Söz ussadyna sarpa

28 Iýun 2021
932

Serdar etrabynyň salgyt bölüminiň işgärleriniň gatnaşmagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Beýik söz ussadyna sarpa» atly wagyz-nesihat çäresini geçirdik. Çärede çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Türkmen halkynyň akyldar ogly Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatyna beýik pelsepä ýugrulan şygryýetini bagyş etdi. Beýik söz ussadynyň kämil eserlerindäki parahatçylyk, asudalyk, hoşniýetlilik, ýokary ahlaklylyk, halallyk, watansöýüjilik ýaly ynsan mertebesini ýokary götermäge ýugrulan oý-pikirler ynsanda oňat adamkärçilik sypatlaryny terbiýeleýär.

Annagül ATBAKANOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Serdar etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.