Ýer ýüzüniň şahyry

28 Iýun 2021
1140

Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň Balkan welaýat ilkinji guramasynyň müdirliginiň guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp, «Magtymguly — Ýer ýüzüniň şahyry» ady bilen yglan edilen bäsleşigiň Balkanabat şäher tapgyry geçirildi.

Bäsleşige gatnaşyjylar onuň şertlerine laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýatdan aýtdylar hem-de beýik şahyra bagyşlap ýazan goşgularyny türkmen we rus dillerinde labyzly okadylar. Netijede, ady agzalan jemgyýetiň agzalary Aşyrmämmet Gaýypow birinji, Mahym Esedowa ikinji, Gurbanmyrat Satlykow üçünji orunlara mynasyp bolup, bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ejeş GUWANJOWA.