymmatlyklarynyň dowamatlylygynyň gözbaşydyr

Medeniýet hepdeligi – 2021: birinji gün Medeniýet hepdeligi milli medeniýetiň köpöwüşginliligini, döwletiň we jemgyýetiň ösüşindäki ornuny, ägirt uly parahatçylyk dörediji kuwwatyny görkezýär. Häzirki zaman jemgyýetiniň berkarar bolmagynda, onuň ata-babalarymyzdan miras galan däpleriň hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň, türkmen halkynyň intellektual we döredijilik kuwwatynyň esasynda ösmeginde hut medeniýet ulgamy möhüm orun eýeleýär. Däp bolşy ýaly, Medeniýet hepdeligi eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp guralýar. Munuň özi nesilleriň ruhy arabaglanyşygynyň dowamatlylygyny alamatlandyrýar.

Arkadag bilen galkynýan Watan

Ajaýyp ösüşlere beslenen taryhy döwrümizde ýurdumyz ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, toýlarymyz toýlara ulaşýar. Şeýle bagtyýarlygyň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyz hakda edýän bimöçber aladalary, taýsyz tagallalary dur. Şoňa görä-de, bu gün bagtyýar ulus-ilimiz milli Liderimiziň daşyna barha mäkäm jebisleşýär. Ol gün Änew şäherindäki Medeniýet öýüniň öňündäki giň meýdançada «Arkadag bilen galkynan Watan» ady bilen geçirilen aýdym-sazly dabarada hem bu hakykat aýdyň duýuldy. Hormatly Prezidentimiziň doglan güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan joşgunly dabara uly ruhubelentlige eýe boldy. Ildeşlerimiziň milli Liderimize bolan çäksiz söýgüsiniň we buýsanjynyň dabaralanmasyna öwrülen aýdym-sazly dabarany welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň, sahna ussatlarynyň belent ruha beslenen çykyşlary bezedi. Welaýatymyzyň etraplaryndan hem-de Tejen şäherinden gelen aýdym-saz, tans we halk döredijilik toparlary gezekli-gezegine sahnada ajaýyp çykyşlaryny görkezdiler.

Saz barada

Sungat ynsanda zehiniň, ukybyň we taýýarlygyň üsti bilen ýüze çykýar. Abu Nasyr Faraby.

Il bähbitli desgalar

Toý gününde ýürekler şatlyk küýseýär. Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda şatlyk-şowhuna beslenip geçirilen Medeniýet hepdeligi halkyň öz medeniýetiniň hormatyna bir hepdeläp döwlet derejesinde bellenildi. Döwlet derejesindäki toý-baýramlarda il bähbitli binalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi indi Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda özboluşly ajaýyp dessura öwrüldi.

Gyjak owaz eýlär ussat elinde

Serdar şäherinde 1939-njy ýylda gullukçy maşgalasynda eneden doglan oglanjyga Gulnyýaz aga Döwletmyrat diýip at goýdy. Maşgalanyň dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary, goňşy-golamlary gelip, onuň adyna eýe bolmagyny dileg etdiler, gutladylar. Şol döwürde köp öýde il içinde «gara kelle» diýlip atlandyrylýan radio bolardy. Kiçijik Döwletmyrat aglap duran hem bolsa, radioda aýdym-saz ýaňlansa, derrew sesini goýardy. Muny ilki duýan onuň käbesi Ogulnar eje boldy. Bu ýagdaýy ol adamsyna gürrüň berdi. Döwletmyrat ýörjen-ýörjen bolup daşarda çagalar bilen oýna gyzyşyp ýören wagty radioda aýdym-saz ýaňlansa, oýnuny taşlap, şol tarapa okdurylýardy. Ol 3-4 ýaşyna ýetende, goňşularynyň ulurak çagalarynyň biriniň ýarym gulaç ýaly insizräk tagtanyň iki ujuna çüý kakyp, oňa-da inçeräk sim dakyp, owaz çykmasa-da, daşarda ähli çagalary daşyna üýşürip, saz çalan bolup ýörenini gördi. Aglap öýe geldi-de: «Maňa alyp ber» diýip, ejesiniň elinden çekip, daşaryk alyp çykdy we saz çalyp ýören oglany görkezdi.

Kitaphanalar — paýhaslar ojagy

«Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär» diýip nygtamak bilen, milli Liderimiz kitaba uly hormat goýýar. Çünki hormatly Prezidentimiz öz döreden ajaýyp eserleri bilen halkyň kalbyna girdi. Dünýä döräli bäri, adamzat nesli nähili işleri amala aşyran bolsa, bularyň ählisi kitaplaryň gatlarynda saklanyp galypdyr. Şoňa görä-de, kitap baky ýaşamak ukybyna eýedir, ynsanyň eden işiniň ýitip gitmejek, müdimi galjak ebedi miwesidir. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň medeniýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolan kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek maksady bilen birnäçe Kararlary kabul etdi. Şol taryhy çözgütler esasynda hem ýurdumyzda kitaphana işi döwrebap kämilleşdirilýär. Diýarymyzda kitaphanalara berilýän goldaw-hemaýat has-da ýokarlanýar. Hormatly

Garaşsyzlyk

Ynam berdiň geljege, Garaşsyzlyk döwrümiz.Çyndan uýduk Gerçege, Garaşsyzlyk döwrümiz. Ylym guýduň, aň guýduň,                                 ýagty geljege uýdum.Äleme ganat ýaýdym,                             Garaşsyzlyk döwrümiz.Ýaşyl tugum parlaýar,                              hemaýat ol kalplara,Hormatymyz belentdir                             gadym peder-alplara.

Dim-dik bolsun, goý, kamatyň derek deý!

Durmuş daragtynyň beýany Dogrudan-da, ýylymyzyň nyşanyndaky derek agajyna gözüň düşende dünýäňi iň ýakymly duýgular gaplap alýar. Onuň gözelliginden ylham, hyruç alýarsyň.

Öňdebaryjylara sylaglar

Ilimiz golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenabat şäherimize bezeg berip, dürli medeni-köpçülik çäreleriniň geçýän ýerine öwrüljek «Türkmeniň ak öýi» binasynyň toýuny tutdy. Döwletliligiň, ýurt berkararlygynyň nyşany bolan bu binada eýýäm tutumly dabaralar, aýdym-sazly çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Golaýda halkymyzyň ak bagtyna meňzäp duran ymaratda köpadamly dabara guraldy. Onda eziz Diýarymyzy ösüşler ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan, halkymyz üçin kaşaň binalary gurdurýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy. Hakydalarda uzak wagtlap saklanjak dabaranyň dowamynda üstümizdäki ýylda pile taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanan ýüpekçiler, daýhan birleşikleri we etraplar yglan edildi hem-de olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Medeniýet gülleýär bu ajaýyp Diýarda

Milli medeniýetiň, sungatyň gülläp ösýän mekany bolan ata Watanymyzda medeniýet we sungat işgärleri barada edilýän aladalaryň gerimi has-da artýar. Çünki medeniýet ýurduň ruhy keşbini, gözelligini, özboluşlylygyny özünde jemleýär, halkymyzyň bagtyýarlyk döwrümize bolan söýgüsini şöhlelendirýär. Ýylyň-ýylyna ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyjy bilen Medeniýet hepdeliginiň geçirilip durulmagy hem uly bir bagtyň nyşanydyr. Biz Medeniýet hepdeliginde her ýyl bir welaýatda giňden ýazylan toý saçagynyň başynda jem bolup, hem-ä toý tutýarys, hem-de geljekki maksatlarymyz hakda pikir alyşýarys, tejribe toplaýarys. Bilşimiz ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň belleniljek ýylynda bu toý-dabara biziň welaýatymyzda uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçildi. Ýokary ruhy joşgun bilen geçirilen Medeniýet hepdeligi mähriban ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, şan-şöhratyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny müň öwüşginli owazlar bilen dabaralandyrýan, sungatyň sarpasyny beýan edýän şanly waka öwrüldi.

«Artist bolmak aňsat däl»

Teatryň esasy agramly ýüküni-keşigini çekýän artistler bolýar. Şeýle artistler bütin düýrmegi, on iki süňňi bilen özüne ynanylan keşbiň dünýäsine girmegi başarýarlar. Olar durmuşyň her hili wakalarynyň içine tomaşaçyny yzyna tirkäp alyp gidip, öz ýüregindäki pikirleri olaryň aňyna guýýar. Elbetde, şeýle gahrymanyň keşbini döretmek ýeňil däl. Onuň üçin artist durmuşdaky her hili adamlaryň gylyk-häsiýetlerine, özüni alyp baryşlaryna belet bolmaly. Artist durmuşdaky adamlary içgin synlamagy başarmaly. Köp kitabyň sahypalaryny dörmeli. Oýundyr kinolaryň gahrymanlaryndan sapak almaly. Durmuşda şu ugurdan tejribe toplan şeýle artist ynanylan keşbiň üsti bilen tomaşaçyny gepi-sözi, hereketi bilen özüne maýyl etmegi başarýar. Şeýlelikde, oýnuň başyndan ahyryna çenli tomaşaçy: «Bu gahryman durmuşda sataşan şeýle pursatlardan indi nähili baş çykarka? Özüm şol gahrymanyň deregine hereket etmeli bolsam näme ederkäm?» diýen ýaly soraglary özüne berip tolgundyryjy pursatlary başdan geçirip oturýar. Oýnaýan keşbiniň geýimine girensoň özüni unudyp, täze bir adamyň keşbinde şeýle ynandyryjy oýnamagy başarýan artistleriň biri hem 1991-nji ýyldan bäri Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda artist bolup işläp gelýän Muhammettirkiş Rüstemowdyr. Ol Sakarçäge etrabynyň Garaýap obasynda eneden dogulýar. Onda çagalykdan artist bolmak islegi döreýär. Ol 1987 — 1990-nji ýyllarda şol wagt

Yhlasly zähmet — üstünligiň açary

Meniň Nuretdin Nyýazow bilen ilkinji tanyşlygym 2004-nji ýylyň güýzünde bolupdy. Türkmen döwlet medeniýet institutyny tamamlap, Kerki şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde işe başlan ilkinji günlerimiň birinde Nuretdin aga zähmet çekýän muzeýimize gelipdi. Ol muzeýe birnäçe surat eserlerini sowgat hökmünde getiripdi. Aslynda görüp otursam, Kerki şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň çeperçilik-bezeg işlerine zehinli suratkeşiň zähmeti siňen ekeni. Zehinli suratkeş, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Nuretdin Nyýazow ömrüni sungata bagyşlan adamlaryň biri. Ol sungat ugrundan ilkinji bilimini Täjigistanyň Duşenbe şäherindäki şol wagtky respublikan çeperçilik uçilişşesinde alypdyr. Ony tamamlandan soňra 1974 — 1980-nji ýyllarda Kerki şäherindäki orta mekdepde mugallym bolup işläpdir. 1975-nji ýyldan bäri ol dürli sergilere gatnaşyp gelýär.

Hakydada galan ýatlamalar

Adamzadyň ýady kitaby ýada salýar. Ýazylan ýazgylaryň kitap sahypalarynda hemişelik galyşy ýaly, durmuşda bolup geçýän iň täsirli wakalarynyda ynsan ýadyndan çykmaýar. Gürrüň açjak wakalarym telewideniýede işlän döwrümizde ýazyjylardyr sungat ussatlary bilen baglanyşykly ýadymyzda hemişelik galan pursatlar. Ol 1989 — 1994-nji ýyllarda telewideniýäniň edebi-drama gepleşikleri redaksiýasynyň baş redaktory bolup işleýärdi. Talapkär, işjanly, ýeri gelende töwekgel, täzeligi goldap, redaktorlaryň çeken zähmetine görä aladasyny edýän adamdy.

Döwrümize şan goşan wakalar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel Diýarymyzda her bir sene joşgunly dabaralara beslenip, giňden bellenip geçilýär. Şanly ýylyň ajaýyp günlerinde ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň alyslara ýaň salan toý dabaralary şeýle diýmäge esas berýär. Gadymy Jeýhunyň ýakasynda geçirilen Medeniýet hepdeligi bu senäniň ähmiýetini we many-mazmunyny artdyrdy. Medeniýet hepdeligine Ahal welaýatyndan hem medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat topar gatnaşdy. Şol sungat baýramçylygyna gatnaşmak bagtynyň maňa-da miýesser edendigine örän begenýärin, buýsanýaryn. Bir hepdeläp dowam eden bu giň göwrümli çäräniň çäginde guralan konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, maslahatlar, sahna oýunlary milli medeniýetimize we sungatymyza bolan buýsanjymyzy goşalandyrdy.

Sazyň täsin owazy

Saz sungaty gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Birnäçe müňýyllyklary öz içine alýan jadyly sungatyň gymmaty bimöçberdir. Ynsan ýaşaýşy aýdym-saz sungaty bilen berk baglydyr. Aýdym-sazyň şirin owazyny eşideniňde, pasyllaryň soltany bahar-ýaz göz öňüňe gelip, arzuw-hyýallar oýanýar, ynsan kalbyny şatlyk duýgulary gaplaýar. Ruhuň göterilip, ýaşaýşa söýgiň has-da artýar. Türkmen saz sungatyny öwreniji alymlar: «Saz duýgynyň döredýän hakykatyny labyzly sesler, owazlar arkaly sazlaşykly şekillendirmek diýmekdir» diýip kesgitleme berýärler. Aýdym-saz hakynda gürrüň edilende, ene-mamalarymyzyň joşup çykýan hüwdülerini ýatlamazlyk mümkin däldir. Bu heň her bir ynsanyň çagalykdan gulagynda galyp, kalbyna şirin mukam bolup ornaşandyr. Aslynda, aýdym-saz ene hüwdüsinden başlanýandyr. Türkmen halk döredijiliginde, umuman, türkmen edebiýatynda aýdym-saza aýratyn uly orun berilýär.

Aýdym — durmuşynyň bezegi

«Milli öwüşginli owazlar, jana lezzetli heňler halkymyzyň ruhy baýlygydyr, bagtyýar durmuşymyzyň ylham çeşmesidir» diýip nygtaýan we milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandary bolup durýan mähriban Arkadagymyz aýdym-saz sungatyna aýratyn sarpa goýýar. Ajaýyp zamanamyzda kalby aýdymdan doly, mahmal owazly, kämillik ýoluna düşen birnäçe ýaş aýdymçylarymyz bar. Şolaryň biri-de welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Mahym Geldiýewadyr. Deňiz kenaryndaky Hazar şäherinde 1998-nji ýylda doglan Mahym aýdym aýtmaga kiçiliginden, has dogrusy, çagalar bagyna gatnaýan döwründen başlaýar. Ol 2009-njy ýylda «Iň eýjejik gyzjagaz» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi bolýar. Şol ilkinji üstünligem onuň aýdym-saz sungatyna has içgin aralaşmagyna itergi berýär. Hazar şäheriniň çagalar sungat mekdebinde okap ýören döwründe bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi bolmagy başarýar.

Ajaýyp döwre buýsanç

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda medeniýetde we sungatda amala aşyrylýan beýik işlere, gazanylýan üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere nazar aýlanyňda, buýsanjyň artýar. Beýik üstünliklerimiziň gözbaşynda durýan mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda 2013-nji ýyldan bäri Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi ýola goýuldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Lebap topragynda geçirilen Medeniýet hepdeligi uly ruhubelentlige beslendi. Hepdeligiň çäklerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary, şahyrlar bilen duşuşyklar, ýokary derejede guralan bäsleşikler göwünlere buýsanç paýlady.

Söz ussadyna sarpa

Serdar etrabynyň salgyt bölüminiň işgärleriniň gatnaşmagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Beýik söz ussadyna sarpa» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdik. Çärede çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Türkmen halkynyň akyldar ogly Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatyna beýik pelsepä ýugrulan şygryýetini bagyş etdi. Beýik söz ussadynyň kämil eserlerindäki parahatçylyk, asudalyk, hoşniýetlilik, ýokary ahlaklylyk, halallyk, watansöýüjilik ýaly ynsan mertebesini ýokary götermäge ýugrulan oý-pikirler ynsanda oňat adamkärçilik sypatlaryny terbiýeleýär.

Ýer ýüzüniň şahyry

Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň Balkan welaýat ilkinji guramasynyň müdirliginiň guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp, «Magtymguly — Ýer ýüzüniň şahyry» ady bilen yglan edilen bäsleşigiň Balkanabat şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşyjylar onuň şertlerine laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýatdan aýtdylar hem-de beýik şahyra bagyşlap ýazan goşgularyny türkmen we rus dillerinde labyzly okadylar. Netijede, ady agzalan jemgyýetiň agzalary Aşyrmämmet Gaýypow birinji, Mahym Esedowa ikinji, Gurbanmyrat Satlykow üçünji orunlara mynasyp bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.