Hakydada galan ýatlamalar

30 Iýun 2021
1017

Adamzadyň ýady kitaby ýada salýar. Ýazylan ýazgylaryň kitap sahypalarynda hemişelik galyşy ýaly, durmuşda bolup geçýän iň täsirli wakalarynyda ynsan ýadyndan çykmaýar. Gürrüň açjak wakalarym telewideniýede işlän döwrümizde ýazyjylardyr sungat ussatlary bilen baglanyşykly ýadymyzda hemişelik galan pursatlar.

Ol 1989 — 1994-nji ýyllarda telewideniýäniň edebi-drama gepleşikleri redaksiýasynyň baş redaktory bolup işleýärdi. Talapkär, işjanly, ýeri gelende töwekgel, täzeligi goldap, redaktorlaryň çeken zähmetine görä aladasyny edýän adamdy.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist