«Orazmyrat gelmänkä...»

1 Iýul 2021
999

«Şägirtleriňiz barada gürrüň beräýseňiz» diýip ýüz tutan wagtymyz Ýolaman Nurymow, ilki bilen, Türkmenistanyň halk artisti, ussat sazanda Orazmyrat Annanepesowyň adyny tutdy:

— Orazmyrat ilkinji şägirdim. 1977-nji ýylda meni şol mahalky Türkmen döwlet pedagogiki sungat institutynda dutarçylar ansamblyny döretmek üçin çagyranlarynda, ol birinji ýyllyk talyby eken. Orazmyrat okuwa gaty yhlaslydy, zehinlidi, çaltdy. Bir zat aýdyp ýa görkezip bildigiň bolany. Ol eýýäm taýyndyr. Onsoň beýleki ýoldaşlary şol bir zady öwrenýänçä, başga sazlary çalmagy öwretmegimi haýyş ederdi, günüme goýmazdy. Käwagt talyplaryma ýumuş tabşyryp: «Şu gün gaty ýadadym, Orazmyrat gelmänkä gideýin» diýip degşerdim.

Gurban MYRADOW.