Ynamly gadam — üstünlige badalga

10 Ýanwar 2024
351

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp ýyllarynyň ýene-de biri golaýda taryhyň altyn sahypalaryndan orun aldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz dürli ugurlar boýunça uly ösüşleri, düýpli öňegidişlikleri gazandy, halkara derejesinde belent ykrarnama eýe boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň, il-ýurt bähbitli ýörelgeleriniň beren guwandyryjy miwesidir. Şeýle üstünliklere beslenen ýylda welaýatymyzyň ykdysadyýetiniň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan senagatda, gurluşykda, oba hojalygynda we beýleki pudaklarda ýetilen sepgitler hem munuň aýdyň mysalydyr. Çünki şu döwrüň dowamynda gaýratly zähmet çeken senagat işgärlerimiz, gurluşykçylarymyz, telekeçilerimiz, kärendeçi daýhanlarymyz özleriniň ussatlyklaryny, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şonuň netijesinde-de, uly möçberlerde senagat, gurluşyk, oba hojalyk önümleri öndürilip, täze ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş desgalarynyň gurluşygy öndürijilikli dowam etdirildi. Şeýlelikde, ýurdumyzda halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere mynasyp goşant goşuldy.

Geçen ýylda welaýatymyzda müňlerçe tonna «ak altyn», bugdaý, şaly, pile, gök-bakja hasyly ýetişdirildi hem-de öz wagtynda ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyryldy. Bu babatda ezber kärendeçi daýhanlaryň, şalyçylaryň, pileçileriň, ekerançylaryň köp sanlysynyň aýratyn görelde görkezendikleri bellenilmäge mynasypdyr. Olaryň ençemesiniň ýokary döwlet sylaglary, hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylmagy munuň şeýledigini tassyklaýar.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar