Merdanalygyň görelde mekdebi

8 Maý 2024
478

Watan ugrundaky söweşlerde batyrlygyň, merdanalygyň belent nusgasyny görkezen pederlerimiziň gahrymançylygy öçmejek şöhrata eýedir. Olaryň sarpasyny saklamak we şöhratyny ebedileşdirmek bolsa biziň her birimiz üçin mukaddes borç we belent mertebedir.

Aýratyn hem, XX asyryň ortasynda adamzat taryhynda iň pajygaly waka hökmünde yz goýan 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gaýduwsyzlyk görkezen gerçeklerimiziň edermenligi watansöýüjiligiň belent nusgasy bolup hakydalarda müdimilik ýaşaýar. Biziň zähmet çekýän ojagymyz hem şeýle il ogullarynyň gahrymançylykly durmuş ýolunyň iň köp ýatlanylýan ýerleriniň biridir. Muzeýimizde şol ýalynly ýyllary gözi bilen görüp, egni bilen çeken gahrymanlaryň edermenliklerine şaýatlyk edýän taryhy maglumatlaryň we esbaplaryň uly toplumy ýerleşýär. Şöhratly pederlerimiziň beýik gahrymançylygyny beýan edýän gymmatlyklaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny-da bellemek gerek. Geçen ýylda olaryň sany 3390 bolan bolsa, häzirki wagtda ildeşlerimiziň kömegi bolan olaryň üsti ýetirilip, sany 3500-e golaýlady.

Gözel EMINOWA,
Türkmenabat şäherindäki Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň ylmy işgäri.