«Artist bolmak aňsat däl»

30 Iýun 2021
1050

Teatryň esasy agramly ýüküni-keşigini çekýän artistler bolýar. Şeýle artistler bütin düýrmegi, on iki süňňi bilen özüne ynanylan keşbiň dünýäsine girmegi başarýarlar. Olar durmuşyň her hili wakalarynyň içine tomaşaçyny yzyna tirkäp alyp gidip, öz ýüregindäki pikirleri olaryň aňyna guýýar. Elbetde, şeýle gahrymanyň keşbini döretmek ýeňil däl. Onuň üçin artist durmuşdaky her hili adamlaryň gylyk-häsiýetlerine, özüni alyp baryşlaryna belet bolmaly. Artist durmuşdaky adamlary içgin synlamagy başarmaly. Köp kitabyň sahypalaryny dörmeli. Oýundyr kinolaryň gahrymanlaryndan sapak almaly. Durmuşda şu ugurdan tejribe toplan şeýle artist ynanylan keşbiň üsti bilen tomaşaçyny gepi-sözi, hereketi bilen özüne maýyl etmegi başarýar. Şeýlelikde, oýnuň başyndan ahyryna çenli tomaşaçy: «Bu gahryman durmuşda sataşan şeýle pursatlardan indi nähili baş çykarka? Özüm şol gahrymanyň deregine hereket etmeli bolsam näme ederkäm?» diýen ýaly soraglary özüne berip tolgundyryjy pursatlary başdan geçirip oturýar.

Oýnaýan keşbiniň geýimine girensoň özüni unudyp, täze bir adamyň keşbinde şeýle ynandyryjy oýnamagy başarýan artistleriň biri hem 1991-nji ýyldan bäri Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda artist bolup işläp gelýän Muhammettirkiş Rüstemowdyr. Ol Sakarçäge etrabynyň Garaýap obasynda eneden dogulýar. Onda çagalykdan artist bolmak islegi döreýär. Ol 1987 — 1990-nji ýyllarda şol wagtdaky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanyndaky teatr studiýasynda okaýar. Okuwyny tamamlandan soň 1990 — 1991-nji ýyllarda şol teatryň sahna işgäri, 1991-nji ýyldan başlap bolsa Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda artist wezipesinde işläp başlaýar. Görşümiz ýaly, bu ugurdan Muhammettirkişiň otuz ýyla golaý iş tejribesi bar. Ol 2009-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolýar, 2014-njy ýylda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolýar.

Baýramdurdy Myradow