Ýerler ekişe taýýarlanýar

9 Ýanwar 2024
413

Welaýatymyzyň oba zähmetkeşleri ýaz ekişine taýýarlykly barýarlar. Häzirki wagtda gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri utgaşykly alnyp barylýar. Bu işleriň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Geçen ýylda welaýatymyz boýunça gowaça ýetişdirilen 135 müň gektaryň hasylynyň ýygnalmagy bilen, şol meýdanlarda girişilen sürüm işleriniň hili turuwbaşdan degişli hünärmenleriň üns merkezinde saklandy. Bu bolsa, häzirki meýdan işleriniň göwnejaý alnyp barylmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Näzik MEREDOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar