Täjigistan 178 müň tonna oba hojalyk önümlerini eksport etdi

14 Ýanwar 2024
253

Täjigistan 2023-nji ýylda 178 müň tonna oba hojalyk önümlerini daşarky bazarlara iberdi. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 13 müň tonna azdyr. Ýurduň oba hojalyk eksportynyň azalmagynyň esasy sebäbi ýylyň başyndaky aşa sowuk howa bolup, şol aýaz ýurtdaky üzüm hasylynyň 60 göterim azalmagyna getirdi.

Täjigistanyň Hökümetiniň ýanyndaky Eksport agentliginiň maglumatlaryna görä, geçen ýylda ýurduň daşarky bazarlara iberen miweleriniň 83,3 müň tonnasy gury iýmişler, 27 müň tonnadan gowragy ter miwelerdir.

Taýýarlan: Berdimyrat DURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar