Ýüňüň hili özümize bagly

9 Ýanwar 2024
405

Biziň ata-babalarymyz tarapyndan döredilen saryja tohumly goýunlar özünde gymmatly biologiki hem-de hojalyk ähmiýetli aýratynlyklary jemleýär. Garagumuň öri meýdan şertlerinde kemala gelen saryja goýunlary haly dokamakda giňden ulanylýan ýarym irimçik ak ýüňi hem-de ýokary hilli et-ýag önümini berýär. Saryja goýunlarynyň ýarym irimçik, ak reňkli, uzyn sütükli, ýumşak, çeýeligi ýeterlik bolan ýüňi haly dokamak üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär. Dünýä belli türkmen halylarynyň berkligi, reňk aýratynlyklary, nagyşlarynyň aýdyňlygy, nepisligi, saryja tohumly goýunlaryň ýüňüniň hili bilen gönüden-göni baglydyr.

Saryja goýunlarynyň ýarym irimçik ak ýüňi, esasan, sütükden (75 – 85 göterim), aralyk süýümden (15 – 20 göterim) hem-de irimçik süýümlerden (5 göterime çenli) ybaratdyr. Biziň geçiren ylmy-barlaglarymyzyň netijeleri saryja goýnuň ýüňünde sütügiň ýogynlygynyň 18 – 22, aralyk süýümiň 38 – 43, irimçik süýümiň 58 – 63 mikrometre barabardygyny görkezdi. Bu goýunlaryň ýaz ýüňüniň umumy uzynlygy ortaça 15 – 18, sütüginiňki bolsa 7 – 8 santimetre barabar bolup, ol, esasan, haly senagatynda ulanylýar, ondan nepis türkmen halylary dokalýar. Ýaz ýüňünden dokalan halylar girmeýär we reňk öwüşginlerini uzak wagtlap saklaýar. Ýüňüň ak reňkde bolmagy ony dürli reňklere boýamaga mümkinçilik berýär.

Täzegül SEÝITMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkeziniň «Ýüň we deri çig malynyň hilini kesgitleýiş» barlaghanasynyň başlygy.
Beýleki habarlar