''Demokratiýa we hukuk'' žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Nowaýy köçe 2022 jaý 86
Telefon belgileri: 38-06-00

Makalalar

Täjigistan 178 müň tonna oba hojalyk önümlerini eksport etdi

Täjigistan 2023-nji ýylda 178 müň tonna oba hojalyk önümlerini daşarky bazarlara iberdi. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 13 müň tonna azdyr. Ýurduň oba hojalyk eksportynyň azalmagynyň esasy sebäbi ýylyň başyndaky aşa sowuk howa bolup, şol aýaz ýurtdaky üzüm hasylynyň 60 göterim azalmagyna getirdi. Täjigistanyň Hökümetiniň ýanyndaky Eksport agentliginiň maglumatlaryna görä, geçen ýylda ýurduň daşarky bazarlara iberen miweleriniň 83,3 müň tonnasy gury iýmişler, 27 müň tonnadan gowragy ter miwelerdir.

Bugdaý maýsalary tolkun atýar

Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly üstünliklere beslemek üçin irgözinden işe girişdiler. Pagta we bugdaý taýýarlamakda mydama öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýan bu hojalykda geçen güýzde 1125 gektara bugdaýyň «Alekseiç» sorty ekilip, şu ýyl 3050 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Hojalygyň baş agronomy Begenç Kiçiýew bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol: “Bugdaý tohumynyň Russiýadan satyn alnan bu görnüşi örän hasyllylygy bilen tapawutlanýar. Idegini ýetirseň, ol 60 — 70 sentnere çenli hasyl berip bilýär. Şonuň üçin şu günler biz maýsalap tolkun atýan bugdaýly meýdanlary dökünlemek, suwarmak işlerini utgaşykly alyp barýarys” diýip gürrüň berdi.

Täze hasylyň düýbi tutulýar

Oba hojalygynda işler ýylyň dowamynda dynuwsyz dowam etdirilýär. Sebäbi medeni ekinleri ekmek, olara ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnamak ýaly her döwrüň özüne mahsus iş-aladasy ýeterlik bolýar. Şonuň üçin hem daýhan birleşiklerinde, hojalyklarynda ýerleri ekişe taýýarlamakdan başlap, tä hasyl ýygnalýança, daýhanlaryň işi kemelmeýär. Olara welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň etraplardaky hyzmat ediş kärhanalarynyň mehanizatorlary kömege gelýärler. Şu günler hem olar gowaça hasylyndan boşan ýerlerde gyş sürümini ýokary depginde geçirýärler. Agrotehnikanyň kadalarynyň berjaý edilişiniň gowaça hasylynyň mukdaryna we hiline täsir edýändigine gowy düşünýän mehanizatorlar traktorlara çatylan azallaryň topragy bellenilen çuňlukda agdarmagyny gazanýarlar. Bu bolsa atyzlaryň baharda gowaça ekişini geçirmek üçin kadaly taýýarlanylýandygyny aňladýar. Häzirki wagtda welaýatymyzda kuwwatly sürüm traktorlarynyň 432-si bolup, şolaryň 245-si ýerleri sürmäge çekilýär. Traktorlar we olara çatylýan gurallar wagtynda gözden geçirilip, abatlanylýar. Bu işde Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynyň hünärmenleriniň uly paýy bar. Kärhanada oba hojalyk tehnikalarynyň zerur şaýlaryny ýasaýarlar. Hemişe bolşy ýaly, şaýlaryň ätiýaçlyk gory hem döredilý

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Ak ekiniň idegi Şu günler welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Murgap etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlarynda sürüm, tekizleşik geçirmek işleri gyzgalaňly ýagdaýda alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde hojalygyň gallaçy kärendeçileri ak ekine ideg etmekde hem tutanýerli zähmet çekýärler.

Ynamly gadam — üstünlige badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp ýyllarynyň ýene-de biri golaýda taryhyň altyn sahypalaryndan orun aldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz dürli ugurlar boýunça uly ösüşleri, düýpli öňegidişlikleri gazandy, halkara derejesinde belent ykrarnama eýe boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň, il-ýurt bähbitli ýörelgeleriniň beren guwandyryjy miwesidir. Şeýle üstünliklere beslenen ýylda welaýatymyzyň ykdysadyýetiniň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan senagatda, gurluşykda, oba hojalygynda we beýleki pudaklarda ýetilen sepgitler hem munuň aýdyň mysalydyr. Çünki şu döwrüň dowamynda gaýratly zähmet çeken senagat işgärlerimiz, gurluşykçylarymyz, telekeçilerimiz, kärendeçi daýhanlarymyz özleriniň ussatlyklaryny, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şonuň netijesinde-de, uly möçberlerde senagat, gurluşyk, oba hojalyk önümleri öndürilip, täze ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş desgalarynyň gurluşygy öndürijilikli dowam etdirildi. Şeýlelikde, ýurdumyzda halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere mynasyp goşant goşuldy. Geçen ýylda welaýatymyzda müňlerçe tonna «ak altyn», bugdaý, şaly, pile, gök-bakja hasyly ýetişdirildi hem-de öz

Bereketli hasylyň binýady

Şu günler welaýatymyzda ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu babatda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginde hem öwgä mynasyp işler amala aşyrylýar. Daýhan birleşiginiň baş agronomy Kaka Güjükbaýew bilen söhbedimiz hem şu barada boldy: — Öňümizdäki ýazda daýhan birleşigimiz boýunça 2200 gektar ýere gowaça ekmekligi maksat edinýäris. Biz ekiş geçiriljek ýerlerimizi taýýarlamaklyga irgözinden girişdik. Şüdügär edilen ýerlerde tekizleme, çil çekmek işleri gyzgalaňly dowam edýär. Ýerleri gurplandyrmak üçin meýdanlarymyza ýerli dökün we her gektara 200 kilogramdan fosfor berýäris. Daýhan birleşigimiz boýunça 19 sany kärendeçiler topary bolup, olaryň arasynda Durdymyrat Jümedow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 5-nji, Garlyguly Begjanowyň ýolbaşçylygyndaky 4-nji, Çary Welnazarowyň baştutanlygyndaky 8-nji toparyň kärendeçileriniň aýratyn tapawutlanýandyklaryny bellemelidiris. Ýerleri taýýarlamakda özlerine berkidilen traktorlara ökdelik bilen erk edýän mehanizatorlar Öremyrat Halmyradow, Hudaýberdi Welmedow, Allamyrat Tagangylyjow, Baýrammyrat Gökleňow, Myrat Rejebow dagy aýratyn yhlaslylyk görkezýärler. Şu günler tekizlenip, çil çekilen ýerlerde ýuwuş suwuny tutmaklyga

Ýerler ekişe taýýarlanýar

Welaýatymyzyň oba zähmetkeşleri ýaz ekişine taýýarlykly barýarlar. Häzirki wagtda gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. Bu işleriň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Geçen ýylda welaýatymyz boýunça gowaça ýetişdirilen 135 müň gektaryň hasylynyň ýygnalmagy bilen, şol meýdanlarda girişilen sürüm işleriniň hili turuwbaşdan degişli hünärmenleriň üns merkezinde saklandy. Bu bolsa, häzirki meýdan işleriniň göwnejaý alnyp barylmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Oba hojalygy:möwsümleýin işleriň depgini artýar

8-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere seredildi. Iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Ýer — bereket çeşmesi

Bu waka iki ýyl gowrak wagt mundan ozal bolupdy. Agşamlyk maşgala bolup, bir saçagyň başynda oturyp, nahar iýlenden soň, dörän ümsümligi Gurban aganyň çalaja ardynjyrap, söze başlamagy bozdy: — Aşyr, bizem-ä ejeň ikimiz maslahatymyzy bişirip, bir pikire gelendiris. Indi maşgalamyzyň hemme agzalarynyň başy jemkä, şol meseläni çözäýsek kem bolmazdy...

Ýüňüň hili özümize bagly

Biziň ata-babalarymyz tarapyndan döredilen saryja tohumly goýunlar özünde gymmatly biologiki hem-de hojalyk ähmiýetli aýratynlyklary jemleýär. Garagumuň öri meýdan şertlerinde kemala gelen saryja goýunlary haly dokamakda giňden ulanylýan ýarym irimçik ak ýüňi hem-de ýokary hilli et-ýag önümini berýär. Saryja goýunlarynyň ýarym irimçik, ak reňkli, uzyn sütükli, ýumşak, çeýeligi ýeterlik bolan ýüňi haly dokamak üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär. Dünýä belli türkmen halylarynyň berkligi, reňk aýratynlyklary, nagyşlarynyň aýdyňlygy, nepisligi, saryja tohumly goýunlaryň ýüňüniň hili bilen gönüden-göni baglydyr. Saryja goýunlarynyň ýarym irimçik ak ýüňi, esasan, sütükden (75 – 85 göterim), aralyk süýümden (15 – 20 göterim) hem-de irimçik süýümlerden (5 göterime çenli) ybaratdyr. Biziň geçiren ylmy-barlaglarymyzyň netijeleri saryja goýnuň ýüňünde sütügiň ýogynlygynyň 18 – 22, aralyk süýümiň 38 – 43, irimçik süýümiň 58 – 63 mikrometre barabardygyny görkezdi. Bu goýunlaryň ýaz ýüňüniň umumy uzynlygy ortaça 15 – 18, sütüginiňki bolsa 7 – 8 santimetre barabar bolup, ol, esasan, haly senagatynda ulanylýar, ondan nepis türkmen halylary dokalýar. Ýaz ýüňünden dokalan halylar girmeýär we reňk öwüşginleri

Ýarmyşyň ak atyzlary

(Publisistika) Bu sözbaşyny okap, «Aňzakly gyşyň ak gary bir garyşdan gowrak bolup düşensoň, elbetde, atyzlar ap-ak bolar-da» diýjegiňiz tapylar. Ýöne edil güýzüň ahyrynda baranyňyzda-da, bu gadymy obanyň berekede beslenen meýdanlarynda şeýle atyzlara gözüňiz düşer. Ýogsam, näme?! Watan harmanyna 18 müň tonna «ak altyn» tabşyrjak bolsaň, atyzlaryňdan Hydyr ata hümmet hasasyny süýräp geçen ýaly bolmalydyr-a!

Bananyň önümçiliginde we eksportynda Türkmenistanyň uly mümkinçilikleri

Ozalky makalalarymyzda hem belleýşimiz ýaly, Türkmenistan ýyladyşhanada ýetişdirilen gök we miwe önümleriniň eksporty boýunça sebitde öňdebaryjy döwletleriň birine öwrüldi. Hususan-da, ýurdumyz ýyladyşhana pomidorynyň önümçiligi we eskporty babatda Merkezi Aziýanyň lideri hasaplanýar. Ýyladyşhana işewürligi bilen meşgullanýan türkmen telekeçileriniň öňünde duran indiki esasy wezipeleriň biri daşarky bazarlara iberilýän gök we miwe önümleriniň görnüşlerini, şeýle-de olaryň eksport geografiýasyny diwersifikasiýa etmekdir. Şuny göz öňünde tutmak bilen, bu makalamyzda ýyladyşhanalarda banan ýetişdirmekde we ony sebitiň döwletlerine eksport etmekde Türkmenistanyň uly mümkinçilikleri barada söz açmak isleýäris. Mundan 10 — 15 ýyl ozal hem ak bazarlarymyzy öz ýurdumyzda ýetişdirilen banan bilen üpjün etmek diýen söz gulaga örän del eşidilýärdi. Emma şondan bäri, gysga döwrüň içinde Türkmenistanda ýyladyşhana işewürliginiň pajarlap ösmegi şol gulagy ýadyrgadýan sözi gözümiziň öňündäki aýdyň hakykata öwürdi. Bu günki günde eýýäm banan ýetişdirmekde doly ugrugan, onuň abyny-tabyny alan türkmen telekeçileriniň bardygy diýseň guwandyryjy ýagdaý. Has anyk aýtsak, häzirki wagtda bu subtropik miwe Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda «Ferhar» hojalyk

Tehnika — daýhanyň daýanjy

Işler utgaşykly barýar Oba hojalygynda toprakdan bereketli hasyl almak daýhan yhlasy bilen birlikde tehnikalardan netijeli peýdalanylmagyna hem bagly bolup durýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlardan ýokary iş öndürijilikli kuwwatly traktorlary satyn alyp berýär.

Bir etrapdan iki habar

Ýaz ekişine ykjam taýýarlyk Köneürgenç etrabynyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň işçi-hünärmenleri ýaz ekişinde ulanyljak gurallary birkemsiz abatlamak işlerini gyzgalaňly dowam etdirýärler. Abatlaýjy ussalar her bir guralyň talabalaýyk bejerilmegi, möwsümde saz işledilmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Göreldeli ussalardan Sapargeldi Togalakow, Gafur Abdullaýew, Bäşbaý Janmedow dagyny görkezmek bolar. Kärhananyň jogapkär işgärleri her bir guralyň gurat bolmagyna berk gözegçilik edip, degerli maslahatlaryny berýärler. Şonuň netijesinde, möwsümde ulanyljak ekijileriň 82, boronalaryň 824, malalaryň 92, kultiwatorlaryň 189, derman pürküjileriň 67 sanysynyň öz wagtynda, ýokary hilli abatlanylmagyna şert döredilýär. Şeýle hem tehniki hyzmat ediş kärhanasyna degişli dürli kysymly traktorlaryň ýüzlerçesine zerur tehniki hyzmat edilýär. Ýazky ekiş möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagy ekişiň bellenen wagtda geçirilmegine mümkinçilik berer.

Bereket çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz suw hojalyk işgärleriniň öňünde ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen ýeterlik üpjün etmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda möhüm wezipeleri goýýar. Ýurdumyzyň oba hojalygynyň esasy ugurlarynda, ýagny pagtaçylykda, gallaçylykda, gök ekerançylykda alnyp barylýan işleriň netijeli bolmagynda, topragyň hasyllylygynyň ýokarlanmagynda suw hojalykçylaryň amala aşyrýan çäreleriniň ähmiýeti örän uludyr. Şeýlelikde, welaýatymyzyň suw hojalyk ulgamynda hem bu ugurda alnyp barylýan işler ýylyň ähli döwründe öndürijilikli dowam etdirilýär. Munuň şeýledigine biz «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň baş inženeri Mämetoraz Babajanow bilen gürrüňdeş bolanymyzda has aýdyň göz ýetirdik. — Mälim bolşy ýaly, welaýatymyzyň esasy suw çeşmesi Amyderýa bolup, ondan Türkmenderýa, Hanýap, Gylyçbaý, Jumabaý saka suwaryş akabalary arkaly suw alynýar. Türkmenderýadan gözbaş alýan sakalary bolsa Şabat, Şasenem, Gazawat akabalarydyr. Welaýatymyzyň çäginden akyp geçýän döwletara Kölli, Döwdan, Maňňyt, Çagat-Atabent we Baş Köneürgenç şor suw akabalarynda gazmak, gyrmançalardan arassalamak işleri yzygiderli geçiri

Kärhananyň önümçiligi artýar

Welaýat merkeziniň ilatyny çörek we çörek önümleri bilen bökdençsiz üpjün edýän «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Daşoguz çörek kärhanasynyň agzybir işgärleri geçen ýyly uly üstünlikler bilen jemläp, Täze — 2024-nji ýyla ruhubelentlik bilen gadam basdylar. Häzirki wagtda bu ýerde saçaklaryň bezegi bolan çörek önümleriniň 40-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Mürepbeli bulkalara, galypda bişirilen çöreklere, hut öýdäki tamdyrda ýapylan ýaly tagamly nanlara şäher ilaty tarapyndan uly isleg bildirilýär. Bu kärhana welaýatda iň baýry senagat kärhanalarynyň biri hasaplanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kärhananyň tutuş durkuny, öňden hereket edýän enjamlaryny doly täzelemek, düýpli abatlamak, bölümleriň çägini giňeltmek boýunça utgaşykly işler geçirildi. Gysga wagtyň içinde kärhananyň önümçilik ulgamlaryna daşary ýurt kompaniýalarynyň öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli tehnologiýalary ornaşdyryldy.

Zähmet sowgatlary bilen garşyladyk

Ýurdumyzyň günorta-gündogar sebiti bolan Mary welaýatynda şugundyr ekininden bol hasyl almakda köplere görelde bolýan daýhanlar näçe diýseň bar. Şolaryň biri hem Baýramaly etrabynyň «Täze ýol» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Hydyr Ataýew. Biz sahawatly toprakdan bol hasyl alýan daýhanyň daýhançylyk işleri bilen gyzyklananymyzda ussat kärendeçi bize şeýle gürrüň berdi: — «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, ene topraga yhlas etseň, ol seni hor edenok. Şonuň üçin biziň kärendeçi maşgalamyz özüniň eýelik edýän 10 gektara golaý kärende ýerinde «däne — gant şugundyry — gowaça» ekin dolanyşygyna ýylyň-ýylyna uly üns berip, gowy girdeji gazanýar. «Dile geldi, bile geldi» diýlişi ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň oba hojalykçylar üçin, şol sanda biziň maşgalamyz üçin hem iň düşewüntli ýyllaryň biri bolandygyny guwanç bilen belläsim gelýär. Däne öndürmekde, gowaça ýetişdirmekde we beýleki oba hojalyk önümlerinden bol hasyl almakda gowy netijeler gazanylyp, daýhanlaryň, bagbanlaryň, ekerançylaryň girdejileri öňküdenem artdy. Şol üstünliklerde biziňem mynasyp goşandymyzyň bardygy diýseň begendirýär. Sebäbi 2023-nji ýylda gazanylan görkezijilere ser salyp, çeken zähmetimiziň ýerine düşendigine, girdejilerimiziň a

Täze gözýetimleri nazarlap...

Geçen ýylyň netijeleri hem-de luw ýylynda meýilleşdirilýän işler, wezipeler hakda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň Obasenagat toplumy we balykçylyk boýunça maslahatçysy, oba hojalyk ylymlarynyň doktory Şamyrat Herremow bilen söhbet. — Şamyrat aga, söhbedi arzuwdan başlaly. Täze ýylyňyz gutly bolsun! Gapymyzdan giren luw ýyly il-günümize bagt, ýurdumyza abraý, topragymyza bereket getirsin! Adatça, täze ýyla gadam goýlanda, yza nazar aýlap, taryhda galan ýylda edilen işlere ser salmak ýakymly bolýar.

Eýran oba hojalyk önümleriniň eksportyny artdyrýar

BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) soňky hasabatynda Eýranyň 2022-nji ýylda oba hojalyk önümleriniň 11 görnüşini eksport etmekde dünýäniň iň öňdebaryjy 10 ýurdunyň hataryna girendigini aýtdy. Hasabatda Eýranyň dünýäde azyk üpjünçiliginde möhüm orny eýeleýändigi we dünýädäki iň uly azyk eksport edijileriň hatarynda durýandygy görkezilýär. FAO EYR-nyň 2022-nji ýylda dünýäde iň uly injir eksport ediji ýurt bolandygyny we beýleki ýurtlara garanyňda, 12 müň tonna ýokary hilli injiri artyk eksport edendigini, ikinji we üçünji orunda bolsa Awstriýanyň we Özbegistanyň durandygyny belleýär. Eýran pisse we hurma eksport etmekde 2022-nji ýylda dünýäde ikinji orny eýeledi. Maglumatlara görä, Eýran 2022-nji ýylda 45 müň tonnadan gowrak ýokary hilli pisse eksport eden bolsa, ABŞ 238 müň tonna pisse eksport etdi. 2022-nji ýylda EYR-sy 269 müň tonna hurma eksport etdi, Yrak bolsa 2022-nji ýylda 274 müň tonna hurma eksport etdi. Şeýle hem, Eýran 2022-nji ýylda dünýäde 375 müň tonna garpyz eksport edip, bu ugurda dünýäniň üçünji eksportçysy boldy.

2024-nji ýyl üçin dünýäniň azyk bazary boýunça çaklamalar

2023-2024-nji ýylky oba hojalyk möwsüminiň jemleri boýunça dünýäniň azyk senagatynda bugdaýyň we şekeriň öndürilişiniň birneme azalmagyna, ýagly ösümlikleriň, et we süýt önümleriniň bolsa artmagyna garaşylýar. Bu barada Özbegistanyň Makroykdysadyýet we sebitleýin gözlegler institutynyň BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň maglumatlaryna salgylanyp taýýarlan çaklamasynda bellenilýär. 2023-2024-nji oba hojalyk ýylynyň jemi boýunça alnan bugdaý hasylynyň 758,1 million tonna bolmagyna garaşylýar. Bu görkeziji geçen möwsümden 2,2 göterim azdyr. Emma bilermenler alnan bugdaý hasylynyň bar bolan zerurlyklary ozalky derejede kanagatlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belleýärler. Dünýä derejesinde öndürilen bugdaýyň möçberiniň azalmagyna Russiýa, Awstraliýa, Gazagystan we Kanada ýaly bu ugurdaky öňdebaryjy döwletlerde 2022-nji ýyldaky rekord görkezijilerden soňra hasylyň belli bir derejede azalmagy täsir eder. Ýöne muňa garamazdan, Argentina, Hindistan we ABŞ-da öndürilýän bugdaýyň artmagyna garaşylýar.