"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Suw - ýaşaýşyň gözbaşy

Berkararlyk bagty Bilşimiz ýaly, ata Watanymyzyň şöhratly ösüşleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem batly depginler bilen dowam edýär. Aýratyn hem, halkymyzyň asuda durmuşda bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmeklige gönükdirilen işleriň ýokary netijelere eýe bolýandygyny aýratyn bellemek gerek. Muňa mysal hökmünde şu ýylyň mart aýynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berlen Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň binalar toplumyny bellemek bolar. Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan Ýaşlyk suw arassalaýjy desganyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylyşa girizilmegi hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň bähbidine amal edilýän işleriň nobatdaky görkezijisine öwrüldi.

Gahrymanlar baky ýaşaýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgalyk durmuş mekdebini geçen ýaşuly nesillerimiziň — külli adamzadyň azatlygy we erkinligi ugrunda göreşe çykan, gije-gündiz zähmet çekip, şanly Ýeňşi ýakynlaşdyran edermen watandaşlarymyzyň mertebesini belent tutýarys.

Mertlere tagzym

Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, mertler Watany beýgeldýär. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşundan ençeme ýyl geçse-de, Watan üçin ýeňiş gazanmagyň ugrunda batyrgaýlyk görkezenleriň edermenligi, gahrymançylygy, olaryň yzynda maşgala ojagyny saklap galan zenanlaryň zähmetsöýerligi hakydalardan çykmaýar, unudylmaýar. Şol döwürde ýaşap geçen birnäçe şahyrlarymyz öz döredijiligi bilen ähli halkymyzy Beýik Ýeňşe ruhlandyrdy. Olar diňe tylda bolup geçen wakalary beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem, hakyky mert ýigitleriň, gahryman pederlerimiziň görkezen edermenliklerini, gelin-gyzlaryň hem-de ak saçly eneleriň dünýä nusgalyk zähmetsöýerligini şirin söz bilen äleme äşgär etdiler. Beýik Watançylyk urşuna eli ýaragly gatnaşan şahyr, zähmetiň hem çeper döredijiligiň weterany D.Haldurdynyň şygyrlary hem muňa aýdyň subutnamadyr. Şahyryň «Dostumyň ýadygärligine», «Ak ýektaýly gyz», «Bize batyr halkyň perzendi diýrler», «Öň hatarda» diýen goşgulary söweş meýdanynyň gahrymançylygyny açyp görkezýär. Şahyr Nurberdi Pommanyň «Watanym», «Illerimize», «Ilimiz», «Biz ýeňeris» ýaly goşgulary hem watançylygyň mukaddesdigini teswirleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanyndan mähriban pederi Mälikguly Berdimuhamedowyň jöwher z

Bagtyýarlygyň Diýary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen mähriban halkymyz öz aýdyň ertirlerini, şöhratly geljegini gurýar. Muny durmuşymyzyň döwrebap özgertmelerinde, alnyp barylýan beýik işlerde has aýdyň duýýarys. Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgesidir. Häzirki wagtda milli ruhda terbiýe alýan ýaşlarymyz Watana wepaly, kämil şahsyýetler bolup ýetişýärler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda biz — ýaşlara ukyp-başarnygymyzy açyp görkezmäge we ýurdumyzda alnyp barylýan Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Iň gowy asylly ýörelgeler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýär. Watanyň goragy bolsa mukaddesligiň goragydyr. Watanymyzyň mukaddesligi Garaşsyzlygymyz hem-de hemişelik Bitaraplygymyz bilen aýrylmaz baglydyr.

Edermenligiň nusgasy

Golaýda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Oňa uruş weteranlarydyr tylda zähmet çekenler, harby gullukçylar, ýaşuly nesliň wekilleridir ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ata Watan, il-ýurt, maşgala ynsan üçin mukaddeslikdir. 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda janyny orta goýup söweşen gahrymanlarymyz şol mukaddeslikleri nähili söýmelidigini, ezizlemelidigini görkezdiler. Pajygaly uruşda mert durup, ynam bilen ýetilen Beýik Ýeňşiň gymmatyny hiç zat bilen deňäp bolmaz. Olaryň görkezen deňsiz-taýsyz edermenligi bu günki nesilleriň ýüreginde müdimilik ýaşaýar.

Ahal welaýatynda döwrebap täze desgalar açylyp ulanylmaga berildi

Şu gün 8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky täze, möhüm desgalaryň — ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan agyz suw arassalaýjy desganyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Açylyş dabarasynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ugurdaş kompaniýasy tarapyndan Bäherden sement zawodynyň 2-nji tapgyrynda ýerine ýetirilen inženerçilik işleriniň we oturdylan enjamlaryň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänama gowşuryldy.

Gözelligiň dürdänesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyz Aşgabady dünýäniň iň gözel, arassa, ýaşamak üçin amatly şäherleriň birine öwürmek ugrunda alnyp barylýan beýik işler uly üstünliklere beslenýär. Merjen şäherimiz günsaýyn özgerýär, gözelleşýär. Hormatly Prezidentimiz: «Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolmalydyr, şäheriň çäklerindäki gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek zerurdyr» diýip belleýär. Hawa, ak şäherimiz bu gün özüniň sergin howasy, arassa seýilgähleri, owadan binalary bilen göreni haýrana goýýar. Hormatly ­Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde ­«Pähim- paýhas ummany ­Magtymguly ­Pyragy» ýylynda hem paýtagtymyz üstünlikli dowam etdirilýän düýpli gurluşyklary, badalga berilýän täsin iri taslamalary bilen ösdürilýär. Hut, şu nukdaýnazardan, raýatlarymyzyň abadançylygynyň, eşretli ýaşaýşynyň, amatly iş gurşawynyň, şeýle hem ruhy dünýäsiniň sagdynlygynyň esasy orun­da durýandygy buýsandyryjydyr. Paýtagtymyzyň çäklerinde gurul­ýan we gurlup ulanylmaga berilýän binadyr desgalaryň kaşaňlygy, işlemek we ýaşamak üçin amatlylygy bilen bir hatarda, onuň daş-töwereginiň bezeg aýratynlyklary, şol sanda suw çüwdürimleriniň, gülleriň we baglaryň sazla

Aşgabat — ajaýyp mukam

Gözelligiň gaýtalanmajak nusgasy, görenleri haýrana goýýan, hemmeleriň göwün isleginiň, arzuwlarynyň hasyl bolýan ýeri bolan ak şäherimiz Aşgabat bu gün ajaýyplygy bilen dünýäde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ak şäherimiz Aşgabat beýik ösüşlere beslenýär. Paýtagtymyz özüniň milli binagärlik däpleri, ak mermerli binalary, ekologik arassalygy, suw çüwdürimleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen görenleri özüne bendi edýär. Bu bolsa halkymyzyň göwnüni galkyndyrýar we ýüreklerini buýsandyrýar. Çünki Aşgabat şäheri ýurdumyzyň ýüregi, halkymyzyň arzuw-islegidir. Ol Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny we dünýä bileleşigindäki ornuny has-da dabaralandyrýar. Ak mermerli paýtagtymyz häzirki wagtda sebitde we yklymda adamlaryň oňaýly ýaşaýşyny, durmuşyň ýokary derejesini, öndürijilikli zähmeti we göwnejaý dynç alşy üpjün edýän şäherleriň hatarynda tanalýar. Aşgabat şäheriniň gözel keşbinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ýeten belent derejeleri aýdyň duýulýar.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdede hamallaryň işleriniň ýokary netijesi olaryň ynamly hereketlerine bagly bolar. Meýilnamalaryňyz babatda pikirleriňizi we garaýyşlaryňyzy çäklendirmäň! Gerek ýerinde töwekgelçilikli hereketlere taýýarlykly boluň!

Merdanalygyň görelde mekdebi

Watan ugrundaky söweşlerde batyrlygyň, merdanalygyň belent nusgasyny görkezen pederlerimiziň gahrymançylygy öçmejek şöhrata eýedir. Olaryň sarpasyny saklamak we şöhratyny ebedileşdirmek bolsa biziň her birimiz üçin mukaddes borç we belent mertebedir. Aýratyn hem, XX asyryň ortasynda adamzat taryhynda iň pajygaly waka hökmünde yz goýan 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gaýduwsyzlyk görkezen gerçeklerimiziň edermenligi watansöýüjiligiň belent nusgasy bolup hakydalarda müdimilik ýaşaýar. Biziň zähmet çekýän ojagymyz hem şeýle il ogullarynyň gahrymançylykly durmuş ýolunyň iň köp ýatlanylýan ýerleriniň biridir. Muzeýimizde şol ýalynly ýyllary gözi bilen görüp, egni bilen çeken gahrymanlaryň edermenliklerine şaýatlyk edýän taryhy maglumatlaryň we esbaplaryň uly toplumy ýerleşýär. Şöhratly pederlerimiziň beýik gahrymançylygyny beýan edýän gymmatlyklaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny-da bellemek gerek. Geçen ýylda olaryň sany 3390 bolan bolsa, häzirki wagtda ildeşlerimiziň kömegi bolan olaryň üsti ýetirilip, sany 3500-e golaýlady.

Kalbymyzda baky ýaşaýar

Watana söýgi ähli duýgularyň iň arzylysydyr. Taryhda türkmen halky ata Watanyny, ene topragyny jany-teni bilen söýüp, ony gözüniň göreji deýin gorapdyr. Bu mukaddes toprakda ýürekleri Watan diýip urýan Togruldyr Çagry begler, Alp Arslandyr Görogly beg... ýaşap geçipdir. Olar Watana gulluk etmegiň, ony goramagyň beýik nusgasyny görkezipdirler. Watany goran, oňa hyzmat eden gerçekler bakydyr, olaryň geçen şöhratly ýoly her birimiz üçin nusgalyk mekdepdir. Watan üçin söweşen gerçeklerimize Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly hormat goýulýar. 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda söweş meýdanynda gaýduwsyzlyk, edermenlik görkezen türkmen esgerleri, tylda ýeňiş üçin ýadawsyz zähmet çeken ildeşlerimiz döwletimiz tarapyndan hatyralanylýar. Ýeňiş gününiň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-köpçülik çäreleri ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Aradan köp ýyl geçen hem bolsa, şol ýalynly ýyllarda görkezilen gahrymançylyk biziň kalplarymyzda hemişelik ýaşaýar. Bu ýatlamalar gahrymanlarymyza buýsanç duýgusyny döredýär.

Ýatda galyjy agşam

Ýakynda TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Umumygoşun fakultetiniň Bronetank ýaraglary we tehnikalary kafedrasy tarapyndan 2-nji ýyl harby talyplar bilen, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli, «Ýeňiş baýramy — gahrymançylygyň baýramy» atly terbiýeçilik agşamy guraldy. Agşamyň barşynda harby talyplar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryndan parasatly watançylyk jümleleri bilen çykyş etdiler. Olar «Kitap paýhas çeşmesidir», «Gahrymanlar ebedi ýaşaýarlar», «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» ýaly bölümçeler boýunça-da öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Toparlara bölünip geçirilen agşamda öwrenilýän harby tehnikalaryň gurluşyna we ulanylyşyna degişli sowal-jogaplar alşyldy, amaly hereketli kadalar ýerine ýetirildi, goşgy setirleriniň we suratlaryň üsti bilen Ýeňiş gününi, şol bir wagtda hem uruş weteranlarymyzy wasp etdiler. Bu agşamda harby talyplaryň watançylyk we millilik duýgularyny ösdürmäge, okap özleşdirýän derslerine bolan işjeňliklerini ýokarlandyrmaga, harby hünärlerini berkitmäge aýratyn üns berildi. Harby talyplardan Begenç Babamyradow, Allanazar Saparow, Süleýman Söýegow dagy terbiýeçilik agşamyna has-da işjeň gatnaşyp, sagbolsunlara mynasyp boldu

Edermenligiň beýik nusgasy

Ýurdumyzda her ýyl 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni uly ruhubelentlik bilen giňden bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk Watan üçin edermenligiň beýik nusgasyny görkezmek bilen gazanylan Beýik Ýeňşiň, parahatçylygyň hem-de Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmatyny artdyrýar. Beýik Ýeňşe 79 ýyl doldy. Emma henizem şol gazaply söweş halkymyzyň hakydasyndan gidenok. Ol pajygaly aýylganç günleri unutmak asla mümkin däl. Geçen asyryň taryhyna iň aýylganç jeň bolup giren 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Watan üçin diňe ýeňiş hökmandy. Ähli halk bilen birlikde, türkmen milleti üçin hem bu uruş agyr we ýowuz synag boldy. Şol ýyllaryň dowamynda halkymyzyň merdi-merdanalygy, watansöýüjiligi, agzybirligi, ynsanperwerligi bu synagdan üstünlikli geçdi. Beýik Watançylyk urşunda türkmen esgerleri mertligiň, edermenligiň, gahrymançylygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Şol gahrymanlaryň arasynda ilkinjileriň hatarynda edermenligiň ýokary nusgasyny görkezen Gahryman Arkadagymyzyň atasy, ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň bolmagy uly buýsançdyr. Berdimuhamet aga uruşda ýaralanyp, dogduk Diýaryna gelenden soň hem ýaş nesle bilim-terbiýe bermek işini dowam etdirýär,

Bagta rowan menziller

Ata Watanymyz gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeler barha okgunly häsiýete eýe bolýar. Oňyn netijeleriň gazanylmagynda ýurdumyzyň ýol-ulag düzümi möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Bu möhüm ulgamyň soňky ýyllarda uly ösüşlere eýe bolýandygy bellärliklidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gahryman Arkadagymyzyň gurmak, döretmek ýaly ilhalar ýörelgelerine eýermek bilen, halkara ülňülerine laýyk gelýän awtomobil ýollaryny gurdurýar. Muňa hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen şu ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylmagy hem aýdyň mysallaryň biridir. Täze ýoluň ugrunda gurlan döwrebap binalaryň ählisi sürüjiler we ýolagçylar üçin zerur amatly şertleri özünde jemleýär. Bu döwrebap ýol uzak aralygy gysga wagtda geçmäge mümkinçilik berýär. Şonuň netijesinde ýolagçylaryň we ýükleriň bökdençsiz gatnawy üpjün edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýerlikli belleýşi ýaly, bu ýoluň gurluşygynyň doly tamamlanmagy Türkmenistanyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga şert döreder. Bu bolsa, öz gezeginde, milli ykdysadyýetimiziň ösmegine uly itergi berer.

Bagtyýarlyk döwrüniň enesi

Ýaşlarymyza ýurdumyzyň ýagty geljegi ynanylýar. Bu babatda bolsa ýaşlarymyza ýaşulularymyzyň maslahaty gerek. Bu günki günlerde hem Diýarymyzyň ähli künjeklerinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle çärelerde çykyş edýän paýhasly gojalarymyz, ak gyňaçly enelerimiz ýaş nesillerimize öz bagtly günleriniň gadyryny bilmegi, şeýle ajaýyp döwrüň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy nesihat edýär. Biz hem şeýle mähribanlarymyzyň biri, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Boroşly obasynyň ýaşaýjysy, «1941 — 1945 ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 50 ýyllygyna», «1941 — 1945 ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» atly ýubileý medallarynyň eýesi, bagtyýarlyk döwrüniň enesi Akja DURDYÝEWA bilen gürrüňdeş bolduk: — Uruş başlan ýyllary ýaşlyk uçurlarymyza gabat geldi. Galagoply günleriň pajygasy obamyzyň ýedi ýaşlysyndan ýetmiş ýaşlysyna çenli bar kişini külpetli ýatlamalaryň goýnuna atardy. Erkek kişileriň köpüsi Beýik Watançylyk urşuna meýletinlik bilen gitdi. Obada galan zenan maşgalalar hem köp kynçylyklara sezewar boldular. Bir döwüm çörege zar bolup, gözýaş dök

Watana baglanan ykbal

Watana bolan söýgüsi kalplaryna siňen ynsanlaryň ömür ýollary üýtgeşik hem nusgalykdyr. Şeýle ykbally gerçekleriň biri Alimjan Abaliýew hem 1926-njy ýylyň 4-nji maýynda Mary şäherinde eneden dogulýar. Ol şäherdäki mekdebiň 7-nji synpyny tamamlanyndan soňra, Gulbaba adyndaky sazçylyk mekdebinde dutar çalmagyň inçe syrlaryny öwrenýär. 1941-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen ençeme türkmen ogullary arza ýazyp, meýletin urşa gidýärler. Özüniň ýaşdygyna garamazdan, Alimjan Abaliýew hem harby wekillige baryp, urşa alyp gitmeklerini teklip edýär. Emma ony ýaşynyň kiçidigi üçin urşa almaýarlar. Soňra wagtyň geçmegi bilen Alimjan Abaliýew urşa gitmek maksady bilen, özüniň dostlary bilen 1943-nji ýylyň awgust aýynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine barýar hem-de şol ýerden fronta ugradylýar. Alimjanyň ilkinji söweş ýoly Wengriýa döwletinde başlanýar. Şol ýerde hem oňa «Edermenligi üçin» diýen ilkinji medal berilýär. 1944-nji ýylda söweşiň aldym-berdimli pursatlarynda Alimjan Abaliýewe duşmandan ýesir alyp gelmek üçin ýörite tabşyryk berilýär. Özüne buýrulan ýumşy başarjaňlyk bilen bitiren ildeşimiz, gullukdaş ýoldaşlaryna görelde görkezmegi başarýar.

Saglyk — abatlyk

Jemgyýetiň her bir ulgamynyň ösüşi, ilki bilen, adamlaryň saglygyndan başlanýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseriniň bir bölümini «Saglyk — abatlyk» diýen anyk kesgitlemäniň esasynda beýan edýär. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň binýadyny berkden tutan pederlerimiz «Ähli zadyň sakasy — saglyk», «Saglyk — başyň täji» diýen öwüt-nesihatyň many-mazmunynda saglygyň ynsan üçin eşretli ýaşaýşyň egsilmez çeşmesidigini ündäpdirler. Çünki durmuşyň gymmaty saglykdadyr. Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýüzlenip görenimizde-de, adamlaryň beden, ruhy saglygy hem-de jemgyýetiň sagdynlygy bilen bagly öwüt-ündewlere, pelsepewi pikirlere ýugrulan ençeme goşgy setirlerine gabat gelýärsiň. Dana şahyr goşgy setirleriniň birinde: «Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy, // Agşam ýatyp, ertir şükrün kyl ýagşy» diýip, ynsan üçin saglygyň näderejede zerurdygyny nygtaýar.

Pyragynyň arzuw edip isläni — parahatlyk gurşap alsyn dünýäni!

Çärýek asyrdan geçen ýyllar içinde ýurdumyz tanalmaz derejede ösdi, özgerdi. Bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň nygmaty. Emma taryhyň sahypalaryna ser salanyňda halkyň aňynda öçmejek yz goýan hasratly ýyllara hem gabat gelmek bolýar. Şeýle ýyllaryň biri-de — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gabat gelen ýyllar. Şol döwürde diňe bir urşa gatnaşyjylar däl, eýsem, tylda galyp zähmet çekenler hem köp kynçylyklara sezewar boldular. Biz hem şol döwürde halkyň derdini gerdeni bilen deň çekişen zenan — Köneürgenç etrabynyň Galkynyş geňeşliginiň ýaşaýjysy, 7 perzendiň, 34 agtygyň we 9 çowlugyň enesi Ýaňyl TAGANOWA bilen gürrüňdeş bolduk: — Ol ýyllar iň agyr, iň kyn ýyllardy. Obada ýaş çagaly aýallar we garrylar galypdy. Ähli erkek adamlar uruşda bolansoň, bar işler özümize galypdy. Uruş başlanan ýyllarynda men entek ýaşajyk gyzjagazdym. Bir bölek çörek tapmak kyn hem bolsa, göwnümizde bir ynanç, bir güýç ýaşaýardy: «Hökman, uruş tamamlanar we gidenler sag-aman geler». Biz şu günki bagtly döwri arzuw edip ýaşadyk. Şol arzuw bilen gündizler depäňi gaýnadýan yssyda ýadawlygy bilmän zähmet çekerdik. Gijeler nurana Aýyň ýagtysyna obanyň gelin-gyzlary bilen dokma dokardyk, jorap örerdik.

Hakydada ýaşaýan Watançy

Ýeňiş güni diýilse, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň ýatdan çykmajak wakalary göz öňüňe gelýär. Onda türkmen gerçekleri hem Watan üçin janlaryny orta goýup, gahrymançylyk görkezdiler. Edermen we gaýduwsyz ýigitlerimiz aňzakly aýazlarda buz ýassanyp, gar düşenip, duşmanlara gahrymançylyk bilen gaýtawul berdiler. Ine, hakydamyzda galan şeýle Watan goragçylarynyň biri hem Juma Aýdogdyýewdir. Ol 1919-njy ýylda häzirki Ahalyň dag eteginde ýerleşýän Artyk obasynda dünýä inýär. Türkmeniň ilkinji ýokary bilimli wekili bolan Artykgül Teke gyzynyň Artyk obasynda gurduran mekdebiniň 1-nji synpyna okuwa barýar. Okuwdan boş wagtlary ata-enesine öý we kolhoz hojalygynda ýardam berýär. Obasyndaky mekdebiň ýedinji synpyny tamamlansoň, okuwly-hünärli bolmak isleg-arzuwy, ony ata-babalarynyň gadymy mekany bolan, Aşgabat şäherindäki şol wagtky kooperatiw tehnikumyna okuwa alyp gelýär. Tehnikumy üstünlikli tamamlap, ýörite orta bilimli hünäriň eýesi bolýar. Galagoply döwrüň pidasy bolan Aýdogdy aganyň maşgalasy Baýramaly şäherine göçmeli bolýar. Oguldursun ene nowbahar ogly Juma bilen maşgalanyň keşigini bile çekýärler. 1939-njy ýylyň oktýabrynda Juma Aýdogdyýew Baýramaly şäheriniň harby wekilligi tarapyndan çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylýar. Soňra 1

Peder ýoly — görelde mekdebi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Häzirki wagtda ýaşlara «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar» diýip belleýär. Hakykatdan-da, merdana pederlerimiziň taryhyň dürli döwürlerinde Watany söýmegiň we goramagyň belent nusgasyny görkezen ömür ýollary biziň ählimiz üçin görelde mekdebidir. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda türkmenistanly gerçekler hem beýlekiler bilen deň hatarda urşuň ilkinji günlerinden başlap, edermenlik, gaýduwsyzlyk bilen söweşip, özleriniň gahrymançylygyny birkemsiz görkezdiler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen dabaralanýan üstümizdäki ýylda Beýik Ýeňşe 79 ýyl doldy. Ýarym asyrdan-da köp wagtyň geçendigine garamazdan, urşuň ýüreklere salan yzasy henizlerem ýitenok. Adamzat taryhyna öçmez sahypa bolup giren Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen esgerleriniň müňlerçesi mertlerçe söweşdiler, ençemesi bolsa ýeňiş bilen sag-aman ojaklaryna dolandylar.