Döwrümize şan goşan wakalar

29 Iýun 2021
983

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel Diýarymyzda her bir sene joşgunly dabaralara beslenip, giňden bellenip geçilýär. Şanly ýylyň ajaýyp günlerinde ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň alyslara ýaň salan toý dabaralary şeýle diýmäge esas berýär. Gadymy Jeýhunyň ýakasynda geçirilen Medeniýet hepdeligi bu senäniň ähmiýetini we many-mazmunyny artdyrdy.

Medeniýet hepdeligine Ahal welaýatyndan hem medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat topar gatnaşdy. Şol sungat baýramçylygyna gatnaşmak bagtynyň maňa-da miýesser edendigine örän begenýärin, buýsanýaryn. Bir hepdeläp dowam eden bu giň göwrümli çäräniň çäginde guralan konsertler, sergiler, döredijilik duşuşyklary, maslahatlar, sahna oýunlary milli medeniýetimize we sungatymyza bolan buýsanjymyzy goşalandyrdy.

Setdar NURYÝEW,
Tejen etrap medeniýet bölüminiň Göniamaşa oba Medeniýet öýüniň müdiri.