Medeniýet gülleýär bu ajaýyp Diýarda

30 Iýun 2021
924

Milli medeniýetiň, sungatyň gülläp ösýän mekany bolan ata Watanymyzda medeniýet we sungat işgärleri barada edilýän aladalaryň gerimi has-da artýar. Çünki medeniýet ýurduň ruhy keşbini, gözelligini, özboluşlylygyny özünde jemleýär, halkymyzyň bagtyýarlyk döwrümize bolan söýgüsini şöhlelendirýär.

Ýylyň-ýylyna ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp başlangyjy bilen Medeniýet hepdeliginiň geçirilip durulmagy hem uly bir bagtyň nyşanydyr. Biz Medeniýet hepdeliginde her ýyl bir welaýatda giňden ýazylan toý saçagynyň başynda jem bolup, hem-ä toý tutýarys, hem-de geljekki maksatlarymyz hakda pikir alyşýarys, tejribe toplaýarys. Bilşimiz ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň belleniljek ýylynda bu toý-dabara biziň welaýatymyzda uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçildi. Ýokary ruhy joşgun bilen geçirilen Medeniýet hepdeligi mähriban ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, şan-şöhratyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny müň öwüşginli owazlar bilen dabaralandyrýan, sungatyň sarpasyny beýan edýän şanly waka öwrüldi.

Babamyrat AŞYROW,
Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalynyň eýesi.