Bugdaý maýsalary tolkun atýar

11 Ýanwar 2024
376

Halaç etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly üstünliklere beslemek üçin irgözinden işe girişdiler.

Pagta we bugdaý taýýarlamakda mydama öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýan bu hojalykda geçen güýzde 1125 gektara bugdaýyň «Alekseiç» sorty ekilip, şu ýyl 3050 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Hojalygyň baş agronomy Begenç Kiçiýew bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol: “Bugdaý tohumynyň Russiýadan satyn alnan bu görnüşi örän hasyllylygy bilen tapawutlanýar. Idegini ýetirseň, ol 60 — 70 sentnere çenli hasyl berip bilýär. Şonuň üçin şu günler biz maýsalap tolkun atýan bugdaýly meýdanlary dökünlemek, suwarmak işlerini utgaşykly alyp barýarys” diýip gürrüň berdi.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar