Arkadag bilen galkynýan Watan

1 Iýul 2021
967

Ajaýyp ösüşlere beslenen taryhy döwrümizde ýurdumyz ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, toýlarymyz toýlara ulaşýar. Şeýle bagtyýarlygyň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyz hakda edýän bimöçber aladalary, taýsyz tagallalary dur. Şoňa görä-de, bu gün bagtyýar ulus-ilimiz milli Liderimiziň daşyna barha mäkäm jebisleşýär. Ol gün Änew şäherindäki Medeniýet öýüniň öňündäki giň meýdançada «Arkadag bilen galkynan Watan» ady bilen geçirilen aýdym-sazly dabarada hem bu hakykat aýdyň duýuldy.

Hormatly Prezidentimiziň doglan güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan joşgunly dabara uly ruhubelentlige eýe boldy. Ildeşlerimiziň milli Liderimize bolan çäksiz söýgüsiniň we buýsanjynyň dabaralanmasyna öwrülen aýdym-sazly dabarany welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň, sahna ussatlarynyň belent ruha beslenen çykyşlary bezedi. Welaýatymyzyň etraplaryndan hem-de Tejen şäherinden gelen aýdym-saz, tans we halk döredijilik toparlary gezekli-gezegine sahnada ajaýyp çykyşlaryny görkezdiler.

Begenç OWŞIKOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň işgäri. SURATDA: dabaradan pursat.