Gyjak owaz eýlär ussat elinde

1 Iýul 2021
864

Serdar şäherinde 1939-njy ýylda gullukçy maşgalasynda eneden doglan oglanjyga Gulnyýaz aga Döwletmyrat diýip at goýdy. Maşgalanyň dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary, goňşy-golamlary gelip, onuň adyna eýe bolmagyny dileg etdiler, gutladylar.

Şol döwürde köp öýde il içinde «gara kelle» diýlip atlandyrylýan radio bolardy. Kiçijik Döwletmyrat aglap duran hem bolsa, radioda aýdym-saz ýaňlansa, derrew sesini goýardy. Muny ilki duýan onuň käbesi Ogulnar eje boldy. Bu ýagdaýy ol adamsyna gürrüň berdi. Döwletmyrat ýörjen-ýörjen bolup daşarda çagalar bilen oýna gyzyşyp ýören wagty radioda aýdym-saz ýaňlansa, oýnuny taşlap, şol tarapa okdurylýardy. Ol 3-4 ýaşyna ýetende, goňşularynyň ulurak çagalarynyň biriniň ýarym gulaç ýaly insizräk tagtanyň iki ujuna çüý kakyp, oňa-da inçeräk sim dakyp, owaz çykmasa-da, daşarda ähli çagalary daşyna üýşürip, saz çalan bolup ýörenini gördi. Aglap öýe geldi-de: «Maňa alyp ber» diýip, ejesiniň elinden çekip, daşaryk alyp çykdy we saz çalyp ýören oglany görkezdi.

Toýguly JEPBAROW,
Türkmenistanyň halk artisti.