Sazyň täsin owazy

29 Iýun 2021
1041

Saz sungaty gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Birnäçe müňýyllyklary öz içine alýan jadyly sungatyň gymmaty bimöçberdir. Ynsan ýaşaýşy aýdym-saz sungaty bilen berk baglydyr. Aýdym-sazyň şirin owazyny eşideniňde, pasyllaryň soltany bahar-ýaz göz öňüňe gelip, arzuw-hyýallar oýanýar, ynsan kalbyny şatlyk duýgulary gaplaýar. Ruhuň göterilip, ýaşaýşa söýgiň has-da artýar.

Türkmen saz sungatyny öwreniji alymlar: «Saz duýgynyň döredýän hakykatyny labyzly sesler, owazlar arkaly sazlaşykly şekillendirmek diýmekdir» diýip kesgitleme berýärler. Aýdym-saz hakynda gürrüň edilende, ene-mamalarymyzyň joşup çykýan hüwdülerini ýatlamazlyk mümkin däldir. Bu heň her bir ynsanyň çagalykdan gulagynda galyp, kalbyna şirin mukam bolup ornaşandyr. Aslynda, aýdym-saz ene hüwdüsinden başlanýandyr. Türkmen halk döredijiliginde, umuman, türkmen edebiýatynda aýdym-saza aýratyn uly orun berilýär.

Şatlyk JEPBAROW,
Murgap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.