Ajaýyp döwre buýsanç

28 Iýun 2021
841

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda medeniýetde we sungatda amala aşyrylýan beýik işlere, gazanylýan üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere nazar aýlanyňda, buýsanjyň artýar.

Beýik üstünliklerimiziň gözbaşynda durýan mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda 2013-nji ýyldan bäri Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi ýola goýuldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Lebap topragynda geçirilen Medeniýet hepdeligi uly ruhubelentlige beslendi. Hepdeligiň çäklerinde medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary, şahyrlar bilen duşuşyklar, ýokary derejede guralan bäsleşikler göwünlere buýsanç paýlady.

Aýmuhammet ÝAGŞYÝEW,
Serdar etrabynyň Hasar oba medeniýet öýüniň müdiri.