Bereketli hasylyň binýady

10 Ýanwar 2024
816

Şu günler welaýatymyzda ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bu babatda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginde hem öwgä mynasyp işler amala aşyrylýar. Daýhan birleşiginiň baş agronomy Kaka Güjükbaýew bilen söhbedimiz hem şu barada boldy:

— Öňümizdäki ýazda daýhan birleşigimiz boýunça 2200 gektar ýere gowaça ekmekligi maksat edinýäris. Biz ekiş geçiriljek ýerlerimizi taýýarlamaklyga irgözinden girişdik. Şüdügär edilen ýerlerde tekizleme, çil çekmek işleri gyzgalaňly dowam edýär. Ýerleri gurplandyrmak üçin meýdanlarymyza ýerli dökün we her gektara 200 kilogramdan fosfor berýäris. Daýhan birleşigimiz boýunça 19 sany kärendeçiler topary bolup, olaryň arasynda Durdymyrat Jümedow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 5-nji, Garlyguly Begjanowyň ýolbaşçylygyndaky 4-nji, Çary Welnazarowyň baştutanlygyndaky 8-nji toparyň kärendeçileriniň aýratyn tapawutlanýandyklaryny bellemelidiris. Ýerleri taýýarlamakda özlerine berkidilen traktorlara ökdelik bilen erk edýän mehanizatorlar Öremyrat Halmyradow, Hudaýberdi Welmedow, Allamyrat Tagangylyjow, Baýrammyrat Gökleňow, Myrat Rejebow dagy aýratyn yhlaslylyk görkezýärler. Şu günler tekizlenip, çil çekilen ýerlerde ýuwuş suwuny tutmaklyga girişdik.

Annageldi BEKIÝEW,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar