Öňdebaryjylara sylaglar

30 Iýun 2021
825

Ilimiz golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenabat şäherimize bezeg berip, dürli medeni-köpçülik çäreleriniň geçýän ýerine öwrüljek «Türkmeniň ak öýi» binasynyň toýuny tutdy. Döwletliligiň, ýurt berkararlygynyň nyşany bolan bu binada eýýäm tutumly dabaralar, aýdym-sazly çäreler ýaýbaňlandyrylýar.

Golaýda halkymyzyň ak bagtyna meňzäp duran ymaratda köpadamly dabara guraldy. Onda eziz Diýarymyzy ösüşler ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan, halkymyz üçin kaşaň binalary gurdurýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy. Hakydalarda uzak wagtlap saklanjak dabaranyň dowamynda üstümizdäki ýylda pile taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanan ýüpekçiler, daýhan birleşikleri we etraplar yglan edildi hem-de olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Mämmet GYLYJOW.